Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə10/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   131
fizika 6 turkman

Amaly ýumuş
Fizika kitabyňyzyň bir listiniň galyňlygyny anyklaň. (Kömek: 
100 listiň galyňlygy çyzgyç bilen ölçelýär. Netije 100-e bölünýär.)
7- nji TEMA
ÖLÇEMEK WE ÖLÇEG TAKYKLYGY
Biz käbir fiziki ululygy ölçemekçi bolsak, degişli esbapdan 
peýdalanýarys. Ölçeg esbaplarynda ölçelýän ululygy görkezýän 
şkalasy bolýar (2-nji suratdaky çyzgyç, sekundomer, ştangensirkul, 
menzurka). şkalada ştrihler çyzylan bolup, olardan käbirleriniň 
garşysyna sifrler ýazylan. Sifrler ýazylan iki goňşy ştrihiň arasynda 
birnäçe sifrsiz, ýöne kiçi ölçegdäki ştrihler çyzylan bolýar. Ynha 
şu iki goňşy ştrihiň aralygyna 
şkalanyň derejesi
diýilýär. Ölçeg 
esbabyndaky şu iň kiçi dereje 
esbabyň ölçeg takyklygy
diýilýär.
Esbabyň 
şkalasynyň 
derejesini 
kesgitlemek 
üçin 
esbabyň 
şkalasyndaky iki goňşy fiziki ululygyň tapawudy alnyp, olaryň 
arasyndaky bölünen aralyklaryň sanyna bölünýär. Meselem, çyzgyç-


15
daky ştrihde «1 sm» we «2 sm» diýip ýazylan. Olaryň arasynda 10 sany 
ýazylmadyk çyzyjaklar bar. Diýmek, çyzgyjyň şkalasynyň derejesi
2
1
10
sm sm

= 0,1 sm. 
Çyzgyçdaky çyzyjak we sifrler 
çyzgyjyň şkalasyny
, goňşy 
iki çyzyjagyň aralygy 
ölçeg takyklygyny
görkezýär. Çyzgyç bilen ölçemek mümkin 
bolan iň uly aralyga
 ölçeg çägi 
diýilýär.
Käbir ululygy ölçemezden öň ölçelýän ululyk ölçeg esbabynyň 
mümkinçiligi bilen deňeşdirilýär. Meselem, galamyň ýa-da ruçkanyň 
uzynlygyny ölçemek gerek bolsa, ony ölçemäge ýönekeý okuwçylar 
çyzgyjynyň mümkinçiligi ýeterli bolýar. Çünki onuň ölçeg çägi 
galamyň ýa-da ruçkanyň uzynlygyndan uly. Ýöne şeýle ölçände-de 
ýalňyşlyk bolýar. Ölçeg wagtynda şeýle ýalňyşlyk ölçelýän ululyk iki 
goňşy çyzygyň aralygyna gabat gelmeginden emele gelýär. Fizikada 
ölçeg döwründe goýberilýän anyk dällige 

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin