Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə18/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   131
fizika 6 turkman

Amaly ýumuş
1. Stakana suw guýuň we oňa haýal ereýän gandyň bölegini 
taşlaň. Suwy aralaşdyrmazdan ony ýuwaş-ýuwaşdan dadyp görüň. 
Wagtyň geçmegi bilen onuň şirinligi üýtgeýändigini anyklaň.
2. Käsä gyzgyn çaý guýup, oňa çaý çemçesinde şeker salyp 
aralaşdyryň. Ýuwaş-ýuwaşdan az-azdan ýene şeker salyp, onuň çaýda 
ereýşine syn ediň. Şekeriň mälim mukdaryndan soňky şeker eremän 
galýar. Sebäbi barada pikirleriniň.


26
1. Diffuziýa hadysasynyň sebäbi nämede?
2. Näme üçin temperaturanyň artmagy bilen diffuziýanyň geçişi 
çalt lanýar?
3. Gazlar, suwuklyklar we gaty jisimlerde görmek bolýan 
diffuziýa hadysasy na mysallar getiriň.
4. Özara aralaşmaýan suwuklyklary bilýärsiňizmi?
12-nji TEMA
GATY JISIMLERI
Ň, SUWUKLYKLARYŇ
WE GAZLARYŇ MOLEKULÝAR GURLUŞY
Sowuk gyş günlerinde howuzlaryň, kölleriň we ýaplaryň suwy 
doňýar. Ýazda, tersine, howuzdaky suw kop saklansa gurap galýar. 
Şonda suw buga öwrülýär. Tebigatda suw üç halatda duşýar. Gaty 
buz halatynda, suwuk – suw we gaz şeklinde – bug halatynda 
bolýar. Diýmek, bug, suw we buz birmeňzeş molekulalardan 
düzülendir. Olar diňe molekulalaryň özara ýerleşişi we hereketi 
bilen tapawutlanýar. Bug aýry-aýry molekulalardan düzülen bolup, 
dyngysyz we tertipsiz hereket edýär. Şu sebäpli suwuň üstünden 
göterlen bug howa aňsat aralaşýar. Howanyň düzüminde hemişe 
suw buglary bolýar. Şeýle hem howada kislorod, kömürturşy gazy 
ýaly beýleki gazlar hem bar. Olaryň molekulalary hem dyngysyz we 
tertipsiz hereketde bolýar. Äpişgäniň ýarygyndan düşen ýagtylyga 
gapdaldan seretseňiz howadaky maýda tozan bölejikleriniň hem 
dyngysyz we tertipsiz hereket edýändigini görmek bolar. Olaryň 
beýle hereketi howadaky dürli gazlaryň molekulalary bilen dyngysyz 
çaknyşýanlygy üçindir. Ýel berilýän ýuka şarjagazy birneme çişirip, 
agzyny mäkäm daňalyň. Ony el bilen gyssak, kiçelýändigini görýäris. 
Diýmek, gazy gysmak mümkin eken. Iki sany ýuka şary alyp, birine 
haýsy-da bolsa bir turbajyk arkaly ýel bereliň. Soňra şarjagazyň 
özüni ýüp bilen mäkäm daňyp, turbajygyň ikinji ujuny başga ýel 
berilmedik şaryň agzyna mäkämläliň. Soňra birinji şarjagazyň 
agzyndaky daňylan ýüpi açyp goýbersek, howa turbajyk arkaly ikinji 
şarjagaza geçip ony çişirýär. (9-njy surat). Diýmek, gaz bir gapdan 
ikinjisine utgaşdyrylan turbajyk arkaly öz-özünden geçip bilýär. 
Gazy haýsy gaba salsak-da, şol gabyň şeklini doly eýeleýär. Gazlaryň 


27
molekulalarynyň arasyndaky aralyk molekulalaryň ölçeginden ortaça 
100–1000 esse uly. Beýle aralykda molekulalaryň özara dartyş güýji 
örän kiçi bolýar.
9-njy surat.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin