Maddany ň gurlu


Suwuklykdaky ýa-da gazdaky örän kiçi bölejikleriň dyngysyz



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə16/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   131
fizika 6 turkman

Suwuklykdaky ýa-da gazdaky örän kiçi bölejikleriň dyngysyz 
we tertipsiz hereketi ylma
Broun hereketi
ady bilen girdi.
Molekulalaryň dyngysyz we tertipsiz hereketde bolýanlygy üçin, 
näme üçin gaty jisim we suwuklyk aýry-aýry molekulalara bölünip 
dargap gitmeýär? Munuň sebäbi, olaryň arasynda özara dartyş 
güýçleri bardyr. Bu güýçler olary bir-birlerine baglap tutup durýarlar. 
Bu güýçleriň täsir sferasy nähili? Bir çöpi alyp döweliň. Indi olary 
bir-birine degrip näçe gaýymlasak-da ol bütin bolmaýar. Çünki çöpüň 
döwlen bölegindäki molekulalary ýeterli derejede ýakynlaşdyryp 
bolmaýar. Diýmek, molekulalaryň arasyndaky özara täsir güýji örän 
ýakyn aralykda ýüze çykýan eken. Bu aralyk molekulanyň ölçeglerine
örän ýakyn bolýar. Onda näme üçin plastilini, hamyry, sakgyjy bir-
birine degirsek ýapyşyp galýarlar. Çünki olardaky molekulalary 
ýeterli derejede ýakyn aralyga çenli golaýlaşdyrmak mümkin. Döwlen 
aýnany ýa-da käsäni ýelim bilen ýelmemek hem iki bölegiň arasynda 
galýan boş ýerleri dolduryp molekulýar güýçleriň täsir edýän halatyna 
getirmek bilen düşündirilýär. Metallaryň gyralaryny elektrik ýa-da 
gazyň kömeginde gyzdyryp eredilende bir-birine kebşirlenip galmagy 
hem molekulýar güýçler sebäplidir.
Amaly ýumuş
1. Çüýşe aýnadan ona golaý dörtburçluk şeklinde bölek gyrkyp 
bermegini ata-eneňizden ýa-da agalaryňyzdan soraň. Olardan biri 
ulurak bolsun. Olary öl esgi bilen arassalap bir-biriniň üstüne rejeläp 
goýuň. Iň üstüne ulusyny goýuň. Ulusyndan tutup göteriň. Şonda 
galanlary hem göteriler. Sebäbini düşündiriň.
2. Tarelka suw salyp çaýkap taşlaň. Tarelkanyň üsti öl bolýar. 
Soňra bir bölek sabyny alyp tarelka gaty basyň we bir-iki aýlaň. 
Sabyny göterseňiz, tarelka hem göterilýär. Sebäbini düşündiriň.


24
1. Näme üçin gaty we suwuk jisimler öz-özünden aýry-aýry 
molekulalara dargap gitmeýär?
2. Molekulalaryň arasynda diňe dartyş güýçleri däl, eýsem 
itekleýji güýçleriň hem bardygyny nähili hady salar görkezýär?
3. Howanyň molekulalarynyň arasynda özara täsir güýçleri 
barmy?

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin