18
GIRI
Ş
SÖHBETI
Adamlar iň gadymy döwürden başlap daş-töwereginde bar bolan
zatlardan – daragt, daş, toprak, suwdan peýdalanypdyrlar. Soňabaka
gazylyp alynýan peýdaly
zatlardan demir, miz, kümüş, altyn ýaly
metallary bölüp aýyrmagy öwrenipdirler. Olary goşup eredip bronza,
sink ýaly garyndylary alyp başlapdyrlar. Käbir ýagdaýlarda gylyç,
galkan ýaly uruş gurallary üçin
gaty material gerek bolsa, käte bezeg
hökmünde ulanmaga (täç, ýüzük we ş.m.) başga häsiýetlere eýe bolan
materiallar zerur bolupdyr. Olary almak üçin maddanyň gurluşyny
öwrenmekde tebigatda bar bolan materiallary köpräk ulanypdyrlar.
Şonuň bilen birlikde ynsan özüniň toplan bilimlerinden peýdalanyp,
gowy häsiýete eýe bolan emeli maddalary döredipdirler (plastmassalar,
polimerler we ş. m.). Beýle bilim we tejribä eýe
bolmak üçin
adamzadyň beýik akyldarlary müňlerçe ýyllaryň dowamynda zähmet
çekip, ylmy barlaglary alyp barypdyrlar.
Dostları ilə paylaş: