Maddany ň gurlu


-njy TEMA MOLEKULALARYŇ ÖZARA



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə15/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   131
fizika 6 turkman

10-njy TEMA
MOLEKULALARYŇ ÖZARA 
 
TÄSIRI WE HEREKETI. BROUN HEREKETI
Otagda atyryň agzyny açyp onuň bir damjasyny elimize ýa-da 
geýmimize damdyralyň. Bir sellemden soň onuň ysyny başgalar hem 
duýar. Gury naftalini berk gapdan alyp stola goýsak, onuň ysyny-da 
duýarys. Mälim bolşy ýaly, ysy duýmak üçin atyr ýa-da naftaliniň 
bölejikleri ýetip gelmelidir. Diýmek atyr ýa-da gury naftaliniň 
bölejiklerden düzülendiginden daşary bu bölejikler hereketde bolýan 
eken. Otag sowuk bolanda ondaky peje odun ýa-da kömür ýakýarys. 
Pejiň agzy berk ýapylan bolsa-da otag gyzýar. Peçdäki ýylylyk 
otagyň ähli nokatlaryna nähili ýetip barýar? Munda hem howanyň 
bölejikleriniň hereket etmegi netijesinde ýylylyk geçirilýär eken. 
Eger suwuklygy emele getirýän molekulalar hereketde bolmasa-
dy, derýalarda we ýaplarda suw akmazdy. Şeýlelikde, gazlarda, 
suwuklyklarda molekulalaryň hereket edýändiklerine göz ýetirdik. 
Gaty jisimlerde hem bölejikler hereketde bolýarmy? Munuň üçin 
aşakdaky tejribäni geçireliň (6-njy surat). Metaldan ýasalan şary 
alalyň. Simden şar degip geçer ýaly halka ýasaýarys. Halka arkaly 
şary birnäçe gezek geçirip görýäris. Şary gyzdyrýarys. Şondan soň 
halkadan şary geçirmekçi bolsak, geç meýär. Molekulalaryň hereketi 
sebäpli gyzan şar giňelýän eken. Şeýle sorag döreýär: maddalary 
düzýän bölejikler nähili hereketlenýär?
6-njy surat.
Bölejikleriň hereketine birinji bolup gözegçilik eden adam iňlis 
botanigi 
Robert Broun 
boldy. Ol 1827-nji ýylda göze görünmeýän 
gülüň tozanyny (
spora
– tohum) suwuklyga salýar we mikroskopda 
gözegçilik edýär. Gözegçilikleriň görkezişi ýaly, gül tozanynyň 


23
bölejikleri dyngysyz hereket edýärler. Olar üçin gijemi, gündizmi ýa-
da gyşmy, ýazmy barybir, hereket togtamaýan eken. Mundan başga-
da, bölejikleriň hereketi düýbünden tertipsizdir. Muny düşünmek 
üçin şeýle wakany göz öňüne getiriň. Ýel berlen birnäçe şarlary synp 
otagyna goýbereliň. Çagalar olary tutup oýnasynlar. Şonda gyzyl şar 
2 s dan soň nirede boljakdygyny aýdyp bilersiňizmi? Elbetde ýok. 
Çünki şarlaryň hereketi tötänleýin bolup, tertipsiz ýagdaýda bolýarlar. 
Şoň meňzeş, molekulalaryň hereketiniň tertipsizligi olaryň özara 
çaknyşmaklary sebäpli bolýan eken.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin