Maddany ň gurlu


Gaz hususy şekile we göwrüme eýe däldir



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə19/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   131
fizika 6 turkman

Gaz hususy şekile we göwrüme eýe däldir.
Suwuklyk haýsy-da bolsa bir gaba guýulsa, şol gabyň şeklini 
eýeleýär. Ýöne özüniň hususy göwrümini saklaýar. Dükanlarda 
sowuk içgileriň 1,5 
l
, 1
l
we 0,5 
l
lik gaplarda satylýandygyny 
gowy bilýärsiňiz. Awtomobiliň ýangyjy hem litrläp alynýar. 
Suwuklyklardaky molekulalar golaý ýerleşenligi üçin özara dartyş 
güýçleri duýarlykly bolýar. Şoňa görä-de öz göwrümini saklaýar. 
Ýöne agyrlygynyň täsirinde «süýnüp» gabyň şeklini alýar. 
Suwuklygyň molekulalarynyň arasyndaky dartyş güýji suwuklygyň 
şeklini saklap biler ýaly derejede uly däldir. Şeýle bolsa-da, 
suwuklygy gysmak örän kyn.
Bir tejribede suwy gysmak üçin ony gurşun gabyň içine guýup, 
agzy kebşirlenen. Şondan soň şary gysmak üçin ony agyr çekiç bilen 
urupdyrlar. Şonda suw gysylman, şary ýaryp çykypdyr.
Suwuklyk hususy göwrüme eýe, ýöne şekile eýe däldir.
Daş-töweregimizdäki köp zatlar gaty jisimlerden ybarat. 
Ruçka, parta, öý, maşyn we ş.m. Olaryň ählisi öz şekline eýedir. 
Olaryň şeklini üýtgetmek üçin uly güýç sarp etmek gerek bolýar. 
Gaty jisimlerdäki molekulalar (atomlar) suwuklyklara garanda hem 
ýakyn ýerleşýärler. Mundan başga-da olar 
tertip 
bilen ýerleşýär. 
Ýerleşýän ýerinde yrgyldap durýar.
10- njy surat.


28
Meselem, nahar duzyny alsak, onuň molekulasy NaCl, ýagny Na 
– natriý we Cl – hlor atomyndan düzülen. Atomlaryň özara ýerleşişi 
10-njy suratda görkezilen. Olar göni çyzyk bilen birleşdirilse, gözenek 
görnüşinde bolýar.
Atomlaryň ýerleşiş tertibi jisimiň gatylyk derejesini üýtgetmegi 
mümkin. Meselem, Siziň işleýän galamyňyz, kömür we juda gaty madda 
– almaz, brilliant birmeňzeş uglerod (C) atomlaryndan ybaratdyr. Ýöne 
ýerleşiş strukturasy dürlüçedir.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin