32
5. Tereziniň jamyna öl, hapa, gyzgyn jisimleri goýmak
mümkin
däl. Oňa suwuklygy göni guýmak, gapsyz saçylyp gidýän zatlary-da
(şeker, duz)goýmak bolmaýar.
6. Terezide diňe onuň pasportynda ýazylan ýükden artykmaç ýüki
çekmek bomaýar.
15-nji surat.
7. Kiçi massaly daşjagazlary diňe pinsetiň kömeginde gabyndan
alyp jama goýulýar.
Çünki el bilen tutulsa, eldäki nem we ýag
daşjagaza geçip, onuň massasyna täsir etmegi mümkin.
8. Jama goýlan daş ýeňil bolsa, oňa çenäp ýeňilräk daşdan başlap
goýmaly.
9. Terezi deňagramly ýagdaýyna gelip, strelkasy noly görkezse ýa-
da ol jamlaryň goýlan taraplarynyň görkeziji
uçlary bir göni yzyga
gelse, jamdaky daşlaryň massalarynyň jemi hasaplanyp ýazylyp
alynýar.
10. Terezide suwsyz boş stakanyň massasy
m
st.
çekilýär (15-nji
surat).
11. Stakany jamdan alyp, oňa mälim mukdarda suw salynýar.
12. Suwly stakany tereziniň jamyna goýup, massasy
m
st.suw
ölçenýär.
13.
m
suw
=
m
st.suw
m
st
formuladan stakandaky suwuň massasy
hasaplanýar.
Düşündiriş.
Eger ölçenýän jisimiň massasy sizde bar bolan iň
kiçi daş (20 mg) goýlanda-da agyr ýa-da ýeňil gelse, umumy
massa bitin edilip ýazylýar.
Meselem, 100 g + 20 g + 1 g +
+ 500 mg + 20 mg bolanda agyr, 100 g + 20 g + 1 g + 500 mg bolanda
ýeňil bolsa,
m
121,5 gram alynýar.
33
1.
Jisimler gyzdyrylanda olaryň massasy nähili üýtgeýär?
2. Näme sebäpden ryçagly terezide ölçemek, pružinaly terezide
ölçemäge garanda anygrak bolýar?
3. Gazyň massasyny nähili usulda ölçemek mümkinligi hakda
pikirleniň.
4. Jisimleriň inertligi diýende nämäni düşünýärsiňiz?
• Çybynyň massasy ~ 0,001 g.
• Piliň ýaňy doglan «bäbegi»niň massasy takmynan 100 kg.
• «NEXIÝA» awtomobiliniň massasy takmynan 1400 kg.
• Bir sany bugdaý dänesiniň massasy ≈ 0,01 g.
• Ýer massasy takmynan
1000
000
24
..........
sany
kg
.
• Günüň massasy talmynan
2000
000
30
..........
sany
kg
.
Dostları ilə paylaş: