Maddany ň gurlu


massa diýlip atlandyrylýan fiziki ululyk  oýlanyp tapylypdyr. Jisimiň inertlik häsiýetini görkezýän fiziki ululyga  jisimiň  massasy



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə21/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   131
fizika 6 turkman

massa
diýlip atlandyrylýan fiziki ululyk 
oýlanyp tapylypdyr. Jisimiň inertlik häsiýetini görkezýän fiziki ululyga 
jisimiň 
massasy
diýilýär. Jisimiň massasyny ölçemegiň usullary 
gaty kän. Şolardan hemmä mälimi, tereziniň kömeginde ölçemekdir. 
Amalyýetde ulanylýan tereziler dürli tipde bolýar: okuw, analitik
elekt ron we ş.m. 12-nji 
a
suratda okuw (jamly) terezi görkezilen. 
Ýokarda aýdylyşy ýaly, massanyň birligi 1 kilogram bolup, nusgasy 
Parižiň golaýyndaky Sewr diýen şäherçede saklanýar (11-nji surat).
11-nji surat.
Nusga silindr şeklinde bolup, beýikligi we diametri 39 mm 
töwereginde. Ondan 40 nusga taýýarlanyp, dürli 
ýurtlara ýýran.
Jisimiň massasynyň uly ýa-da kiçiligi on-
daky maddanyň ýa-da zatlaryň köp-kemligine 
bagly. Meselem, bir gap hozuň massasy bir halta 
hozuňkydan, 1 bedre suwuň massasy 1 käse 
suwuňkydan köp.
Zatlaryň we predmetleriň massasyny 1 kg-a 
görä uly we kiçi birliklerde hem ölçemek bolar.


30
1 tonna (t) 
=
 10 sentner (s) 
=
 1000 kg.
1 kg 
=
 1000 gram 
=
 1 000 000 milligram.
Jisim massasy terezide ölçelýär. Jisimiň massasyny ölçemek üçin 
onuň çep jamyna ölçelýän zat, sag jamyna çeküw daşlary goýulýar. 
Jama daşlar deňagramlaşýança saýlap goýulýar (12-nji surat).
13-nji surat.
 
a) 
b)
12-nji surat.
Şondan soň jama goýlan daşyň massalary goşup hasaplanýar.
Ryçagly terezide çekilen jisimiň massasy onuň gyzdyrylan ýa-
da sowadylandygyna, nirede we haçan ölçelendigine bagly däl. Şol 
sebäpli-de tejribelerde we hasaplamalarda berlen jisimiň massasy 
üýtgemeýän (
m
= const) diýlip seredilýär.
Köplenç bazarlarda gök önümleri pružinaly terezide ölçäp 
satýandygyna duşýarys (13-nji surat). Beýle tereziniň içinde 
pružina bolup, asylan ýüküň täsirinde sozulýar. Tereziniň görkezişi 
pružinanyň gaty-ýumşaklygyna, günüň yssy ýa-da sowuk bolmagyna, 
normadan artyk ýük asylanda sozulyp öňki ýagdaýyna gaýdyp 
barmaýandygyna bagly bolýar. Mundan başga-da ölçegiň, Ýeriň 
Demirgazyk polýusynda ýa-da ekwatora golaý ýerlerde alnyp 
barylandygyna bagly bolanlygy üçin anyk bolmaýar. Şonuň üçin 
jisimiň massasyny ryçagly ýa-da elektron terezide ölçäň!
Örän kiçi bölejikleri, hem-de ullakan jisimleriň (Aý, Gün) 
massalaryny gönüden-göni ölçäp bolmaýar. Olaryň massasy göni däl 
usullar bilen hasaplanyp tapylýar. Bu hakda ýokary synplarda okap 
öwrenersiňiz.
Amaly ýumuş
Öýde bir sany çöpden, ýüpden, bankanyň gapagyndan (ýa-
da baklaş kany gyrkyp) hem-de strelka üçin simiň böleginden 


31
peýdalanyp terezi ýasaň. Tereziniň daşlary hökmünde teňňelerden 
peýdalanyň.
1. Jisimiň massasy diýende nämä düşünýärsiňiz?
2. Haýsy terezide jisimiň massasy anyk ölçenýär: pruži-
naly terezidemi ýa-da ryçagly terezidemi? Jogabyňyzy 
esaslandyryň.
3. Üç sany teňňeden biri ýeňil. Şekli we görnüşi birmeňzeş bu 
teňňeler den haýsysy ýeňildigini daşsyz, jamly terezide bir 
gezek çekmek arkaly anyklamak mümkinmi?

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin