Amaly ýumuş Öýüňizden mekdebe çenli bolan aralygy ädimläp ölçäň. Ölçeg
lentasy ýa-da metriň kömeginde bir ädimiňiziň uzynlygyny
anyklaň. Bir ädimiň uzynlygyny, öýden mekdebe çenli bolan ädimleriň
sanyna köpeldip, aralygy metr lerde hasaplaň.
1. Aralygy mm we sm-lerde ölçemek amatly bolan ýag- daýlaryna mysallar getiriň. 2. Gündelik durmuşda geçilen ýoly ölçeg lentasy ýa-da metrden daşary ýene nähili gurallardan peýdalanyp ölçeýändiklerini bilýärsiňiz? 3. Bir hepde näçe sagat bolýar? • Iň kiçi atom ölçegi (wodorod atomy) 0,00000001 sm.
• Iň kiçi atom ýadrosynyň ölçegi 0,000000000001 sm.
• Ýerden
iň
ýakyn
ýyldyza
çenli
bolan
aralyk
≈ 10 000 000 000 000 000 km.
• Günden çykýan ýagtylygyň Ýere ýetip gelmegi üçin gidýän
wagt ≈ 8 min.
• Ýeriň Günüň töwereginde bir gerek doly aýlanýan wagty – 1 ýyl.
• Günden iň uzakda bolan Pluton planetasynyň aýlanýan wagty –
246 ýyl (Ýer ýyly hasabynda).
• Gün we onuň planetalarynyň ýaşy
4 700 000 000 ýyl hasaplanýar.
• Halkara birlikler sistemasy kabul edilýänçe dürli ýurtlarda
dürli ölçegler bolupdyr. Meselem, Angliýada we Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynda uzynlygyň aşakdaky birlikleri ulanylypdyr:
1 dýuým = 2,54 sm; 1 fut = 12 dýuým = 30,48 sm; 1 milýa = 1609 m;
1 deňiz milýasy = 1852 m. Russiýada: 1 werşok = 4,445 sm; 1 wersta =
1066,8 m; 1 arşin = 71 sm; 1 milýa = 7 wersta = 7467,6 m; 1 sažen =
= 3 arşin = 2,13 m. Merkezi Aziýada: 1 ädim
63–71 sm; 1 garyş
19–21sm; 1 çakyrym = 1066 m; 1 tutam
9 sm; 1 barmak
2,18–
2,28 sm; a) 1 farsah
1200 ädim» 8500 m; b) 1 farsah (farsaň)
9000 ädim
6000 m.
20-nji TEMA II