45
18-nji TEMA
JISIMLERIŇ MEHANIKI HEREKETI.
TRAÝEKTORIÝA
Siz fizika dersinde mugallymyňyzyň berýän sapagyny diňläp
otyrsyňyz. Mundan öň öýüňizden çykyp mekdebe geldiňiz. Siziň
oturan stoluňyz, mekdebiň jaýy bolsa bir ýerde dur. Äpişgeden
seretseňiz geçip barýan adamlary, awtomobilleri görersiňiz.
Olara
seredip käbirleriniň hereketde, käbirleri
bolsa hereketsiz, diýen netijä
gelýärsiňiz. Şeýle netijä gelmekde biz nämelere üns berdik? Her bir
zat ýa-da predmet berlen wagtda mälim bir ýerde bolýar. Meselem,
synpda siziň oturýan partaň gapydan 3 m uzaklykda ýerleşen.
Mygallym bolsa sizden 2 m uzaklykda otyr. Mugallym ýerinden turup
tagtanyň ýanyna bardy. Indi ol sizden 2,5 m uzaklykda. Diýmek,
mugallymyňyzyň synpda duran orny wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär.
Edil şeýle maşynlaryň hem size görä orny wagtyň
geçmegi bilen
üýtgeýändigi sebäpli olar hereketde diýen netijä gelýärsiňiz. Synpyň
diwarynyň orny bolsa üýtgemeýär. Olaryň hemmesiniň hereketini
mehaniki hereket
diýip atlandyrýarys.
Mehaniki hereket
diýip, jisimleriň wagtyň geçmegi bilen
giňişlikde ýerleşen ornunyň başga jisimlere görä üýtgemegine
aýdylýar.
Bu ýerde biz başga jisimler diýende daragty, binany, otlynyň
wagonynyň ýerini we ş.m.leri düşünýäris. Jisimiň ýagdaýynyň orny
hut şu saýlanan jisime görä wagtyň dowamynda seredilýändigi üçin
ony
sanaw jisimi
diýip atlandyrýarys. Saýlanan sanaw jisimi bir
jisime görä
hereketsiz bolsa, başga jisime görä hereketde bolmagy
mümkin. Meselem, sanaw jisimi hökmünde
Daşkent den Samarkanda
barýan otlyny alsak, onda adam otlynyň wagonyna görä hereketsiz
bolýar. Ýöne wagonyň özi ýere görä hereketde. Şu sebäpli jisimleriň
hereketini öwrenmekde elbetde sanaw jisimini seçip almak gerek.
Dostları ilə paylaş: