55
2-nji tejribe.
Tagtajygyň üstüne 1 kg-lyk daşy goýuň. Tejribäni
gaýtalaň. Dinamometriň görkezişinden peýdalanyp sürtülme güýjüni
anyklaň. Tagtajygyň üstüne goýulýan ýükleriň mukdaryny üýtgedip,
sürtülme güýçlerini anyklaň.
3.
*
M a ý y ş g a k l y k g ü ý j ü n i ö l ç e m e k .
1-nji tejribe.
Dinamometriň esasy bölegi pružina bolanlygy üçin, oňa ýük asylanda,
ýüküň agyrlygy pružinanyň maýyşgaklyk güýjüne deň bolýar.
26-njy surat.
2-tejribe.
Reziniň maýyşgaklyk
güýjüni
ölçemek üçin tagtajyk bilen
dinamometriň aralygyna
l
0
= 15–20
sm uzyn lykdaky rezin birikdirilýär.
Dina mometriň ujundan tutup, ýüki
deň ölçegli hereket edýän ýagdaýda
çekilýär (26-njy surat). Şonda rezin sozulýar
we onda emele gelen
maýyşgaklyk güýjüni dinamometriň görkezişinden ýazylyp alynýar.
3-nji tejribe.
Dinamometr wertikal ýagdaýda ştatiwe berkidilýär.
Onuň ilgençegine 10–15 sm uzynlykdaky rezin daňylýar. Reziniň
ahyryny gysyp, ýüp bilen daňylýar we ýüpüň ujuny halka şekilli edip
galdyrylýar. Ýüpe massasy mälim bolan daşlar asylýar. Dinamometriň
görkezişinden reziniň sozulmagy sebäpli emele gelen maýyşgaklyk
güýji anyklanýar.
Dostları ilə paylaş: