Maddany ň gurlu


-njy TEMA JISIMLERIŇ MASSA MERKEZI WE ONY ANYKLAMAK



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə61/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   131
fizika 6 turkman

30-njy TEMA
JISIMLERIŇ MASSA MERKEZI WE ONY ANYKLAMAK. 
DEŇAGRAMLYLYGYŇ GÖRNÜŞLERI
Aşakdaky ýaly tejribe geçireliň. Kartondan gyrkylan list alyp
onuň islendik nokadyndan iňňe bilen deşip ýüp geçireliň. 
Ýüpüň iki ujuny ştatiwlere daňalyň. Şonda list 48-nji suratda 
görkezilen ýagdaýda bolýar. Ony öz okunyň daşynda birneme aýlap 
goýbersek, ýene öňki ýagdaýyna gaýdýar. Indi listiň ortasyndan ýüpi 
geçirip ýene ştatiwe daňalyň (49-njy surat). Bu ýagdaýda listi näçe 
aýlasak-da ol üýtgewsiz galýandygyny göreris. Şeýle ýagdaýda tapylan 
nokada
jisimiň massa merkezi
diýilýär. Jisimiň edil şu nokadynda 
ähli massa toplanan ýaly duýulýar.
48-nji surat. 
49-njy surat.


85
Şoňa meňzeş tejribeleriň kömeginde anyklanmagyna görä, dürli 
geometrik şekile eýe bolan jisimleriň massa merkezleri aşakdaky ýaly 
bolýan eken:
Bir jynsly jisimleriň
 
(meselem,
şar, sfera, tegelek we şolar 
ýalylaryň) 
massa merkezleri olaryň geometrik merkezleri 
bilen üstme-üst düşýär
 
(50-nji surat).
Tegelek 
Dörtburçluk 
Parallelogram 
Halka 
Kub
50-nji surat.
51-nji surat.
Eger jisimler islendik ýasy şekile eýe bolsa, 
onuň massa merkeziniň iki nokadyndan asyp 
anyklamak bolar. Munda massa merkezi, 
A
we 
B
nokatlardan geçýän dik çyzyklaryň kesişýän 
nokadynda bolýar (51-nji surat).
Jisimler massa merkezinden geçýän oka 
asyp goýulsa uzak wagtyň dowamynda deň-
agramlylyk ýagdaýynda bolýarlar. Eger jisim deňagramlylykda bolsa, 
oňa täsir edýän ähli güýçleriň jemi nola deň bolýar.
Jisim deňagramlylyk ýagdaýyndan çykarylanda, ony 
ilkibaşdaky ýagda ýyna getirýän güýji emele getirýän 

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin