Ýylylyk energiýasy, elektrik energiýasy, ýadro energiýasy, gün energiýasy we ş.m.
Awtomobil, samolýot we uly gämileri herekete getirmekde
benzin, kerosin, dizel ýangyjy diýlip atlandyrylýan nebit önümleri
dwigatellerde ýandyrylyp, ýylylyk energiýasy emele getirilýär.
Soňra ýylylyk energiýasy mehaniki işe öwrülýär. Edil şeýle, elektrik
stansiýalarynda suwuň mehaniki energiýasy ýa-da ýangyjyň ýanmagy
netijesinde emele getirlen ýylylyk energiýasy elektrik energiýasyna
öwürilýär. Senagatda, durmuş taýdan hyzmatda elektrik energiýasy
başga görnüşdäki energiýa ýa-da işe öwrülýär.
Adamlar we haýwanlar hem haýsy-da bolsa bir işi etmek üçin
energiýa sarp edýärler. Olar bu energiýany iýýän iýmitinden alýarlar.
Her günde uly ýaşly adamlara 15 000 000 J, mekdep ýaşyndaky
çagalara (11–15 ýaş) – 12 000 000 J energiýa gerek bolýar.
Hut bir meňzeş işi ýerine ýetirmek üçin dürlüçe wagtyň gerek
bolmagy mümkin. Meselem, 10 000 sany kerpiji 300 m -e daşamak
üçin iki adam günuzyn işlemeli bolsa, maşynda bu işi birnäçe
minutda ýerine ýetirmek mümkin. Işiň çalt ýa-da haýal ýerine
ýetirlişini görkezýän ululyk hökmünde
kuwwat düşünjesini giri-
zýäris.
Kuwwat diýende, mälim bir wagtyň içinde (1 sekuntda) ýerine ýetirlen iş düşünilýär. Kuwwaty
N bilen bellesek, ony
tapmak üçin ýerine ýetirlen işi, şu işi ýerine ýetirmek üçin giden
wagta bölmeli.
Iş
Kuwwat =
Wagt
.
,
N = A t N – kuwwat, A – iş, t – wagt. Kuwwat birligi hökmünde watt (W) kabul edilen.