29-njy TEMA ENERGIÝANY Ň GÖRNÜ ŞLERI. KUWWAT Kerpiç bilen çüý kakmagyň mysalyndan Siz, kerpiji näçe ýokary
göterip çüýi ursaňyz, tagta şonça çuňrak girýändigini bildiňiz.
Diýmek, kerpijiň işi ýerine ýetirijilik ukyby, ýagny energiýasy onuň
ýagdaýyna bagly bolýan eken.
Özara täsirleşýän jisimleriň bir-birine görä ýerleşişi sebäpli eýe bolan energiýasyna potensial energiýa diýilýär. Berlen mysalda kerpijiň eden işi
A =
F agyr.
güýç
· h -a deň. Munda,
F agyr.
güýç
– kerpijiň agyrlyk güýji;
h – kerpijiň çüýüň telpegine görä
beýikligi. Bu iş kerpijiň energiýasynyň hasabyna ýerine ýetirilenligi
üçin onuň potensial energiýasy
E p = F agyr. güýç
· h ýa-da
E p =
mgh. Tow berilýän sagatlardaky puržinler gysylyp, onda potensial
energiýa emele getirilýär. Soňra puržin assa-ýuwaş ýaýylyp sagat
mehanizmini, ýagny strelka lary herekete getirip, mehaniki iş
edýär. Derýalar beklenip bentler gurulýar. Şonda suwuň beýik-
ligi göterilýär. Soňra bu suw mahsus turbalar arkaly düşür-
lip, suwuň ugrunda ornadylan perrikleri aýlandyrýar. Jisim ler
poten sial energiýadan daşary kinetik energiýa hem eýe bolmagy
mümkin.
Kinetik energiýa jisimleriň tizligi sebäpli döreýär. E k m =
2
2
. 47-nji surat.
Meselem, tekiz ýapdaky akýan suw oňa
ornadylan çykyry aýlandyrýar. Şemal hem
perrikleri aýlaýar.
Jisim bir wagtyň özünde hem potensial, hem
kinetik energiýa eýe bolup biler. Meselem, Ýerden
mälim belentlige göterlip goýlan jisim (I ýagdaý)
diňe potensial energiýa eýe bolýar (52-nji surat).
Jisim erkin iberip goýberilse, düşýän wagtynda
beýikligi kemelýär, ýöne tizligi artýar. Jisim II
74
ýagdaýda ýerden
h 1
beýiklikde bolanlygy üçin potensial energiýa eýe
bolsa, tizlige eýe bolanlygy sebäpli kinetik energiýa hem eýe bolýar.
Tebigatda energiýanyň köp görnüşleri bardyr.