3
GIRI
Ş
1-nji TEMA
FIZIKA NÄMÄNI ÖWRENÝÄR? FIZIKI HADYSALAR
Eziz okuwçylar!
Eliňizdäki kitap Siziň üçin täze okuw predmeti bolan «Fizika»
dersliginiň birinjisidir. Soňky 7–9-njy synplarda hem «Fizika»dan
okuw dersleri dowam eder.
Şu okuw predmetini öwrenmek näme üçin zerur?
Daş-töweregiňize seretseňiz, ýagýan gary ýa-da ýagyşy, süýşýän
bulutlary, ýaplardan ýa-da derýalardan akýan suwy görersiňiz.
Bularyň ählisi tebigat hadysalarydyr. Bizi gurşaýan tebigatdaky
özgerişler ýaşaýşymyza gönüden-göni täsir edýär.
Tebigatda bolup
geçýän hadysalaryň kanunalaýyklyklaryny öwrenmek,
ondan
öndürijilikli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Kanuna laýyklyklary
öwrenmek bilen ynsan öz zähmetini ýeňilleşdirýän maşynlary oýlap
tapypdyr. Gündelik durmuşymyzy elektriksiz, ýangyçsyz, arassa
suwsuz göz öňüne getirip bilmeýäris.
Elektrik energiýasyny emele getirýän maşynlar, elektrikden we
ýangyçdan peýdalanyp işleýän gurluşlar
fizika ylmyna esaslanyp
döredilýär. Maşyn we mehanizmleri dolandyrmak, sazlaýyş işlerini
ýerine ýetirmekde, öý-hojalyk tehnikasyndan önümli peýdalanmakda-
da fizikadan alan bilimleriňiz gerek bolýar.
Tebigatda bolup geçýän dürli hadysalary alamatlaryna görä
mehaniki, ýylylyk,
elektrik, ýagtylyk we ses hadysalaryna bölmek
mümkin.
Bu hadysalary öwrenmek maddanyň gurluşyny öwrenmekden
başla nýar.
6-njy synpda fizikanyň öwrenilýän ugurlary:
Dostları ilə paylaş: