7
üstüne gazaply atylan uly daşlar olary derbi-dagyn etdi... Gämilerde
duýdansyz diwaryň üstünden uly tizlikde hadalar gelip urlup olary
gark etdi. Demir çeňňekler gämileri ildirip, bir ujundan ýokary
galdyrýar, soňra ikinji ujundan dikligine suwa batyrýar. Käbirleri
duran ýerinde aýlandyryp goýberilip, dolandyryp bilmän çaknyşyp
heläk boldy. Gazaply ýagdaý!..» Şondan soňra rimliler yza çekilmäge
mejbur bolýarlar. Şäheri bolsa uzak wagtlap gabawdan soň almak
başartdy. Bu söweşde Arhimed hem heläk bolýar. Şeýlelikde Arhimed
uruş
üçin hyzmat eden, hem-de şu urşuň gurbany bolan ilkinji alym
hökmünde taryha girdi.
Orta asyrlarda ylmyň we medeniýetiň ösüşi
Gündogara göçýär. Bu döwürde fizika we
başga ylymlaryň ösmegine uly goşant goşan
beýik babalarymyz ýaşap geçdi. Olara
Abu
Reýhan Biruny, Abu Ali ibn Sina, Abu Abdullah
Muhammet ibn Musa Al-Horezmi, Omar
Heýýam, Omar Çag mini
we başgalary getirmek
mümkin. Biruny maddalaryň dykyzlygy, kosmos
fizikasy, minerallar, ýagtylyk, ses we magnit
hadysalary ýaly ençeme ugurlarda iş alyp barypdyr. Onuň, aýratynam,
Ýeriň radiusyny örän takyk ölçänligi (Birunynyň hasaplamagyna görä
Ýeriň meridian dugasynyň bir derejesi 110245 m-e deň. Şoňa görä
Ýeriň radiusy 6321 km çykýar. Häzirki maglumata görä 6400 km) üns
bererlikdir. Al-Horezminiň mate matika, astronomiýa ugry boýunça
işlerini dünýä ykrar edýär. Ibn Sinany bütin dünýäde medisinanyň
atasy diýip hasaplaýarlar. Mundan başga-da onuň
mehaniki hereket,
howa ýagdaýyna degişli, ýagtylyk hadysalary ýaly temalara
bagyşlanan işleri hem bardyr. Omar Heýýam şol döwür üçin ep-esli
kämilleşen kalendary döreden bolsa, Omar Çagmini Ýeriň okunyň
gyşarmagy sebäpli pasyllaryň çalyşýandygyny belläpdir.
Fizikanyň soňraky ösüşi Ýewropa bilen baglanyşyklydyr. Çeh
alymy
N. Kopernik
ilkinji bolup Gün sistemasynyň gurluşyny dogry
düşündirip berdi. Ýöne bu taglymaty kabul etmek aňsat düşmedi.
Italýan alymy
G. Galileý
we nemes alymy
I. Kepler
öz tejribelerine
hem-de hasaplamalaryna esaslanyp taglymaty tassyklaýarlar. Birinji
bolup asman jisimlerini teleskopda
gözegçilik eden alym hem
8
Galileýdi. Ylaýta-da onuň jisimleriň erkin gaçmagyna degişli işleri
üns bererlikdir.
Beýik iňlis alymy
I. Nýuton
fizikanyň ösmegine çäksiz goşant
goşupdyr. Gün we planetalaryň hereketiniň sebäpleri, güýç we onuň
jisimiň hereketine täsiri, ýagtylygyň reňki baradaky ylmy açyşlar
onuň galamyna degişlidir.
XVIII–XIX asyrlar ylmyň gazananlaryny amalyýetde ulanmak
döwürleri boldy. Bu döwürlerde ylym bilen örän köp alymlar
meşgullanypdyrlar. Birinji bug maşynlarynyň ulanylmagy, harby
tehnikanyň ösüşi, elektrik togundan peýdalanmak ýaly
ençeme işler
olaryň zähmetiniň netijesidir.
Şu döwürde ykrar edilen alymlara
J. Uatt, M. Lomono sow, L. Eýler,
T. Ýung, O. Frenel, A. Wolta, H. Ersted, A. Amper, G. Om, M. Faradeý,
E. H. Lens, W. Weber, J. Joul, W. Tomson, L. Bolsman, D. Mendele ýew
we beýlekiler degişlidir.
XX asyra gelip fizikada beýik açyşlar edildi. Bu açyşlaryň
netijesinde atom energiýasyndan peýdalanmak mümkin boldy. Ynsan
kosmosa çykdy. Şu döwrüň beýiklerine
G. Lorens, A. Eýnşteýn,
W. Rent gen, J. Tomson, M. Plank, E. Rezerford, N. Bar, A. Ioffe,
S. Wawilow, De Broýl
lar degişlidir.
Elbetde fizikanyň ösüşi endigan bolmady. Käbir döwür lerde
birnäçe açyşlar edilse, käbir wagtlarda ösüş peselipdir. Ýöne adam
elmydama kynçylyklary ýeňip, öňe tarap ymtylypdyr.
Dostları ilə paylaş: