9
netijeli peýdalanmak netijesinde adamzat üşemek, garaňkylykda
galmak aç galmak ýaly halatlardan we
köp kesellerden gutulmagy
başardy. Ynsan ýer ýüzi boýunça, howada we suwda arkaýyn hereket
edýär.
Tebigy bilimleriň içinde fizika öňdebaryjy orny eýeleýär. Birinji
temada aýdylyp geçilişi ýaly, onuň öwrenýän ugry giň gerimlidir.
Fizikanyň öwrenilen her bir täze kanunalaýyklyklary jemgyýetiň
özüşine güýçli täsir edýär. Şonuň üçin Özbegistany myzda
hem fizika
ylmyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler
bilen esasan Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag
institutlary hem-de ýokary okuw edaralarynyň laboratoriýalaryndaky
alymlar meşgullanýarlar.
Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň
Ylymlar akade-
miýasynyň
Ulug bek adyndaky Astronomiýa instituty, Akademik
S.A. Azimow adyndaky «Fizika-Güneş» YÖB ýanyndaky
Fizika-
tehnika instituty we Materialşynaslyk instituty, G.Mawlanow
adyndaky Seýsmologiýa instituty we Garagalpagystan tebigy ylymlar
ylmy-barlag
institutynda mehaniki, ýylylyk, elektrik, ýagtylyk we ses
hadysalaryna degişli ylmy gözlegler alnyp barylýar.
Dostları ilə paylaş: