maddanyň
gurluşy, mehaniki hadysalar, elektrik, ýylylyk, ýagtylyk
we ses hadysalary baradaky ilkinji maglu matlar
berilýär
(1-nji surat).
4
Maddanyň
gurluşy
Mehaniki
hadysalar
Ýylylyk
hadysalary
Elektrik
hadysalary
Ýagtylyk
hadysalary
Ses
hadysalary
1-nji surat.
5
Derslikde şu hadysalara degişli çylşyrymly bolmadyk we özüňiz
ýerine ýetirip bilýän gyzykly ýumuşlar berilýär.
Welosipediň, awtomobiliň, adamyň hereketi, gaýçynyň gyrkyşy we
ş.m. – bularyň ählisi mehaniki hereketlere mysaldyr.
Suwuň bugarmagy we doňmagy, metallaryň eremegi, tebigy gazyň
we odunyň ýanmagyndan çykýan ýylylyk we ş.m. – bular ýylylyk
hadysalaryna mysal bolýar.
Ýagtylygyň ýaýramagy, onuň zatlardan we predmetlerden
serpilmegi, howada älemgoşaryň peýda bolmagy ýalylar ýagtylyk
hadysalaryna girýär. Nädip adam garaňky otagyny ýagty edip
bildi, uzak ýurtlarda bolýan wakalary görüp durýan, azyklarynyň
bozul mazdan saklanyşyny gazanýan boldy? Olaryň ählisi elektrik
hadysalaryny öwrenmek sebäpli gazanyldy.
Näme sebäpden Günden ýagtylyk çykýar? Näme üçin suw
bug ýa-da muz görnüşinde bolup bilýär? Nähili sebäbe görä otag
temperaturasynda simap suwuk halynda bolýar, demri eretmek üçin
örän ýokary temperatura çenli gyzdyrmaly?
Ynha şeýle soraglara jogap bermek üçin maddanyň gurluşyny
öwrenmeli. Jisimleriň içki gurluşyny öwrenip, onuň ençeme
häsiýetlerini düşündirmek hem-de gerekli häsiýetlere, ýagny ýylylyga
çydamly, berkligi ýokary we ş.m.lere eýe bolan täze maddalary
döretmek mümkin.
1. 1-nji surata garap fiziki hadysalara degişli özüňiziň mysalla-
ryňyzy getiriň.
2. Älemi öwrenmekde fizika nähili rol oýnaýar?
3. Doňdurmanyň eremegi nähili hadysa girýär?
4. Gündelik durmuşdan fiziki hadysalara mysallar getiriň.
|