41
17. Suratda getirilen jisimiň massasy we göwrümi näçä deň? Dykyzlygy
1500 kg/
m
3
.
A) 75000 kg; 50 m
3
.
B) 75000 kg; 100 m
3
.
C) 75000 kg; 30 m
3
.
D) 45000 kg; 30 m
3
.
JEMLEÝJI SÖHBET
Munda Siz I bapda öwrenilen temalaryň
gysgaça netijeleri bilen
tanyşýarsyňyz.
Fizik jisimler
Tebigatda duşýan dürli maddalardan ybarat ähli jisimler.
Fizik
hadysalar
Maddany düzýän bölejikleri üýtgewsiz galdyrmak bilen bolup
geçýän hadysalar.
Fiziki ululyk
Jisimleriň ýa-da fiziki hadysalaryň ölçemek mümkin bolan
parametrleri.
Halkara
birlikler
sistemasy
(HBS)
1960-njy ýylda girizilen. Onda esasy 7 birlik kabul edilen:
uzynlyk (metr), massa (kilogram), wagt (sekunt), tok güýji
(Amper), temperatura (Kelwin), ýagtylyk güýji (kandela),
maddanyň mukdary (mol). Galan
fiziki ululyklar esasy
birlikleriň kömeginde alynýar. Meselem, 1 N = 1 kg ∙ 1 m/s
2
.
Metr (m)
Uzynlyk birligi. HBS esasy birligi. Baha taýdan ýagtylygyň
wakuumda 1/299792458 sekundyň dowa myn da geçýän ýoluna
deň. Nusgasy platina-iridiý garyndysyndan taýýarlanan bolup,
Fransiýada saklanýar.
Sekunt (s)
HBS esasy birligi. Takmynan ortaça gün sutkasynyň 1/86400
bölegine deň (1 sutka = 24 sagat = 86400 s).
Atom
Grekçe
atomos
– bölünmeýän diýmek. Himiki element häsiýeti
saklanyp galýan iň kiçi bölejik. 2016-njy ýylyò dekabr aýyna
çenli bolan maglumata görä tebigy ýagdaýda 94 elementiň
bardygy anyklanyp, 24 sanysy laboratoriýada alyndy.
Molekula
Maddanyň häsiýeti saklanyp galýan iň kiçi bölejik.
Molekulalar
atomlardan
düzülendir
Maddalardaky
molekulalar birmeňzeş atomlardan ybarat bolýar. Latynça
moles
– massa diýmekdir.
42
Diffuziýa
Özara utgaşan bir maddanyň molekulalarynyň ikinji madda,
ikinji maddanyň molekulalarynyň
birinji madda özara
geçmegine aýdylýar. Gazlarda çalt, suwuklyklarda haýal, gaty
jisimlerde örän haýal geçýär. Temperaturanyň artmagy bilen
çaltlaşýar. Latynça
diffuzio
– dargamak, ýaýramak diýmekdir.
Broun here-
keti
Suwuklyk ýa-da gazdaky örän kiçi bölejikleriň dyngysyz we
tertipsiz hereketi. Ol temperaturanyň artmagy bilen artýar.
Hadysa 1827-nji ýylda iňlis botanigi R.Broun tarapyndan
öwrenilen.
Molekulýar
güýçler
Molekulalaryň arasyndaky özara dartyş we itekleýji güýçleri.
Örän gysga aralykda ýüze çykýar.
Massa
Maddanyň inertlik we dartylma häsiýetini aňladýan
fiziki
ululyk. Massa düşünjesini birinji bolup ylma I. Nýuton
(1687) girizipdir. Birligi kilogram bolup,
halkara birlikler
sistemasynyň (HBS) esasy birligi. Nusgasy silindr şeklinde
bolup, beýikligi we diametri 39 mm-e deň. Platina-iridiý
garyndysyndan 1799-njy ýylda taýýarlanan.
Dykyzlyk
Jisimiň massasynyň onuň
göwrümine gatnaşygy bilen
ölçelýän fiziki ululyk.
ρ =
m
V
. Dykyzlyk birligi kg/m
3
.