63
1. Gidrostatik basyş nämelere bagly?
2. Utgaşyk gaplara mysallar getiriň.
3. Näme sebäpden utgaşyk gaplara salnan dürli suwuklyklaryň
beýikligi dürlüçe bolýar?
6-njy gönükme
1. Gidrawlik presiň kiçi porşenine 10 N güýç bilen täsir etdirilende,
uly porşenden 180 N güýç alyndy. Eger uly porşeniň üstüniň meýdany
90 sm
2
bolsa, kiçi porşeniň meýdany nämä deň? (
Jogaby:
5 sm
2
.)
2. 33-nji suratdaky çüýşe turbajyklaryň
bir tarapyna suw, ikinji
tarapyna ösümlik ýagy guýulýar. Suwuň beýikligi 30 sm bolsa, ýagyň
beýikligi näçe bolýar? (
Jogaby:
≈ 33,3 sm.)
3
*
. Ini 50 sm, boýy 40 sm we beýikligi 50
sm bolan akwa-
riumdaky suwuň gabyň düýbüne edýän basyşyny hasaplaň. (
Jogaby:
4900 Pa.)
4. Näme sebäpden futbol topuny agyz bilen üfläp çişirmek
mümkin däl?
5. Kiçi üstli menzurkadaky suw giň üstli banka guýyldy. Suwuň
gabyň düýbüne edýän basyşy nähili ütgär?
Dostları ilə paylaş: