Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə48/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   131
fizika 6 turkman

27-nji TEMA
ARHIMEDI
Ň KANUNY WE ONUŇ ULANYLYŞ
Y
Suwa çüý ýa-da kiçijik daş taşlansa, çümüp gidýär. Ýöne uly agaç 
töňňe, gaýyk we ullakan gämiler suwda ýüzüp gezýär. Munuň sebäbi 
näme? Aşakdaky tejribäni geçireliň.
Dinamometre suwa çümýän bir jisimi asyp, onuň agyrlygyny 
ölçäliň. Soňra ony suwly gaba sokalyň (39-njy surat). Munda 
dinamometriň görkezişi kemelýändigini görýäris. Eger jisimiň 
dykyzlygy suwuňkydan uly bolan başga suwuklyga batyryl sa, 
dinamometriň görkezişi ýene kemeler.
3,6 N
2,6 N
3 N
15 N
11 N
39-njy surat. 
40-njy surat.
Gözegçilik edilen tejribeden suwuklyga salnan jisime ony ýokary 
göterýän güýjüň täsir edýändigini bilýäris. Diýmek, jisimiň ýüzüp 
gezmegi ýa-da çümüp gitmegi şu göteriji güýjüň jisimiň agyrlygyndan 
uly ýa-da kiçi bolmagyna bagly eken. Eýsem, bu güýjüň ululygy 
nähili kesgitlenýär? Onuň üçin nobatdaky tejribäni geçirýäris. 
Dykyzlygy suwdan uly bolan kub şeklindäki jisimi dinamometre 
asyp, howadaky agyrlygy anyklanýar. Gaba jürmenegine çenli suw 
salynýar (40-njy surat). Soňra dinamo metre asylan ýüki suwly gaba 
sokýarys. Şonda suw daşyp, tereziniň üstüne goýlan menzurka düşýär. 
Mundan öň menzurka tereziniň üstünde goýlanda, tereziniň görkezişi 
bellik edilýär. Menzurkanyň suw bilen bilelikdäki massasyndan 


68
oňa düşen suwuň massasy anyklanýar. Menzurkadan daşyp çykan 
suwuň göwrümi-de anyklanýar. Munda jisimiň ölçegleri çyzgyç bilen 
anyklanyp, göwrümi hasaplansa, daşyp çykan suwuň göwrümine 
deňligi gelip çykýar. Şu suwuň agyrlygy hasaplansa, hut suwa 
çümdürilen jisimiň howadaky agyrlygy 
P
h
bilen suwdaky agyrlygy 
P
s
arasyndaky tapawut 
F

P
h

 P
s
-e deňligi aýan bolýar.
Diýmek, ýokary göteriji güýç jisimiň gysyp çykaran suwuklygynyň 
agyrly gyna deň bolýan eken.
Bu kanunalaýyklygy ilkinji bolup tejribe esasynda gadymy grek 
alymy, fizik we matematik Arhimed (miladydan öňki 287–212-nji 
ýyllar) anyklapdyr. Şonuň üçin ýokary göteriji güýje 

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin