Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə54/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   131
fizika 6 turkman

Ýylylyk energiýasy, 
elektrik energiýasy, ýadro energiýasy, gün energiýasy
 
we ş.m. 
Awtomobil, samolýot we uly gämileri herekete getirmekde 
benzin, kerosin, dizel ýangyjy diýlip atlandyrylýan nebit önümleri 
dwigatellerde ýandyrylyp, ýylylyk energiýasy emele getirilýär. 
Soňra ýylylyk energiýasy mehaniki işe öwrülýär. Edil şeýle, elektrik 
stansiýalarynda suwuň mehaniki energiýasy ýa-da ýangyjyň ýanmagy 
netijesinde emele getirlen ýylylyk energiýasy elektrik energiýasyna 
öwürilýär. Senagatda, durmuş taýdan hyzmatda elektrik energiýasy 
başga görnüşdäki energiýa ýa-da işe öwrülýär.
Adamlar we haýwanlar hem haýsy-da bolsa bir işi etmek üçin 
energiýa sarp edýärler. Olar bu energiýany iýýän iýmitinden alýarlar. 
Her günde uly ýaşly adamlara 15 000 000 J, mekdep ýaşyndaky 
çagalara (11–15 ýaş) – 12 000 000 J energiýa gerek bolýar.
Hut bir meňzeş işi ýerine ýetirmek üçin dürlüçe wagtyň gerek 
bolmagy mümkin. Meselem, 10 000 sany kerpiji 300 m -e daşamak 
üçin iki adam günuzyn işlemeli bolsa, maşynda bu işi birnäçe 
minutda ýerine ýetirmek mümkin. Işiň çalt ýa-da haýal ýerine 
ýetirlişini görkezýän ululyk hökmünde 
kuwwat
düşünjesini giri-
zýäris. 
Kuwwat 
diýende,
 
mälim bir wagtyň içinde (1 sekuntda) 
ýerine ýetirlen iş düşünilýär.
Kuwwaty 
N
bilen bellesek, ony 
tapmak üçin ýerine ýetirlen işi, şu işi ýerine ýetirmek üçin giden 
wagta bölmeli.

Kuwwat =
Wagt
.
,
N =
A
t
N
– kuwwat, 
A
– iş, 
t
– wagt.
Kuwwat birligi hökmünde
watt
(W) kabul edilen.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin