86
Jisim deňagramlylyk ýagdaýyndan çykarylanda onuň ýag-
daý yny üýtge dýän hiç hili güýç emele gelmese,
tapawutsyz
deňagramlylyk
diýilýär
(52-nji
ç
surat).
Şeýle tejribe geçireliň.
Fizika dersligini alyp, onuň aşagyna
çyzgyjy goýalyň. Çyzgyjy bir ujundan ýuwaşja götereliň (53-
nji
a, b
surat). Şonda çyzgyç stol bilen mälim
bir burç emele
getirende kitap agdarylyp gidýär. Diýmek, jisimiň deňagramlylykda
bolmagy daýanç ýagdaýyna-da bagly eken.
a
)
b
)
ç
)
53-nji surat.
Daýanç üstüne eýe bolan jisimiň agyrlyk merkezinden geçirlen
wertikal çyzyk daýanç üstünden çykyp gitse, jisim agda rylýar
(53-
nji ç
surat).
Diýmek, daýanç üsti näçe
uly bolsa, deňa gramlylygy şonça-da
durnukly bolýar.
1.
Massa merkezi diýende näme düşünilýär?
2. Jisimleriň massa merkezi tejribede nähili anyklanýar?
3. Iki sany bir meňzeş dörtburçluk şekline eýe bolan jisimden
biriniň massa merkezi daýançdan hasaplananda belendiräk
boldy. Bu jisimlerden haýsy biriniň deňagramlylygy
durnuklyrak bolýar?
4. Diwara sag tarapyňyz bilen söýenmezden gysylyp
duruň. Indi çep aýagyňyzy göteriň. Şu ýagdaýda durup
bilersiňizmi?? Näme üçin?
5. Näme sebäpden köp adam ylganda elini silkip ylgaýar?