Maddany ň gurlu


-nji TEMA GÜÝÇ MOMENTI. RYÇAG WE ONUŇ



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə63/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   131
fizika 6 turkman

31-nji TEMA
GÜÝÇ MOMENTI. RYÇAG WE ONUŇ 
 
DEŇAGRAMLYLYK ŞERTI
54-nji surat.
Aşakdaky ýaly tejribe geçirip göreliň. Tigiri alyp, 
ondan goz ganmaýan oky geçireliň. Tigiriň okuna 
F
güýji 54-nji suratda görkezilişi ýaly täsir etdireliň. 
Tigir hereketlenmeýär. Indi şu güýji 2 nokada 
bereliň. Tigir herekete gelýär. 
F
güýji aýlanma 
okundan ýene-de uzagrakda täsir etdirsek, tigir 
şonça-da çalt aýlanýar.
Diýmek,
aýlanma okuna eýe bolan jisimleriň hereketi, diňe 
bir oňa täsir edýän güýjüň ululygyna bagly bolman, eýsem 
güýji aýlanma okundan näçe uzaklykda täsir edilendigine 
bagly bolýan eken.
Aýlanma okundan güýjüň täsir etdirilen nokadyna çenli 
bolan iň gysga aralyga
 
güýjüň egni
 diýilýär. 
Munda güýjüň ugry 
bilen egin dik hasaplanýar.
Aýlanma okuna eýe bolan jisimlerde hereket täsir edilen 
F
güýje hem-
de

egne bagly bolanlygy üçin 
güýç momenti
diýlip atlandyrylýan 
fiziki ululygy girizýäris,
M = F · l.
Onuň birligi 
M
= 1 N · m. Siz gündelik durmuşda agyr daşy ýa-
da ýüki ýerinden gozgajak bolanlarynda onuň aşagyna lom sokup 
göterýändiklerini görensiňiz (55-nji surat). Şonda lomuň ujuna 
F
1
güýç bilen täsir edip, ikinji ujundan 
F
2
güýç alynýar. 
F
2
güýç 
F
1
den 
birnäçe esse uly bolýar. Diýmek, bu gurluşda güýç den utuş gazanmak 
mümkin eken. 
Gozganmaýan daýanjyň töwereginde aýlanyp bilýän 
gaty jisime
ryçag 
diýilýär.
55-nji suratdaky ryçagyň aýlanyşy 
O
nokadyň daşynda bolýar.
Aşakdaky tejribäni geçireliň. Şta tiwe galyň çyzgyjy
O
nokadyň 
töwereginde aýlanyp biler ýaly edip ornadalyň. Ryçagyň sag tarapyna 
alty birlik aralyklda (
A
) bir sany ýüki asalyň. Ikinji tarapynda bolsa 
üç birlik aralyga (
B
) bir sany ýüki asyp goýsak, deňagramlylykda 
bolmaýar. Deňagramlylygyň bolma gy üçin iki sany ýüki asmaly 


88
bolýar. 
A
nokada ikinji ýüki assak, deňagramlylygy saklamak üçin 
B
nokada dört sany ýüki asmaly bolýar (56-njy surat). Diýmek, ryçagda 
täsir edýän güýçler we güýjüň eginleriniň arasynda aşakdaky ýaly 
gatnaşyk bolýar:

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin