Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə50/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   131
fizika 6 turkman

batma derejesi
diýilýär. Gäminiň ýol berlen iň batma derejesi
gäminiň korpusynda gyzyl çyzyk bilen bellenýär. Oňa 
water çyzyk
(gollandça – «vater» – suw) diýilýär. Gämi water çyzyga çenli 
batanda gysyp çykarylan suwuň agyrlygyna gäminiň 
suw sygymy
diýilýär.


70
1. Gämiler haýsy suwda köp ýük göterip bilýär, derýanyň 
suwundamy ýa-da deňziň suwundamy? Näme üçin?
2. Jisimleriň ýüzuş şertlerini aýdyp beriň.
3. Nähili suwda adam gark bolmaýar?
4. Howa şarlarynyň göterilýän beýikligi çäklendirilenmi?
5. Ýumurtga arassa suwda çümýär, ýöne şor suwda ýüzüp 
ýöreýär. Sebäbini düşündiriň we tejribede barlap görüň.
6
*
. Deňiz suwuna doly batyp duran adamyň burny çykyp 
durýar. Adamyň dykyzlygy nämä deň?
• Arhimed barada rowaýat. Sirakuzanyň patyşasy Giýeron 
özüne altyndan täç ýasatdyrypdyr. Ussanyň ýasan täjiniň sap 
altyndan ýasalandygyny barlamagy Arhimede buýrupdyr. 
Patyşa täji döwmezden onda garyn dynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny 
barlamagy tabşyrýar. Şonuň üçin täjiň dykyzlygyny sap altynyň 
dykyzlygy bilen deňeşdirmek ýeterlidi. Massa terezide ölçenýär. Ýöne 
täjiň göwrümini nähili anyklamak bolar? Oýlanyp-oýlanyp ýadan 
Arhimed hammama barýar we suwly howuzjyga düşüp, suwuň daşyp 
gidendigini görýär we «Ewrika! ýagny «Tapdym» diýip gygyryp şu 
halatda laboratoriýasyna ylgap gidipdir. Tapan usuly 16-njy temadaky 
19-njy suratda gör kezilendir.
28-nji TEMA
I
Ş WE ENERGIÝA BARADA DÜŞÜNJE
Siz ir bilen turup mekdebe howluksaňyz, ata-enäňiz «iş»e barýar-
lar. Mekdep den gaýdyp gelip, ata-enäňiziň öý-hojalyk «iş»lerine 
kömekleşýärsiňiz. Eýsem «iş» diýende nämäni düşünýäris? Gündelik 
durmuşdaky «iş etmek» diýende, biz «zähmet çekmegi» nazarda 
tutýarys. Fizikada bolsa «iş» düşünjesi «zähmet» bilen hemişe gabat
gelibermeýär. 

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin