75
1 a.g. = 735,5 W.
Adamyň
kuw-
waty
70–80
W
«Neksiýa»
awtomobili
75 kW
TE 10 L
teplowozy
2200 kW
IL–62
samolýoty
30600 kW
Kosmiki
gämini uçurýan
«Energiýa» raketasy
125 000 000 kW
1. Maşynyň dwigateliniň kuwwatyny bilmek bilen, onuň
berlen wagtda näçe işi ýerine ýetirip bilýändigini nähili
hasaplamak bolar?
2. Günuň energiýasyndan peýdalanyp işleýän nähili gurluşlary
bilýärsiňiz?
3. Gündelik durmuşdan kuwwata degişli mysallar getiriň.
8-nji gönükme
1. Suwuň düýbünden agyrlygy 3000
N bolan daşy götermek üçin
nähili güýç gerek? Daşyň göwrümi 120 dm
3
. (
Jogaby:
1800 N.)
2. Gäminiň suwa batýan böleginiň meýdany 2000 m
2
. Oňa nähili
goşmaça ýük ýüklense, gämi suwuň içine ýene 1 m batar. Deňiz
suwunyň dykyzlygy 1,03 g/sm
3
. (
Jogaby:
2060 tonna.)
3. Jisimiň howadaky agyrlygy 196 N, kerosindäki agyrlygy 180 N.
Jisimiň göwrümini tapyň. (
Jogaby:
2000 sm
3
.)
4. Alýuminiýden ýasalan jisim kerosine batyrylanda oňa 136 N
itekleýji güýç täsir edýär. Jisimiň howadaky agyrlygyny tapyň. (
Jogaby:
459 N.)
5
*
. Metal böleginiň suwdaky agyrlygy 850 N, kerosindäki agyrlygy
950 N. Jisimiň dykyzlygyny tapyň. (
Jogaby:
2700 kg/m
3
.)
6
*
. Bir şary wodorod gazy bilen, ikinjisini geliý
gazy bilen
dolduryldy. Eger olaryň gaz bilen doldurylmazyndan öňki agyrlyklary
we göwrümi birmeňzeş bolsa, haýsysynyň göterme güýji uly bolýar?
Wodorod gazynyň dykyzlygyny 0,00009 g/sm
3
, geliýniňkini 0,00018
76
g/sm
3
we howanyňkyny 0,00129 g/sm
3
diýlip alynsyn. (
Jogaby:
Wodorod gazy doldurylanda 1,08 esse uly.)
7. Göwrümi 20 m
3
bolan şar wodorod gazy bilen doldurylan. Şar
nähili ýüki göterer? (
Jogaby:
≈24 kg.)
8
*
. Kese kesiginiň meýdany 1 m
2
, galyňlygy 0,4 m bolan buzuň
bölegi suwda ýüzüp dur. Buzy doly suwa batyrmak üçin iň bolmanda
näçe iş ýerine ýetirmeli? Buzuň dykyzlygy 900 kg/m
3
. (
Jogaby:
80 J.)
9. Gyzan howa ýokary göterilýär, sowanda pese düşýär. Sebäbini
düşündiriň.
10. Öýüňizdäki tozan sorguç, sowadyjy, telewizor we şuňa meňzeş
esbaplaryň pasportyna seredip, ulanýan kuwwatyny anyklaň. Olaryň
bir günki işledilýän wagtyna görä ýerine ýetiren işini hasaplaň.
11. Otagdaky wentilýatoryň kuwwaty 35 W. Onuň 10
minutda
ýerine ýetiren işi nämä deň? (
Jogaby:
21 kJ.)
12. Ylgamak boýunça ýaryşa gatnaşyjynyň kuwwaty 700 W -a deň
boldy. 100 m aralygy 15 sekuntda geçse, ýerine ýetiren işi nämä deň
bolýar? (
Jogaby:
10500 J.)
13. Özbegistanda öndürilýän «Epika» awtomobiliniň dwigateliniň
kuwwaty 156 a.g. deň. Awtomobil bir sagat hereketlense näçe iş eder?
14
*
.10 km beýiklikde 360 km/sagat tizlik bilen uçýan samolýotyň
potensial energiýasy, onuň kinetik energiýasyndan näçe
esse köp
(
Jogaby:
20.)
15. Uzynlygy 20 sm, massasy 30 g bolan galam stoluň üstünde
ýatyr. Ony wertikal ýagdaýa getirilse, potensial energiýasy nähili
üýtgär?
16. Eger jisimiň tizligi 4
esse artdyrylsa, onuň kinetik energiýasy
nähili üýtgär?
17. Gidroelektrostansiýa gurmak üçin derýanyň suwy bent bilen
beklendi. Bent nähili wezipäni ýerine ýetirýär?
18. Suwuň düýbünden göterilýän köpürjigiň potensial energiýasy
nähili üýtgär? Kinetik energiýasy nähili?
19. Awtomobiliň dwigateli 86 a. g.-e deň. Ony W-larda aňladyň.