85
Şoňa meňzeş tejribeleriň kömeginde anyklanmagyna görä,
dürli
geometrik şekile eýe bolan jisimleriň massa merkezleri aşakdaky ýaly
bolýan eken:
Bir jynsly jisimleriň
(meselem,
şar, sfera, tegelek we şolar
ýalylaryň)
massa merkezleri olaryň geometrik merkezleri
bilen üstme-üst düşýär
(50-nji surat).
Tegelek
Dörtburçluk
Parallelogram
Halka
Kub
50-nji surat.
51-nji surat.
Eger jisimler islendik ýasy şekile eýe bolsa,
onuň massa merkeziniň
iki nokadyndan asyp
anyklamak bolar. Munda massa merkezi,
A
we
B
nokatlardan geçýän dik çyzyklaryň kesişýän
nokadynda bolýar (51-nji surat).
Jisimler massa merkezinden geçýän oka
asyp goýulsa uzak wagtyň dowamynda deň-
agramlylyk ýagdaýynda bolýarlar. Eger jisim deňagramlylykda bolsa,
oňa täsir edýän ähli güýçleriň jemi nola deň bolýar.
Jisim deňagramlylyk ýagdaýyndan çykarylanda, ony
ilkibaşdaky ýagda ýyna getirýän güýji emele getirýän
Dostları ilə paylaş: