110
1. Awtomobiliň dwigatelini gyzyp gitmeginden nähili sak-
lanýan dygyny bilýäňizmi?
2. Otaglary ýylatmakda gönüden-göni odun ýa-da beýleki
ýangyçlary ýakyp ýyladylýan peçlerden, gyzgyn suw bilen ýyladylýan
ýa-da bug bilen ýyladylýan radiatorlardan peýdalanylýar. Olaryň
nähili amatlylyklary we kemçilikleri bar?
3. Näme üçin sowuk ýerde ilki bilen aýagyň üşeýär??
4. Nähili ýagdaýlarda jisimlerden bir wagtda hem ýylylyk geçirijilik,
hem şöhlelenme arkaly ýylylyk geçirilýär?
40-njy TEMA
FARABYNY
Ň, BIRUNYNYŇ WE IBN SINANYŇ
ÝYLYLYK
HADYSALARY BARADAKY PIKIRLERI
Ýylylyk hadysalarynyň tebigaty barada beýik
alymlarymyz Abu
Nasr al-Faraby, Al-Biruny we Ibn Sina öz eserlerinde düşündiriş
beripdirler. Şol sanda, Farabynyň pikirine görä, islendik jisimiň
temperaturasy ýokary ýa-da aşak bolmagy şu jisimi düzýän
bölejikleriň hereketlerine baglydyr. Ibn Sina hem Faraby ýaly
konweksiýa hadysasyny aşakdaky ýaly düşündirýär: gyzan jisimler
göwrümleriniň giňelmegi netijesinde dykyzlyklary kemelip, ýokary
ymtylýar (Arhimed güýji sebäpli diýmekçi).
Sowan wagtynda bolsa
göwrümi kiçelip, dykyzlygynyň artmagynyň hasabyna aşak ymtylýar.
Jisimleriň ýylylygyň täsirinde giňelmegi, sowukdan daralmagynda
suwuň aýratyn häsiýete eýedigine Biruny üns beripdir. Bu barada
Birunynyň Ibn Sina ýazan sowalyny getirýäris. «Eger jisimler
ýylylyk sebäpli giňelse we sowuk sebäpli daralsa we başga gaplaryň
döwülmegi içindäki zatlaryň giňelmegi sebäbinden bolsa, näme üçin
içinde suwy doňan gap ýarylýar, döwülýär? Näme üçin buz suwuň
üstünde bolýar, şol bir wagtda buz sowuklygy sebäpli gatanlygy bilen
Ýeriň tebigatyna (gaty jisime) ýakynrak ahyryn?» Ibn Sina Birunynyň
bu sawolyna: «Suw doňanda suwda howanyň bölekleri buzuň
içinde
galyp, buzy suwuň düýbüne çökmeginden saklaýar», – diýip jogap
gaýtarýar. Biruny Ibn Sinanyň jogaplaryna kanagatlanman: «Eger
küýze içersine tarap döwülse-di, onda aýdylanlar dogry bolardy.
Men gabyň daşary tarapa döwlenini görendirin» diýdi. Ibn Sina öz
111
jogaplaryndaky näanyklyklary soňluk bilen «Kurazai tabbiýot» atly
eserinde dolduryp düzedýär.
Abu Nasr al-Faraby
(873–950) Syrderýanyň kenaryndaky
gadymy Otrar (Farap) şäheriniň golaýynda dogulýar. Faraby
ylmyň örän köp ugurlarynda döredijilik edipdir. Oňa
çenli
fizika aýratyn ylym hökmünde seredilmän, tebigy ylymlaryň
düzüminde bolupdyr. Fizikada maddanyň gurluşy, ýylylyk,
hereket, ses, optika degişli işleri ýerine ýetiripdir
.
Öňki temada biz ýylylygyň şöhlelenme sebäpli-de geçýändigini,
ony kabul etmek üste we onuň reňkine baglydygyny aýdyp
geçipdik. Şöhlelenme sebäpli alynýan energiýa, üste şöhläniň dik
ýa-da ýapgytlygyna düşýändigine bagly. Şoňa görä Biruny we
Ibn Sina Ýerdäki klimatyň üýtgemegi Gün şöhlesiniň Ýere düşüş
ýapgytlygynyň üýtgemegindendir, diýip dogry düşündirýärler.
Ibn Sinanyň pikirine görä tebigatda ýylylyk hem-de sowuklygyň
tebigy we emeli çeşmeleri bar. «Ýylylygyň daşky sebäbi üç sanydyr:
Birinjisi, yssy jisimiň sowuk jisime ýakynlygy. Meselem, ot-ýalyn suwy
gyzdyrýar. Ikinjisi, hereket we sürtülme. Meselem, suwy çaýkasaň
gyzýar, daşy daşa sürtseň gyzýar, ot çykýar. Üçünjisi, ýagtylandyrylan
islendik jisim ýagtylandyrylmadyk jisime garanda ýylyrakdyr» diýýär.
Munda ýylylygyň şöhlelenme arkaly ýaýraýşy barada pikir ýöredilýär.
Akyldarlarymyz, şeýle hem, ýylylyk sebäpli suw buglarynyň
ýokary göterilmegi, bulutlara öwrülip, olardan
aşak temperaturalarda
gar, ýagyş, siliň peýda bolýandygy barada ýazyp galdyrypdyrlar.
1. Siz Birunynyň sowalyna nähili jogap bererdiňiz?
2. Serilen kir tiz guraýar: gün şöhlesi dik düşendemi ýa ýapgyt
düşende?
3. Suwy gapda uzak wagtlap aýlap, nähili derejä çenli gyzgyr-
mak bolar? Synanyşyp görüň!
Çagalaryň oýnawaç tarelkasyny alyp pes ýanýan oda tutuň.
Ýeterli derejede gyzanda oňa ýarym çaý çemçesi mukda-
ryndaky suwy guýuň. Suw derrew bugaryp gitmegiň deregine,
togalaklanyp gidýär we tarelka nyň çuňrak ýerine barýar. Munuň
sebäbi näme? Sebäbi, düşen suw we gyzgyn tarelkanyň arasynda bug
emele gelip, şu buguň özi ýylylygy geçirmeýän gatlagy emele getirýär.
112
Bu hadysany gyzgyn ütügi agdaryp onuň üstüne suw damjaladyp hem
görmek bolar.
Gyşda üşemezlik üçin palto we telpek geýýäris.
Olar adamy
gyzdyrýarmy? Iki bölek buzy sellofan haltajyklara salyp, birini açyk
ýagdaýda, ikinjisini palto dolap goýalyň. Mälim bir wagtdan soň
seredilende, açyk ýagdaýdaky buzuň ep-esli bölegi eräpdir, palto
dolanan buz eremändir diýen ýaly. Diýmek, palto, telpek hiç zady
ýylatmaýar. Olar diňe ýylylygy ýaman geçirýär.
Dostları ilə paylaş: