108
1. Öýüň äpişgelerindäki «fortoçka»lar näme üçin ýokary
böleginde goýulýar?
2. Näme sebäpden ýanyp duran otluçöpi tutanyňyzda eliňiz
bişmeýär?
3. Jedwele seredip haýsy otagda ýazyna salkyn, gyşyna
ýyly bolýandygyny aýdyň. Kerpiçden edilen öýdemi ýa-da
betondanmy?
39-njy TEMA
ŞÖHLELENME. DURMUŞDA WE TEHNIKADA
ÝYLYLYK GEÇIRILI
Ş
INDEN PEÝDALANMAK
Şeýdip, konweksiýa hem, ýylylyk geçirijilik hem bölejikleriň
hereketi arkaly amala aşyrylýar. Onda Ýerdäki energiýanyň
esasy
sebäpçisi bolan Günden ýylylyk Ýere nähili geçirilýär? Ýer bilen
Günüň arasynda bölejikler ýok diýen ýaly gurşaw –
wakuum
bar
ahyryn! Bu ýagdaýda ýylylyk
şöhlelenme
arkaly geçirilýär.
Günden
gelýän ýagtylyk akymy özi bilen bilelikde ýylylyk energiýasyny
hem alyp gelýär. Elektrik nakal lampoçkasy hem ýagtylyk bilen
birlikde ýylylygy şöhlelendirýär. Lampoçkanyň
içinde howa bolmasa-
da, lampoçkadan şöhlelenýän ýylylygy elimiziň aýasy bilen duýup
bileris. Şöhlelenme arkaly alnan energiýa gyzdyrylýan üstüň
reňkine baglydyr. Gyşda garyň üstüne bir meňzeş materialdan
edilen bir meňzeş üstli, biri ak, ikinjisi gara reňke boýalan mata
ýaýylyp goýulsa, gara reňkdäki matanyň aşagyndaky garyň köpräk
erändigini göreris. Diýmek, üste düşen şöhlelenme energiýasynyň
oňa ýudulmagy ýa-da ondan serpilmegi mümkin eken. Äpişgäniň
aýnalary Günden gelýän şöhlelenmäni gowy geçirýär, ýöne otagdaky
radiatordan çykýan ýylylygy ýaman geçirýär. Teplisalardaky aýnaly
diwar we basyrmalaryň wezipesi size indi düşnükli bolsa gerek!
Konweksiýa, ýylylyk geçirijilik we şöhlelenme hadysalaryndan
durmuşda we tehnikada giňden peýdalanylýar. 77-nji
suratda otaglary
gyzgyn suw bilen ýyladyjy sistemasynda ulanylýan «gazan»yň içki
gurluşy görkezilen. Onda emele gelýän konweksiýany düşündirmäge
synanyşyň.
78-nji suratda radiator arkaly ýyladylýan otagyň shemasy
görkezilen. Otagda bolup geçýän proses hakynda düşüdiriş beriň.
109
Näme sebäpden radia torlar äpişgäniň aşagyna ýerleşdirilýär? 79-njy
suratda suwuklyklary salnan temperaturasynda saklaýan gap –
termos
görkezilen. Onda metal gabygyň içinde iki gatdan ybarat çüýşe diwarly
gap ýerleşdirilen. Çüýşe diwarlaryň arasy wakuumdan ybarat. Çüýşe
gabyň içki bölegi ýuka kümüş bilen örtülen. Şeýle gapdaky suwuklyk
gyzgyn halynda uzak wagtlap saklanýar. Ýylylygy geçirmegiň üç
görnüşi boýunça ýylylygyň ýaýrap gitmezliginiň sebäbini düşündiriň.
Diýmek, zerurlyga seredip ýylylygy ýagşy
geçirmek zerur
bolsa, konwek siýany çaltlandyrmak çäreleri hem-de ýylylygy gowy
geçirýän materiallardan peýdalanmaly eken. Öýde nahar bişirmek
we çaý gaýnatmak üçin ulanylýan gazan we beýlekiler ýylylygy
gowy geçirýän materiallardan ýasalýar. Ýöne gaýnan çaýy uzak
wagtlap gyzgyn halynda saklamak üçin farfor çäýnege demlemek
maksadalaýykdyr. Çaýy stakanda içsek, agzyňy bişirýär.
Emma farfor
käsede içseňiz agzyňyz bişmeýär. Munuň sebäbi näme?
77-nji surat.
78-nji surat.
79-njy surat.
Şöhlelenme energiýasyndan peýdalanylanda-da materiallara we onuň
reňkine üns berilýär. Tomusda ýylylyk şöhlelerini gowy serpikdir ýän ak
reňkli geýimler geýilse, gyşda doýgun reňkli geýimler geýilýär.
Dostları ilə paylaş: