103
ondan ýylylyk bölünip çykyp howa geçýär we ş.m. Şoňa görä-de ony
ölçemek üçin aýratyn «ýylylyk mukdary» diýlip atlandyrylýan fiziki
ululyk girizilendir. Geliň, şeýle tejribe geçireliň. Gyşda iki sany buz
bölegini galyň ellik bilen tutup (eliňiziň yssysy buza geçmez ýaly),
olary bir-birine sürtüp göreliň. Şonda buzlar eräp, suw damjalap
başlaýar. Buzy eretmek üçin oňa ýylylyk nämeden berildi? Gadymda
adamlar iki sany agajy sürtüp ot alypdyrlar. Simi hem bir ýerinden
birnäçe gesek tiz-tiz eplense şol ýeri gyzýar. Agyr çekiji göterip
metalyň bölegine birnäçe gezek urulsa, metal hem gyzýar. Bularyň
ählisinde mehaniki energiýa ýylylyk energiýasyna öwrülýär. Şoňa
meňzeş sürtülen ähli jisimleriň gyzmagyna Siz durmuşda duşansyňyz.
Olary ýadyňyza salyň. Ynha şeýle tejribeler, ýylylyk hem energiýanyň
bir görnüşidigi baradaky netijä alyp gelýär. Onda biziň bilýän
potensial we kinetik energiýadan haýsy biri ýylylyk energiýasyna
dogry gelýär? Ýa-da bir wagtda ikisi-demi? Mälim bolşy ýaly,
maddalar maýda bölejiklerden düzülen we olar dyngysyz hereketde
bolýarlar. Gözegçilikleriň görkezişi ýaly, eger madda gyzdyrylsa,
bölejikleriň hereketi çaltlanýar. Mundan
Dostları ilə paylaş: