102
GIRI
Ş
SÖHBETI
Siz telewizorda köp gezek görkezilen «Maugli» hakyndaky
multfilmi tomaşa edensiňiz. Onda
Maugli öz duşmany bolan
ýolbarsy ýeňmek üçin «gyzyl güli» (ýagny ody) ele alýar. Şondan
soň ähli haýwanlar ony indi haýwan däl, eýsem ynsan hökmünde
kabul edýärler. Ynsan bolsa ähli bar zatlaryň patyşasy hasaplanýar.
Hakykatdan hem, adamlar otdan peýdalanyp başlanyndan soň durmuş
terzi ýiti özgeripdir. Azyklary bişirip iýmek, metallary eredip aw, iş
we uruş gurallaryny ýasamak, ýylynmak we ş.m. ählisi ody emele
getirmek we otdan peýdalanmagy öwrenmek bilen baglanyşyklydyr.
Oňa degişli köp rowaýatlaram dokalypdyr. Meselem, grek
rowaýatlarynda alp Prometeý hudaýlardan ody alyp,
adamlara beripdir
we ondan peýdalanmagy öwredenligi barada aýdylýar. Hatda kosmosa
edilen ilkinji uçuş baradaky filmi-de «Oduň boýun egdirilmegi» diýip
atlandyrypdyrlar. Çünki ynsanyň ýerde,
okeanlarda hereketlenmegi
üçin ulanýan maşynlarynda ýylylykdan peýdalanmak bilen birlikde,
kosmosa hem ýylylygy (ody) ulanmagy başarýandygy sebäpli çykdy.
Gündelik
durmuşda hem Siz yssy, sowuk, gyzgyn, ýyly, gyş,
ýaz ýaly sözleri ulanýarsyňyz. Biz Siziň bilen maddanyň gurluşyny
öwrenenimizde bug, suw we buz birmeňzeş
molekulalardan
ybaratdygyny hem bilipdik. Eýsem, onda yssy suw we sowuk suwuň
molekulalary nämesi bilen tapawutlanýar? Temperatura diýende nämä
düşünýäris? Şular ýaly soraglara soňky temalarda jogap alýarys.
Dostları ilə paylaş: