Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə78/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   131
fizika 6 turkman

Amaly ýumuş
Öýüňiziň ýyladyş çyzgysyny çyzyň. Onuň nähili derejede 
dogry ýerine ýetirilendigini öwreniň.


108
1. Öýüň äpişgelerindäki «fortoçka»lar näme üçin ýokary 
böleginde goýulýar?
2. Näme sebäpden ýanyp duran otluçöpi tutanyňyzda eliňiz 
bişmeýär?
3. Jedwele seredip haýsy otagda ýazyna salkyn, gyşyna 
ýyly bolýandygyny aýdyň. Kerpiçden edilen öýdemi ýa-da 
betondanmy?
39-njy TEMA
ŞÖHLELENME. DURMUŞDA WE TEHNIKADA 
 
ÝYLYLYK GEÇIRILI
Ş
INDEN PEÝDALANMAK
Şeýdip, konweksiýa hem, ýylylyk geçirijilik hem bölejikleriň
hereketi arkaly amala aşyrylýar. Onda Ýerdäki energiýanyň esasy 
sebäpçisi bolan Günden ýylylyk Ýere nähili geçirilýär? Ýer bilen 
Günüň arasynda bölejikler ýok diýen ýaly gurşaw – 
wakuum
bar 
ahyryn! Bu ýagdaýda ýylylyk 
şöhlelenme
arkaly geçirilýär. Günden 
gelýän ýagtylyk akymy özi bilen bilelikde ýylylyk energiýasyny 
hem alyp gelýär. Elektrik nakal lampoçkasy hem ýagtylyk bilen 
birlikde ýylylygy şöhlelendirýär. Lampoçkanyň içinde howa bolmasa-
da, lampoçkadan şöhlelenýän ýylylygy elimiziň aýasy bilen duýup 
bileris. Şöhlelenme arkaly alnan energiýa gyzdyrylýan üstüň 
reňkine baglydyr. Gyşda garyň üstüne bir meňzeş materialdan 
edilen bir meňzeş üstli, biri ak, ikinjisi gara reňke boýalan mata 
ýaýylyp goýulsa, gara reňkdäki matanyň aşagyndaky garyň köpräk 
erändigini göreris. Diýmek, üste düşen şöhlelenme energiýasynyň 
oňa ýudulmagy ýa-da ondan serpilmegi mümkin eken. Äpişgäniň 
aýnalary Günden gelýän şöhlelenmäni gowy geçirýär, ýöne otagdaky 
radiatordan çykýan ýylylygy ýaman geçirýär. Teplisalardaky aýnaly 
diwar we basyrmalaryň wezipesi size indi düşnükli bolsa gerek!
Konweksiýa, ýylylyk geçirijilik we şöhlelenme hadysalaryndan 
durmuşda we tehnikada giňden peýdalanylýar. 77-nji suratda otaglary 
gyzgyn suw bilen ýyladyjy sistemasynda ulanylýan «gazan»yň içki 
gurluşy görkezilen. Onda emele gelýän konweksiýany düşündirmäge 
synanyşyň.
 
78-nji suratda radiator arkaly ýyladylýan otagyň shemasy 
görkezilen. Otagda bolup geçýän proses hakynda düşüdiriş beriň. 


109
Näme sebäpden radia torlar äpişgäniň aşagyna ýerleşdirilýär? 79-njy 
suratda suwuklyklary salnan temperaturasynda saklaýan gap – 
termos
görkezilen. Onda metal gabygyň içinde iki gatdan ybarat çüýşe diwarly 
gap ýerleşdirilen. Çüýşe diwarlaryň arasy wakuumdan ybarat. Çüýşe 
gabyň içki bölegi ýuka kümüş bilen örtülen. Şeýle gapdaky suwuklyk 
gyzgyn halynda uzak wagtlap saklanýar. Ýylylygy geçirmegiň üç 
görnüşi boýunça ýylylygyň ýaýrap gitmezliginiň sebäbini düşündiriň.
Diýmek, zerurlyga seredip ýylylygy ýagşy geçirmek zerur 
bolsa, konwek siýany çaltlandyrmak çäreleri hem-de ýylylygy gowy 
geçirýän materiallardan peýdalanmaly eken. Öýde nahar bişirmek 
we çaý gaýnatmak üçin ulanylýan gazan we beýlekiler ýylylygy 
gowy geçirýän materiallardan ýasalýar. Ýöne gaýnan çaýy uzak 
wagtlap gyzgyn halynda saklamak üçin farfor çäýnege demlemek 
maksadalaýykdyr. Çaýy stakanda içsek, agzyňy bişirýär. Emma farfor 
käsede içseňiz agzyňyz bişmeýär. Munuň sebäbi näme?
77-nji surat.
78-nji surat.
79-njy surat.
Şöhlelenme energiýasyndan peýdalanylanda-da materiallara we onuň 
reňkine üns berilýär. Tomusda ýylylyk şöhlelerini gowy serpikdir ýän ak 
reňkli geýimler geýilse, gyşda doýgun reňkli geýimler geýilýär.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin