42-nji TEMA
LABORATORIÝA IŞ
I.
TERMOMETRIŇ KÖMEGINDE HOWANYŇ WE
SUWUKLYGYŇ
TEMPERATURASYNY ÖLÇEMEK
Gerekli esbaplar.
Termometr, yssy suw, sowuk suw, menzurka,
çüýşe taýajyk, suw salmak üçin käse.
Işi ýerine ýetirmegiň tertibi.
1. Termometr fizika otagynyň gün şöhleleri göni düşýän, ýyladyjy
serişdeler (batareýa, plitka) dan uzakda, ýöne şkalasy anyk görünýän
ýerde asylyp goýulýar.
2. Tejribäni geçirmäge taýýarlananda (5–6 min) termometriň
görkezişi üýtgewsiz durandan soň otagyň temperaturasy ýazylyp
alynýar.
3. Plitkada ýa-da gazyň odunda suwly gap gyzdyrylýar.
4. Menzurkada 100 ml suw ölçenip alnyp, käsä guýulýar we
termometr suwa sokulýar. Bir sellemden soň termometriň görkezişi
t
1
ýazylyp alynýar.
5. Menzurkada 100 ml suw ölçenip alynýar we oňa termometr
sokulýar. Bir sellemden soň termometriň görkezişi
t
2
ýazylyp alynýar.
6. Menzurkadaky ýyly suw sowuk suwly käsä guýulýar. Çüýşe
taýajyk bilen garyşdyryp, temperaturasy
t
3
ölçenýär.
7. Ýokardaky tejribe ýyly suwuň temperaturasy dürlüçe bolan
ýagdaýlarynda gaýtalanýar.
115
1. Näme üçin suwa sokulan termometriň görkezişi suwdan
çykarylandan soň üýtgeýär?
2. Tejribeleri turbajygynyň diametri kiçiräk bolan termometr
bilen geçirilende, ölçeg takyklygy nähili üýtgär?
3. Iki birmeňzeş stakanyň biri boş, ikinjisinde gant bölegi bar.
Olara çäýnekden çaý guýup temperaturalary ölçelse, gant
salnanda pesträk bolýar. Sebäbi nämede?
IV BABY JEMLEMEK BOÝUNÇA BARLAG SORAGLARY
1. Näme sebäpden ýyladyş gazan larynyň tüsse çykarýan morysy belent
Dostları ilə paylaş: |