113
suwuň temperaturasyny 100 gradus diýip kabul edilýär (82-njo
b
surat). Olaryň aralygyny 100
bölege bölüp, bir bölegini 1°C diýip
kabul edilýär. Otagdaky ýa-da gapdaky suwuklygyň temperaturasyny
ölçemek üçin termometri ölçelýän gurşawda belli bir wagtyň içinde
saklap durmaly. Şonda termometrdäki suwuklygyň temperaturasy
gurşawyň temperaturasyna deňleşýär. Gapdaky suwuň temperaturasyny
termometri suwdan çykarman görmeli. Şeýle edilmese,
termometr
suwdan alynmagy bilen onuň görkezişi özgerýär.
80-nji surat.
81-nji surat.
82-nji surat.
Näsagyň temperaturasyny ölçeýän şepagat termometrine beýle
kemçilikler degişli däldir. Lukman termometri näsagdan alyp,
arkaýyn görüp biler. Çünki ondaky simap sütüni aşak düşüp gitmeýär.
Şonuň üçin termometriň turbajygynyň aşaky bölegi inçejik edilip
ýasalýar. Şonda ýylan simap sütüni arkaýyn göterilse-de, sowanda
inçelen ýerinde simap sünjigi üzülip galýar. Termometriň görkezişi
anyklanandan soň, ony silkmeli. Şeýle edilende ýokary böleginde galan
simabyň bölegi aşak düşüp goşulýar. Şepagat termometriniň ölçeg çägi
35 dan 42°C a çenli bolýar. Normal sagdyn adamyň temperaturasy
~36,6°C bolýar. Bedeniň temperaturasynyň mundan özgermegi keseliň
bardygyny aňladýar. Öý haýwanlary – goýun, sygyr, at, towşanlaryň
temperaturasy 38–40°C, guşlaryňky 41–42°C töwereginde bolýar.
Maddanyň temperaturasynyň aşaky ýa-da ýokary çägi barmy?
Ýerde tebigy şertlerde Antarktikada minus 88°C temperatura bolandygy
anyklanandyr (1960-njy ý. ylmy stansiýada).
Emeli usulda bolsa minus
273,149°C mahsus labo ratoriýalarda alnan. Hasap-hesiplere seredende
temperaturanyň aşaky çägi minus 273,15°C a teň. Öý şertlerinde biz
nähili temperaturalar bilen iş alyp barýarys? Suw 100°C da gaýnaýar.
Ony gaýnatmak üçin ulanylýan tebigy gazyň odunda temperatura 1500–
114
1800°C a ýetýär. Elektrik nakal lampoçkasyndaky tempe ratura 2500°C
töwereginde bolýar. Awto mobiliň dwigatelinde ýandyrylýan ýangyjyň
emele getirýän tempe ratura ~1700°C bolsa, elektrik kebşirlemede
7000°C a çenli ýetýär. Ýokary çäk entek anyklanmandyr.
1. Eger howanyň temperaturasy adamyň bedeniniň tempera-
turasyndan ýokary bolsa, şepagat termometriniň kömeginde
näsagyň temperaturasyny nädip ölçemek bolar?
2. Termometriň turbajygynyň diametri kiçeldilse, termometriň
görkezişiniň takyklygy nähili özgerer?
3. Şepagat termometrini nähili suwda ýuwmaly? Sowuk suw-
damy ýa-da ýyly suwdamy
Dostları ilə paylaş: