Maddany ň gurlu


-nji TEMA GATY JISIM, SUWUKLYK WE GAZLARDAKY ÝYLYLYGYŇ



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə77/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   131
fizika 6 turkman

38-nji TEMA
GATY JISIM, SUWUKLYK WE GAZLARDAKY ÝYLYLYGYŇ
 
GEÇIRILI
ŞI. ÝYLYLYK GEÇIRIJILIK. KONWEKSIÝA
Ýylylygyň bir ýerden ikinji ýere geçip bilýändigini hemme bilýär. 
Peç ýa-da ýyladyjy batareýalardan çykýan ýylylyk bütin otaga ýaýraýar. 
Stakana guýlan çaýa çemçäni salyp goýsaňyz, çemçe gyzyp gidýär. 
Günden çykýan ýylylyk hem Ýere ýetip gelýär. Eýsem ýylylyk nähili 
geçirilýär? Maddanyň gurluşy baradaky düşünjelerimiz, ýylylygyň 
geçirilmegi ondaky molekulalaryň hereketi bilen baglanyşykly diýen 
netijä getirýär. Üns beren bolsaňyz, tüsse käte ýokary göterilýär, käte 
bolsa ýaýylyp dargaýar. Howadaky bulutlar käte köp wagtlap üýtgewsiz 
dursalar, käte çalt hereketlenýärler. Olara nähili düşünmek bolar? Pejiň 
ýanyndaky howa gyzanda ol giňelýär we dykyzlygy kemelýär. Arhimed 
güýjüniň täsirinde ol ýokary göterilýär. Onuň ýerine dykyzlygy uly 
bolan, sowuk howa akyp gelýär. Netijede ýyladylanlygy dürlüçe 
bolan howa gatlaklarynyň arasynda akym emele gelýär. Bu hadysa
 
konweksiýa 
(latyn ça – 
alyp gelmek
) diýilýär. Konweksiýany aşakdaky 
tejribede aňsat synlamak bolar (74-nji surat). Konweksiýa diňe bir 
gazlarda däl, eýsem suwuklyklarda hem bolýar. Gabyň aşagyndan berlen 
ýylylyk suwuklykdaky konweksion akym zerarly ýokary göterilýär. 
Suwuklyklardaky
 konweksiýany 
görkezýän tejribäni oýlap tapyň.
Gaty jisimlerde bölejikler bir ýerden başga ýere göçmeýärler. Olar 
diňe duran ýerlerinde yrgyldap durýarlar. Gaty jisimlerdäki atomlar 
bir-birine ýakyn ýerleşendigi üçin ýylylygy şol yrgyldylar arkaly bir-


107
birine geçirýärler. Ýylylygyň şeýle usulda 
geçirilmegine 
ýylylyk geçirijilik
diýilýär.
74-nji surat.
75-nji surat.
Dürli maddalaryň ýylylyk geçirijiligi dürlüçedir. 
Ony aşakdaky tejribede görmek bolar (75-nji surat). 
Sterženden bir meňzeş uzaklykda mis, demir, alýu-
miniý, plastmassadan ýasalan bölekleri berkideliň. 
Bölekleriň ujuna kükürdiň çöplerini şeme meňzeş 
aňsat ereýän madda bilen berkideliň. Bölekleriň 
berkidilen ortadaky diski ýuwaşjadan gyzgyralyň.
Ýylylyk 
geçirijiliginiň 
uly-kiçi ligine 
görä 
otluçöpleriň yzly-yzyna gaçýan dygyny göreris. Jed-
wele seredip olaryň haýsy tertipde gaçýandy gyny 
aýdyň.
4-nji jedwel
Madda
Ýylylyk geçirijilik, 
W/(m · K)
Madda
Ýylylyk geçirijilik, 
W/ (m · K)
Kümüş
418
Suw
0,600
Mis
395
Beton
0,11–2,33
Alýuminiý
209
Kagyz
0,140
Demir
73
Pagta
0,042
Polat
50
Agaç
0,2
Kerpiç (gyzyl)
0,77
Çüýşy pamyk
0,04
76-njy surat.
Suwuklyklaryň ýylylygy nähili geçirýändigini 
öwren mek üçin aşakdaky ýaly tejribe geçireliň. 
Uzyn pro birka alyp, onuň aşagyna buz böleklerini 
salalyň. Üstünden metal şarjagaz bilen basyryp 
goýalyň. Şarjagazyň üstün den suw guýup, suratda 
görkezilen ýagdaýda ýokarky bölegini gyzgyralyň. 
Suw gyzyp bugaryp, soňra ýokary bölegi gaýnap baş lasa-da, probirkanyň 
aşagyndaky buz eremeýär (76-njy surat). Sebäbi barada pikirleniň.
Howa hem suwuklyk ýaly ýylylygy ýaman geçirýär. Ýanyp duran 
otluçöpiň ýa-da gyzgyn pejiň golaýynda elimizi ýakyn tutup durup 
bilýäris.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin