17-tema: nokadyň ulanylýan ýerleri. Nokat aşakdaky ýerlerde goýulmaýar



Yüklə 65,15 Kb.
səhifə1/5
tarix07.01.2024
ölçüsü65,15 Kb.
#206517
  1   2   3   4   5
17-tema (2)


17-TEMA: NOKADYŇ ULANYLÝAN ÝERLERI.
Nokat aşakdaky ýerlerde goýulmaýar:
1. Habar sözlemi şekilinde gelen sözbaşylardan son: "Pagta ýygymy başlandy"
2. Gysgaldylan sözlerde "BMG, TDH".
3. Ölçeg birligini görkezýän gysgaltmalarda: "sm, m, mm, dm, km, g, kg, s, t, 1, kub, sek, min, sag, ga, ar, kw" we ş.m.
4. Bildiriş, arza, dil haty, we ş.m.
5. Rim we "-nji, -njy" bilen gelýän arap sanlarynda: "I bölüm, 45-nji otag..."
Ikinokat
1. Sözlemde deňdeş agzalardan öň jemleýji söz gelýän bolsa, şonuň yzyndan, deňdeş agzalaryň hem öňünden ikinokat goýulýar: "01 hemme zady: adamlary, köşejikleri, eldäki keýik owlajyklary, guzujyklary, guba düýäniň mylaýym selinlerini, älemgoşary, bahar ýagşyny, giň sährada biri-birini kesip geçýän ýodalary, bütin tebigaty söýýärdi" (B.Hudaýnazarow. Gumlular).
» 2. Eýerjep sözlemlerden, hal işlik öwrümlerinden son başganyň gepi ýa-da gepleşik gelýän bolsa, eýerjeň sözlemlerden, hal işlik öwrümlerden son otur goýulman, ikinokat goýulýar: "Onuň ýanynda durup:
"- Ýaragyňyzy beriň, Süleýmanow" - diýende, ol agraslyk bilen baş galdyryp, oňa manysyz nazar saldy" (N.Jumaýew. Welaýat).
3. Başganyň gepi alnym şekilinde alyn'sa, öňünden ikinokat goýlup, goşadyrnaga alynýar: "Türkme'nistanyň halk şahyry Aman Kekilow:
"Gyş gara görkezmez, hemişelik ýaz.
Sen azat ýaşarsyň, söýgüli Kawkaz!"
diýip, uruş ýyllarynda ýazypdy".
4. Gepleşige gatnaşýan adamlaryň atlaryndan son ikinokat goýulýar:
. "Yaşuly iç işikde aýak çekdi-de;
- Oturyň, ogullarym, oturyň! - diýip, mylaýymlyk bilen ýüz tutdy.
"Begenç:
- Hoş gün hemmä hesip etsin, Magtymguly aga - diýip, çekinjiräpjogapberdi"(G.Kulyýew. Yowuzgünler).
5. Aýdyljak pikiriň öňünden duýduryş berlende: "Häzir iki mesele biziň ünsümizi çekýär:
1) synaglara taýýarlyk;
2) tertip-düzgün barada".
6. Düşündiriji sözlerden, sözlemlerden öň ikinokat goýulýar:
"Edil şol pursatda töwerekden kömek soramaga-da ýagdaý ýokdy: iki gapdaldaky rotalar öz pozisiýalaryny saklamalydy. batalonyň ştaby bilenem aragatnaşyk ilki atyşykda kesildi" (A.Orazmyradow. Üç duşuşyk).
7. Alnymlardan, başganyň gepinden öň duýduryş berilmeýän bolsa, olaryň öňünden ikinokat goýulman, dine goşadyrnak açylýar. "Ikisinde-de", "Atamyrat Annanyýazyň aýaly, çagalary ýer titremede wepat boldy diýip maglumat berlipdir" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).
8. Habary galdyrylan baglaýjysyz goşma sözlemleriň birinji böleginden son ikinokat goýulýar: '"In ýamany: bahar tamam bolup barsa-da, bir damja suw gelmän, Tejen derýasynyň taňkyrap ýatmagydy" (N. Hojageldiýew. Gülle degen sünbüller): "Geň göräýmeli zat: Ildeşi Naýzaly halapdyr" (A.Atajanow. Öt tanyşlaryň).
Köpnokat
Köpnokat aşakdaky ýerlerde goýulýar:
1. Pikir doly aýdylyp gutarylmaclyk ýagdaýynda köpnokat goýulýar: "- Men olara-da düşünýän... Emma men baş gahrymanyn üýtgedilmegine garşy bolup, eserimi yzyna aldym... Saparmyrat jan, oglum, kakaň hakyky gahrymandy, onuň ykbalyny. söweş ýoluny hökman öwrengin (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama). "On bäş million dowar dört million töweregi türkmen Uçin köp mal däl, emma". (Garagum. 2002.N21).
2. Giň säginme bilen aýdylanda: "Men şonda Göroglyny ýatlaýardym. Emma duşmanlar Göroglynyň hem başyny alyp gitdiler: "Gaýdyp türkmeniň başy birikmesin diýip... Emma... Emma Jygaly beg diri ahyry!" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).
3. Deňdeş agzalar doly sanalmadyk ýagdaýynda köpnokat goýulýar: "Pespällik, göwnükiçilik, sabyr- kanagatlylyk. rehim-darlyk... türkmeniň asyl häsiýetleridir" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama): "Söýgi - dowzah hem jennet, bal hem zäher. gül hem tiken, ot hem buz...".
4. Başganyň gepi gysgaldylyp alnanda, şony bildirmek üçin gysgaldylýan ýerinde köpnokat goýulýar: "Ýagşy söz ýylany hininden çykarar..."diýýär'
1. Aýratyn duýgy bilen aýdylýan ümlüklerden son: * Ah-h... Men ellinji ýyla çenli ýaşan bolsam, ýetmişe ýeten adam bolardym; "Ah... Aýlar geçer, Ýyllar geçer"; "- Hüm-m... onda nutuk aýtjak däl-dä?".

Yüklə 65,15 Kb.

Dostları ilə paylaş:
  1   2   3   4   5




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin