17-tema: nokadyň ulanylýan ýerleri. Nokat aşakdaky ýerlerde goýulmaýar



Yüklə 65,15 Kb.
səhifə5/5
tarix07.01.2024
ölçüsü65,15 Kb.
#206517
1   2   3   4   5
17-tema (2)

Goşadyrnagyň ulanylýan ýerleri
1. Göni gep goşadyrnaga alnyp ýazylýar:
"Geýim adamy bezeýär, göze mährem görkezýär. Özüňize gelişýän eşikleri geýniň" diýip, Nuh pygamber tabşyrýardy" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).
2. Ýaňsa alynýan sözler goşadyrnaga alynýar: "Är iş bitirdi"; "Görmegeý" ýigit tanyşlyk berdi".
3. Sözlemde gazet-zurnallaryň, bug gämileriň zawodlaryň, fabrikleriň, kitaplaryň we ş.m. atlary goşadyrnaga alnyp ýazylýar: "Edebiýat we sungat" hepdeligi"; "Garagum zurnaly“.
4. Orden we medallaryň atlary goşadyrnaga alnyp ýazylýar:

"Galkynyş" ordeni"; "Gaýrat medaly"; "Watana bolan soýgüsi uçin diýen medal".


5. Göçme manyda ulanylýan käbir sözler goşadyrnaga alynýar "Ak altyn"; "Gara altyn".
Ýaýyň ulanylýan ýerleri
1. Sahna eserlerinde gatnaşýan gahrymanlaryň etmeli hereketlerine degişli awtoryň bellikleri ýaý içine alnyp ýazylýar: "Amanow. Yok-ýok. Men edip biljek zadym ýok. Hanha, özi edipdir, goý, özem jogap bersin" (Gidýär).
Bossan. (dergezap bolup, Seýidowa topulýar). Men ärimi nä "güne saldyň?..
Seýidow. Ýok, köşeşiň...
(Perde yapylyp-açylýar. Seýidowyň özi şol öňkijaýynda işläp otyr. Birazdan gapy kakylýar). Seýidow. Giriberiň".
2. Düşündirişler ýaý içinde berilýär. Awtor düşnüksiz hasaplan sözlemini ýa-da sözüni ýaý içinde düşündirýär: "Şygryýet (goşgy bilen ýazylan eserler) gün-günden ösýär".
3. Alnymdan son awtoryň we eseriň ady ýaý içinde görkezilýär: "Altmyş, ýetmiş, ýüzdeh aňry ýaş bolmaz" (Magtymguly. Saýlanan eserler).
4. Şol sözlem bilen grammatiki taýdan baglanyşmaýan sözleriň we sözlemleriň (sokma sözler we sokma sözlemler) ýaý içine alnyp görkezilişi bar: "Men düýn Amany (ol barada son gürrüňleşeris) gördüm"; "Gözel düýn (aýtmak ýadymdan çykypdyr) saňa köp garaşdy".
5. Öürli sebäplere görä sözlemiň içinde sorag, ýüzlenme belgileriniň ýaý içinde goýulmagy mümkin. Awtor şularyň üsti bilen şol söze ýa-da sözleme okyjynyň ünsüni çekýär we özüniň şübhelenýänligini, geň galýanlygyny, düşünmeýänligini mälim edýär.
6. Tertip görkezmek üçin sanlaryň we harplaryň soňunda ýaýyň ýapylýan bölegi goýulýar: "Werziş meselesi: a) ýeňil atletika; b) göreş".
Yüklə 65,15 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin