Sorag belgisi Sorag belgisi sorag sözlemlerinden son goýulýar:
- Dermanlaryňyz ýeterlikmi?" (Turkmenistan. 01.05.2002).
- Suw üpjünçiligiňiz nähili?" (şol ýerde).
"Hiý, gezip ýören ýerleriňde şuna taý geljek kitaba dus gelen ýeriň boldumy?" (N.Saryhanow, Saýlanan eserler).
- Şeýle köp guzy almagyň öz syr-a bardýr? (Turkmenistan. 01.05.2002).
Yüzlenme belgisi Yüzlenme belgisi şu aşakdaky ýerlerde goýulýar:
1. Yüzlenme sözlemlerinden son: "Ruhuňyz hemişe belent bolsun!" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama); "Şonuň üçin hem kalbyňyzy arassa şaklaň, ruhuňyzy gözden salmaň!" (şol ýerde); "Sahawatyň üçin taňryýalkasyn, Beýik Serdar!" (Turkmenistan. 03.12.2001). "Täze ýylyňyz gutly bolsun, eziz adamlar!" (Türkmen gündogary. 01.01.2002). "Munuň her bir sözi köşekli düýä degýändir"!.. (N.Saryhanow. Saýlanan eserler).
2. Belent heňde aýdylýan buýruk sözlemlerinden son: "- Ur! Tä hasaň omrulýança ur!"; "- Seniň diliňi keserin!'; "Garaş, gyz! Garaş! Döwlet guşuna garaş!"; "- Biziň öňümize düş!". 3. Yüztutma, jogap sözleri, ümlükler sözlemiň başynda gelip, belent heň bilen aýdylanda, olaryň yzlaryndan yüzlenme belgisi goýulýar: "Mähriban halkym!" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama); "Mähriban türkmen halkym! Eziz ilim!" (şol ýerde).
4. Aýratyn güýçli duýgy bilen aýdylanda. ýüzlenme belsjisi yzly-yzyna üç gezek hem goýulýar: "- Bay, heleý-eý!.. Gitl-eý!.. Güm bol-uw-w!"; "- Wah!.. Eje jan!.. Men öldum-ley! Yüregim ýaryldy-la! Ah!.. Wah!!!".
Sorag - ýüzlenme belgisi Sorag hem ýüzlenme heňi bilen aýdylanda goýulýar: "Ibn Sina oňa: -Ýaş sanaşmaga başlamazdan öňinçä, bir gije-gündizi nähili geçirýändigiňizi aýtsaňyzlaň?!" - diýipdir" (Turkmen dili. 02.05.2001); -"Kitap bilen is salyşýandyryn - diýdiňmi. ýagşy ýigit?! (N.Saryhaňow. Saýlanan eserler). "Nämä mümkinçilik, nämäniň puryjasy?!" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).