8. Bir bedre kömri öýüň dördünji etažyna çykarylyp ýakyldy. Mun da birinji etažda ýakylanyna garanda näçe köp ýylylyk bölünip çykar? A) 4 esse.
B) 2 esse.
C) 3 esse.
D) Birmeňzeş ýylylyk bölünip çykýar.
9. Näme sebäpden ýyladyş batareýalary äpişgäniň aşagyna ýerleş- dirilýär? A) Dizaýny gowy bolmagy üçin. B) Massasy agyr bolany üçin.
C) Konweksiýanyň hasabyna alnanlygy üçin.
D) Şu ýagdaý moda bolany üçin.
JEMLEÝJI SÖHBET Munda siz IV bapda öwrenilen temalaryň gysgaça netijeleri bilen
tanyşýarsyňyz.
Termometr
Temperaturany ölçeýän esbap. Simaply ýa-da spirtli bolýar.
Naýçadaky suwuklyk sütüniniň beýikligi temperaturanyň
üýtgemegi bilen üýtgemegine esaslanan.
Bimetal
plastina
Ýylylykdan giňelýänligi dürlüçe bolan bir-birine berçinlenip
berkidilen iki metal plastina.
Ýylylyk
geçirijilik
Jisimiň gyzdyrylan böleginden gyzdyrylmadyk bölegine
ýylylygyň geçişi. Maddany düzýän bölejikleriň hereketi sebäpli
geçirilýär. Metallarda plastmassa, kerpiç, çüýşe, suwa garanda
birnäçe ýüz esse uly bolýar. Gazlarda bolsa örän kiçi.
Konweksiya Deň ölçegsiz gyzdyrylan gaz, suwuklyklarda maddanyň bir
ýerden, ikinji ýere akmagy sebäpli ýylylyk geçirijilik hadysasy.
Konwek siýanyň
tizligi
gatlaklaryň
temperaturalarynyň
tapawudy gurşawyň ýylylyk geçirijiligine bagly.
Şöhlelenme Gyzan jisimleriň özünden şöhle çykarmak hadysasy. Olardan
käbirleri göze görünýär, käbirleri görünmeýär. Şöhle özi bilen
energiýa alyp çykýar. Jisimler we maddalar şöhläni siňdirmek
netijesinde gyzýar.
Selsiý tem
-
peratura
şkalasy
Temperaturanyň ölçeg birliginden biri. Hasap başy nol üçin ereýän
buzuň temperaturasy alnan. Atmosfera basyşynda gaýnaýan arassa
suwuň temperaturasy 100 gradus diýlip kabul edilen.