124
Amaly ýumuş
Agymtyl we gyzgylt reňkdäki birnäçe teňňe, duzly suw sorulan
kagyzyň kömeginde wolta sütünine meňzeş batareýa ýasaň.
1. Bir sany galwaniki element emele getiren güýjenme adatda
1–2 V töwereginde bolýar, gök gürrüldän wagtynda bulutlaryň
arasyndaky güýjenme bolsa 100 million wolta ýetýär.
2. Uly kuwwatly generatorlaryň güýjenmesi 15–20 kV -a
deň bolan elektrik energiýasyny işläp çykaryp, peýdaly täsir
koeffisiýenti 97–98%-e ýetýär.
45-nji TEMA
DURMUŞDA ELEKTRIK TOGUNYŇ ÄHMIÝETI.
ÝÖNEKEÝ ELEKTRIK ZYNJYRY
Durmuşymyzy elektrik toksuz göz öňüne getirmek gaty kyn. Ol
bize hemme ýerde durmuşymyzy ýeňilleşdirmekde kömek edýär.
Ir bilen turup elektrik çyrasyny ýakýarys, elektrik çäýnekde çaý
gaýnadýarys. Mikrotolkunly elektrik peçde ertirlik gyzdyrýarys.
Ertirlikden soň lift arkaly aşak düşýäris. Metroda okuwa ýa-da işe
barýarys. Ýol ugruna öýjükli telefonda gepleşýäris. Mekdebe okamaga
gelsek, derse jaň kakylýar. Ýagty otaglarda
elektrike degişli dersleri
geçýäris. Üns berilse, bularyň ählisinde
elektrik togy kömekçi bolup
hyzmat edýär. Durmuşda biz peýdalanýan ençeme zatlar ýaly olaryň
oňyn taraplary bilen birlikde, ägä bolmasaň, zyýanly taraplary-da
bar. Çünki simlerden geçýän elektrik togy göze görünmeýär, ysy
ýok, reňksizdir. Toguň bardygyny ölçeg esbaplarynyň kömeginde
kesgitlemek mümkin. Tokdan zyýan çekilmegi ilkinji gezek 1862-nji
ýylda anyklandy. Munda adam tok geçýän simiň açyk ýerine degip
heläk bolupdyr. Şu sebäpli ondan peýdalanmak
üçin esbaplary tok
çeşmelerine dogry birikdirmegi öwrenmelidiris.
Öwrenmegi ýönekeý elektrik zynjyryny düzmekden başlalyň.
Munuň üçin tok çeşmesi, elektrik lampoçkasy we öçürip-ýakyjy
alynýar. Soňra depdere olary bir-birine birikdirmegiň çyzgysy
çyzylýar.
Çyzgyda tok çeşmesi, lampoçka, öçürip-ýakyjy
we başga
esbaplar şertli belgiler bilen belgilenýär (95-nji surat).