Usaid-iň Türkmenistandaky Maksatnamasy



Yüklə 0,59 Mb.
tarix03.02.2017
ölçüsü0,59 Mb.
#7570
.

USAID-iň Türkmenistandaky Maksatnamasy

USAID Türkmenistan basym garaşsyzlygyny alandan soň, 1992-nji ýylda hyzmatdaşlyk edip başlady. Şol wagtdan bäri Amerikanyň halky USAID-yň maksatnamalary arkaly Türkmenistanda jemgyýetçilik hyzmatlaryny kämilleşdirmäge, maglumat çeşmelerini elýeterli etmäge, bazar ykdysadyýetini we oba hojalygyny ösdürmäge öz ýardamyny berdi. USAID-yň maksatnamalary ministrlikler, hökümet guramalary, işewürler we jemgyýetler bilen birlikde iş ýerlerini döretmek, girdeýjini artdyrmak hünäri we bilimi ýokarlandyrmak we elýeter çeşmeleri ýerlikli dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk edỳär.


Ykdysady ösüş

Taslamanyň ady, dowamlylygy

Beýany

Habarlaşmak üçin adamlar we ýerine ýetiriji

USAID-iň Makroykdysadyýet Taslamasy (MEP)

2011-2016



Şu taslama arkaly USAID Türkmenistanyň hökümetine, jemgyýetçilik guramalaryna we hususy telekeçilige ykdysady ugurdan tehniki goldawyny berýär. Ýagny bu tehniki goldaw Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga we makroykdysady durnuklylyk, bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak we hususy telekeçiligi ösdürmek arkaly giňişleýin ykdysady osüşi gazanmaga gönükdirilendir.

Taslama şu ugurlardan goldaw berer:



  • Döwlet maliýe dolandyryşy we ykdysady syýasat; we

  • Ykdysady dolandyryş we telekeçilik üçin amatly gurşawy döretmek.

  • Söwda syỳasatynda

Bu sebitleýin taslama Türkmenistanda we Gazagystanda amala aşyrylýar.



USAID-de: Serdar Ýagmurow bilen habarlaşyp bilersiňiz


syagmurov@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama:

Deloitte Consulting LLP.




Oba hojalyk tilsimatlary

Maksatnamasy
2010-2014

Şu maksatnama arkaly USAID Türkmenistanyň oba hojalygy sektorynda işleýän hususy oba hojalyklarynyň iki görnüşiniň girdeýjiligini höweslendirýär:

  • Süýt we et önüm öndürýän mallaryň tohumyny kämilleşdirmek arkaly maldarçylygyň önümçiligini artdyrmak. Tohumçylyk mallaryň genetiki ýagdaýyny kämilleşdirmek, tehniki ýardam we maldarlary taýýarlamak (okatmak)arkaly amala aşyrylýar. Weterinarlar üçin mallary iýmitlendirmegiň we keselllerden goramagyň döwrebap maksatnamasy esasynda mallaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak barada ýöriteleşdirilen okuwlar geçiriler.

  • Gök-önüm we miwe önümlerini öndürijilere, olary täzeden işleýänlere we olaryň satuwy bilen meşgul bolýanlara, esasan hem ýyladyşhanalarda gök-önüm öndürmek bilen meşgul bolýanlara hemaýat etmek. Saýlanyp ekilen görnüşleriň önümçilik yzygiderliligini derňemek; içerki hem daşarky bazarda ýerleşdirilýän (satylýan) ahyrky önümiň üstüne goýlan bahasyny ýokarlandyrmak üçin bu yzygiderliligiň komponentlerine meýilleşdirilen goldaw bermek.

Bu taslama diňeTürkmenistanda amala aşyrylýar.

USAID-de: Serdar Ýagmurow bilen habarlaşyp bilersiňiž
syagmurov@usaid.gov +99312 45-61-30
Ýerine ýetirji gurama:Weidemann Associates

Sebitde energiýa howpsuzlygy, netijeliligi we söwda taslamasy

(RESET)
2010-2014

Taslama Merkezi Aziýada elektro-energiýasynyň bazaryny ösdürmäge niýetlenendir, ýagny:

  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bazar bahalaryna daýanýan elektro-energiýasynyň satuw bazaryny döretmek arkaly, energiýanyň we goşmaça hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemegi we energiýa satuwyny ýaryş esasynda gurnamagy ol öz içine alýar;

  • Günorta Aziýa, hususanda Owganistana iberiljek elektro-energiýanyň artdyrylmagyny we has ygtybar üpjünçiligini goldar.

Bu taslama Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Täjigistanda, Türkmenistanda, Özbegistanda we Owganystanda ornaşdyrylýar.



USAID-de: Serdar Yagmurow bilen habarlaşyp bilersiňiz
syagmurov@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama: Tetra tech

Junior Açiwment Worldwide
2009-2013


Ýaşlara bazar ykdysadyýetinde iş berijiler we işewürler hökmünde çykyş etmäge hemaýat etmek, ỲUSAID Türkmenistandaky Junior Açiwment Worldwide-iň maksatnamalaryny maliỳeleşdirỳär. Bu maksatnamalar ýaşlara niýetlenen çäreleri, ýaryşlary, konkurslary we uçurymlaryň duşuşygyny gurnamak arkaly olaryň işewürlik işini öwrenmegine we ykdysady bilimleriniň derejesini beýgeltmek üçin iş alyp barýar.
USAID Junior Açiwment Worldwaid taslamasynyň çärelerini goldamakda Şewron Nebitgaz şereketi bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Bu taslama diňeTürkmenistanda amala aşyrylýar.

USAID-de: Serdar Yagmurow bilen habarlaşyp bilersiňiz
syagmurov@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama: Junior Açiwment Worldwide
http://www.ja.org/near/




Saglygy goraýyş we bilim

Taslamanyň ady, dowamlylygy

Beýany

Habarlaşmak üçin adamlar we ýerine ýetiriji

Ýokary hilli saglygy goraýyş” taslamasy
2010-2015

Hilli saglygy goraýyş taslamasynyň esasy maksady Merkezi Aziýanyň ilatynyň töwekgel toparlaryna jemgyýetçilik saglygy goraýşy tarapyndan berilýän hyzmatlary, şol sanda AIW/AIDS we inçekesel boýunça berilýän hyzmatlary ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Taslama ilatyň töwekgel toparlaryna bejeriş ugurlaryny şu ýollar arkaly gowulandyrmaklyga gönükdirilendir, ýagny:


  1. Syýasaty, kanunçylygy kämilleşdirmek bilen, degişli şertleri döretmek we töwekgelçilikli toparlaryň medisina hyzmatlaryna bolan ýaramaz gatnaşyklaryny aradan aýyrmak;

  2. AIW/AIDS, inçekesel we gyzdyrma bilen göreşmek boýunça Global gaznanyň grantlaryny we AIW/AIDS, inçekesel we gyzdyrma boýunça maksatnamalary dolandyrmagy kämilleşdirmek.

  3. AIW/AIDS boýunça milli maksatnamanyň ýerine ýetirilişini meýilleşdirmek, dolandyrmak we barlamak boýunça döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medisina işgärleriniň mümkinçiliklerini berkitmek.

Taslama ene we çaga, maşgalany meýilleşdirmek ugurlary hem-de beýleki keseller boýunça taslamalara girizilen iň oňat sapaklary we tejribe usullaryny ornaşdyrmaklygy goldaýar. Bu taslamanyň maksatlary medisina hyzmatlaryny bermek boýunça döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň kadalaryna laýyk getirmek hem-de AIW/AIDS, inçekesel we gyzdyrma bilen göreşmek boýunça Global gazna goldanmak bilen, ilatyň töwekgel toparlaryna medisina hyzmatlaryny bermegiň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga; AIW ýokançlygynyň we inçekeseliň öňüni alyş maksatnamasyny ýokarlandyrmaga; bejerginiň, ýüze çykarylyş (diagnostika) usullarynyň derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle-de AIW ýokançlygy ugrunda medisina hyzmatlarynyň berilişine gözegçilik edilişini (monitoring) we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Taslama enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maşgalany meýilleşdirmek boýunça, şeýle-de medisina hyzmat edilişiniň beýleki ugurlary boýunça meýilnamalaryň kämilleşdirilip işlenip taýýarlanmagyna ýardam edýär.
Bu sebitleýin taslama Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Täjigistanda, Türkmenistanda, we Özbegistanda ornaşdyrylýar.


USAID-de: Ýelena Samarkina bilen habarlaşyp bilersiňiz
esamarkina@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama: Abts Associates HOUP taslamasy bilen birlikde

Ýaşlar merkezi
2009 – 2015


Bu maksatnama iki sany ýaşlar merkezini açdy we olary dolandyrar: biri Maryda, beýlekisi Aşgabatda. Ýaşlar Merkezi iňlis dilinden başlap, kompýuter derslerini, sport we jemgyýetçilik klublaryny we nesil saglygy, HIV/AIDS öňüni alyş çäreler we ş.m. mowzuklar boýunça maslahatlary gurnaýar. Bu maksatnama Şewron Nebitgaz B.V. we USAID bilen birlikde maliýeleşdirilýär.
Bu taslama diňeTürkmenistanda berjaý edilýär


USAID-de: Ýelena Samarkina bilen habarlaşyp bilersiňiž
esamarkina@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama: JSI

Dialog-Gepleşik” taslamasy

2010-2015



“Dialog” taslamasy inçekesel we HIW infeksiýalary bilen kesellemek howpy ýokary toparlar üçin maslahatlary, okuwlary gurnaýar we ýokary hilli medisina hyzmatlaryny olara elýeterli etmek üçin iş alyp barýar.
Bu taslama hökümet guramalaryň ilata ỳokary hilli profilaktiki hyzmatlaryny bermäge, keselleriň öňüni alyş çäreler barada maglumat üpjünçiligini ỳokarlandyrmaga, we narkotiki jisimleri şprits arkaly ulanỳan adamlara Immune ỳetmezçilik wirusy we inçekesel ỳaly ỳokanç keselleriň geçmeginiň öňüni almak çärelerini berkitmäge gönükdirilendir.

Bu sebitleýin taslama Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda berjaý edilýär.



USAID-de: Ýelena Samarkina habarlaşyp bilersiňiž
esamarkina@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama: Population Service International (PSI) Türkmenistanyň Gyzyl ýarym aý jemgyýeti bilen göni arkaly işleýär

Inçekesele garşy göreş boỳunça hyzmatdaşlyk taslamasy

 

2012–2015



 

 

 



Türkmenistanda inçekesele garşy ýerli mümkinçilikleri berkitmäge toplumlaýyn köp komponentli çemeleşme we onuň öňüni almagyň, göreşmegiň we bejerginiň ähmiýetli we çalt usullaryny girizme taslamanyň esasyny düzýär. 
Taslamanyň strategiýasy BSGG-ň Ýewropa sebitindäki 2011-2015 ýyllardaky köp sanly we giň derman durnuklylygynyň (K/GDD-IK) öňüni alyş we göreşi boýunça hereketleriň toplumlaýyn meýilnamasy bilen utgaşdyrylandyr. 
Taslama milli we halkara hyzmatdaşlar bilen işleýär. Taslama BSGG tarapyndan hödürlenen IK we KDD-IK üçin gollanmalaryň ornaşdyrylmagynyň we masştablarynyň giňeldilmeginiň goldawy üçin tehniki kömek edýär. Ol Saglygy goraýyş Ministrligini (SGM) we milli maksatnamalary K/GDD-IK  meýilnama hereketleriniň meyilleşdirilmegi, ornaşdyrylmagy, gözegçiligi we bahalandyrmasy we donorlar hem-de milli gyzyklanýan taraplar bilen ylalaşygy gowulandyrmak üçin olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly goldaýar.
Bu sebitleýin taslama Türkmenistanda we Özbegistanda berjaý edilýär.

 USAID-de: Ýelena Samarkina habarlaşyp bilersiňiž
esamarkina@usaid.gov

+99312 45-61-30



Ýerine ýetiriji gurama: Bütindünỳä saglyk guramasy (BSG)

Türkmenistanda maglumat we aragatnaşyk tilsimatlaryny goldamak
2009 – 2013

Türkmenistanda maglumat we aragatnaşyk tilsimatlaryny goldamak taslamasy ýokary okuw jaýlarynda talyplary, mugallymlary, ylmy işgärleri, hojalyk-dolandyryş bölümini wajyp tilsimat serişdeleri bilen üpjün edýär, bu bolsa olaryň bilimlerini kämilleşdirýär we onlaýn görnüşindäki çeşmeler arkaly köpçülikleýin usulyýeti işläp düzmäge, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we Maglumat we aragatnaşyk tilsimatyny bilim ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam edýär. Bu taslamanyň hökümet tarapyndan esasy hyzmatdaşy Ylymlar akademiýasy çykyş edýär, onyň Dil we Edebiýat institutynda interaktiw we mulltimedia serişdeleri arkaly okatmak üçin internet- merkez ýerleşdirilip ol ýerde okuwlar geçirilýär, ýaşytdaşlaryň bilen aragatanaşyk saklamak üçin internet elýeterli,mugallymçylyk dersleri üçin materiallary işlemäge we tehniki taýdan goldaw bermäge hemme mümkinçilikler döredilen. Şu maksatnamanyň çäginde Y.A.-nyň ýolbaşçylygynda distansion okuw we iň gowy tejribäni sanawlar we elektron platformasy arkaly ibermek ýola goýlandyr.
Bu taslama diňe Türkmenistanda berjaý edilýär.

USAID-de: Wepa Berdiỳew bilen habarlaşyp bilersiňiz
vberdiyev@usaid.gov

+99312 45-61-30



Ýerine ýetiriji gurama: Halkara ylmy barlag alyş- çalyş boỳunça maksatnamasy (IREX)





Demokratiýa institutlary

Taslamanyň ady, dowamlylygy

Beýany

Habarlaşmak üçin bellenen adamlar we ýerine ýetiriji

Döwlet dolandyrylyşyny berkitmek maksatnamasy
2010-2014



Türkmen döwlet işgärleriniň dolandyrmak baradaky bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmekde tehniki ýardamy bermek.Taslamanyň çäginde okuw, stažirowka, hünärmenleriň maslahaty geçirler, maglumat goldawy berler we dolandyrmagyň netijeli nusgalary elýeterli ediler.
Bu sebitleýin maksatnama Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Täjigistanda, Türkmenistanda, we Özbegistanda amala aşyrylýar.


USAID-de: Gülnar Hydyrowa bilen habarlaşyp bilersiňiz
gkhadyrova@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama: QED Group

Ynsan söwdasyna garşy durmak

2010-2013




Şu taslamanyň maksady Türkmenistanyň hökümetine we raýat jemgyýetiniň işgärlerine habar beriş işlerini, okuw maksatnamalaryny we ynsan söwdasynyň garşysyna gönükdirilen başga çäreleri gurnamak arkaly ynsan söwdasynyň garşysyna durmakda iş alyp barmaga hemaýat etmek
Bu taslama Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda alnyp barylýar.

USAID-de: Gülnar Hydyrowa bilen habarlaşyp bilersiňiz
gkhadyrova@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama:

Migrasiýa boýunça halkara gurama



Raýat jemgyýeti üçin hukuk goldawy
2009 – 2014

Bu taslama hukuk, dolandyryş, edara gurluşyny, we maglumat gurşawyny kämilleşdirmek arkaly raýat jemgyýeti guramalaryň ösmegine hemaýat edýär. Şeýle hem bu taslama bu guramalaryň osýän we üýtgeýän kanun çykaryjy gurşawynyň alyp barýan işiniň talaplaryny ödemek üçin hukuk bilimlerini edinmegine ýardam eder.
Bu sebitleýin taslama Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Täjigistanda, Türkmenistanda, we Özbegistanda amala aşyrylýar.


USAID-de: Gülnar Hydyrowa bilen habarlaşyp bilersiňiz
gkhadyrova@usaid.gov

+99312 45-61-30


Ýerine ýetiriji gurama: Komersiỳa däl hukugy boỳunça halkara merkezi (ICNL)



Habarlaşmak üçin maglumatlar:










USAID-iň Merkezi Aziỳadaky sebit missiỳasynyň direktory:
Änn Arnes

Каzybek Bi köç. 41,

Almaty, Gazagstan 050010

Tel:(7-727)-250-79-12


http://centralasia.usaid.gov

USAID-iň Türkmenistandaky Başlygy:
Benjamin Çapman

Biznes merkezi,blok А

Ýunus Emre koç 1 , Mir-2/1

Aşgabat, Türkmenistan 744017

Tel. :(10-993-12) 45-61-30


USAID-iň Waşiňtondaky Merkezi Aziỳa we Gyrgyzstan baradaky jogapkär işgäri:

Dr. Erik Rudenshiold

Ronald Reýgan ymaraty, 4.9-132 Pensilwaniýa köç NW, Waşiňton, DC 20523-5800

Tel.: (202) 712-0141




Maglumat iň soňky sapar 2013-nji ỳylyň iỳun aỳynda täzelendi






Yüklə 0,59 Mb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin