Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə3/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Söz diýeniň togar-togar bir zatdyr
Sözden gala gurmak kime aňsatdyr. 
Çöpläp goýan wagtyň öz jaýy gerek, 
Sepläp goýan wagtyň öz laýy gerek. 
Ine, onsaň oňa bakmak aňsatdyr, 
Togar-togar dälde, gözel bir zatdyr. 
2.
 
Terbiýeçiniň sözleýşi. Terbiýeçiniň sözleýşi çagalaryň sözleýşini 
ösdürmegiň serişdesi hökmünde. 
 

Tebiýeçiniň sözleýişi çagalar üçin nusgadyr. 

Çagalary hemme taraplaýyn terbiýelemekde sözleýşiň orny. 
Terbiýeçi çagalary hemmetaraplaýyn terbiýelemekde döwlet 
tarapyndan ynanylan adamdyr. Ol ýurdumyzyň geljekdäki raýatlaryny 
döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda çalyşýar. Çagalar bagynda 
terbiýeçiniň sözleýşiniň kämilligi onuň hünär kämilliginiň ýokarsynda 
görkezýär. Ol özünde sözleýşiň kämil başarnyklaryny edinmek bilen 
çagalary hem şeýle usulda terbiýeleýär. Terbiýeçiniň sözleýşi çaganyň 
sözleýşiniň esasy çeşmesidir. Terbiýeçi döwlet tarapyndan düzülen 
maksatnamany
 
doly ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr. Hakyky terbiýeçiden 
edilýän pedagogik talaplar örän köpdür. Biz olaryň üstünde durup geçeris. 
Çagalar bagynda terbiýeçi bolup işlejek adamyň sözleýiş dili düşnükli
sada, edebi dilde, howlukman her bir sözi, sesi ýerli-ýerinde goýup, 
gepläp bilmegi başarýan adamlar bolmaly. Sözleýiş dili arassa, sada 
bolmaly. Çaga ula öýkünmek bilen öwrenýär. Terbiýeçi labyzly çeper 
okaýşa hem-de gürrüň edip bilmäge ökde bolmalydyr. Labyzly okaýyş, 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
10 
çeper gürrüň edip bermek çagada okalýan, gürrüň berilýän zada 
gyzyklanmany oýarýar, diňlemäge höwesi ösdürýär. Gürrüň edip bermek, 
hekaýa etmek arkaly baglanyşykly sözleýiş ösýär. Hekaýa etmegi 
öwretmek gören-eşiden zatlaryny gürrüň etdirmekden, gysgajyk edebi 
eserleri okap berip, şol baradaky pikirlerini bilmekden, sorag- jogapdan 
başlanýar. Soňra suratlar arkaly hekaýa etmeklige geçilýär. 
Mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemekde terbiýeçiniň 
sözleýşiniň ähmiýeti uludyr, ol hem çagalar üçin ene dilini öwretmekde 
nusgadyr, we olara täsir ediş serişdesidir. Şol sebäpli çagalara öwredýän 
ene dilini gowy bilmegi üçin terbiýeçiniň öz sözleýşini kämilleşdirmegi, 
baýlaşdyrmagy hünär borjy hasap etmelidir. Çagalar bagynda terbiýeçi 
bolup işlejek adamyň sözleýiş dili düşnükli, sada edebi dilde howlukman 
her bir sözi, sesi ýerli ýerinde goýup gepläp bilmegi başarýan adam 
bolmalydyr. Çaga sözleri ula öýkünmek bilen öwrenýär. Terbiýeçiniň 
sözleýşine talap: Sözleýişiň baýlygy grammatika taýdan dogrulygy 
sözleýşinde ses medeniýeti diýildigidir. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin