Mekdebe çenli
çagalarda sözleýiş
dilini ösdürmegiň
usulyýeti
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi
I
MUGALLYMÇYLYK MEKDEPLERI ÜÇIN
OKUW GOLLANMASY
TAÝÝARLAN: TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝATY
MUGALLYMLARY U.SEÝITGULYÝEWA WE
M.DÖWLETOWA
AŞGABAT | 2019ý.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
1
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymçylyk geňeşinde tassyklandy
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI
ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
dersinden mugallymçylyk mekdepler üçin okuw gollanmasy
Taýýarlan: türkmen dili mugallymlary U.Seýitgulyýewa we
M.Döwletowa
Aşgabat-2019ý.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
2
Giriş
Mekdebe çenli çagalar edaralar bilim ulgamynda çagalara bilim-
terbiýe bermegiň ilkinji hem-de iň wajyp basgançagy bolup durýar. Bu
ýerde bellenen dersler boýunça işlenen ýörite okuw maksatnamalaryna
laýyklykda ilkinji düşünjeler berilýär, başarnyklar we endikler kemala
getirilýär. bu iş çagalara terbiýe bermek bilen berk utgaşyklykda alnyp
barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň
hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiniň kemala gelmek binýadynyň düýbi
tutulýar.
Çagalarda sözleýiş dilini ösdürmek kiçi ýaşlarynda has oňat ýüze
çykýar. Şonuň üçin hem kiçi ýaşly çagalaryň duýgularyny oýarmakda,
pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmekde, olary akyl taýdan
ösdürmekde sözleýiş diliniň ähmiýeti örän uludyr. Ylmyň ösmegi,
innewasion tehnologiýalaryň giňden ulanylyp başlanmagy ösüp gelýän
ýaş nesliň sözleýiş dili boýunça taýýarlygynyň ýokary bolmagyny talap
edýär.
Çagalaryň mekdepde üstünlikli okamagy üçin olaryň irki ösüş
döwrinden başlap alan bilimleriniň kesgitli derejede bolmagy talap
edilýär. Şonuň üçin hem guralýan her bir sapakda çagalaryň öň alan
düşünjeleriniň üsti ýetirilýär. Şeýle hem olaryň sözleýiş dili ösdürilýär.
Halk döredijiligi (ertekiler, rowaýatlar, sanawaçlar, matallar)
çagalaryň sözleýiş başarnygynyň kemala gelmegine oňat täsirini ýetirýär.
Olary peýdalanyp, çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek mümkin.
Ertekilerdäki gahrymanlaryň üsti bilen berilýän düşünjeler çagalaryň
ýadynda oňat galýar. Dürli häsiýetli gahrymanlaryň hereketleri çagalarda
dogry dünýägaraýşyň kemala gelmegine, olaryň pikirlenmesiniň,
ýadynyň ösmegine ýardam edýär.
Okuw kitabynda berilýän goşgular terbiýeçiler tarapyndan okalyp
berilse ýerlikli bolar. Çünki şygyrýet, isle, uly adam bolsun, isle, kiçi
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
3
ýaşly çaga, olarda içki joşguny döredýär. Şahyrana döredijilikli aýdylýan
zada gyzyklanmany hem-de höwesi oýarýar.
Ertekileriň gahrymanlary arkaly hödürlenýän ýumuşlar çagalar
üçin has täsirli bolup, işiň netijeliginiň artmagyna, baglanşykly
sözleýşiniň ösmegine ýardam berýär. Çaganyň sözleýşi her bir ders arkaly
ösdürmelidir, kämilleşdirmelidir, baglanşyklt sözläp bilmek berk ýola
goýmalydyr. Terbiýeçiniň döredijilikli çemeleşmesi şu ýerde aýdyň ýüze
çykmalydyr. Terbiýeçiniň her bir maglumaty öwredende sözleýşiň
täsirliligi çaganyň sözleýşi medeniýetiniň kemala gelmeginiň ösmeginine
ýol açmalydyr.
Okuw kitabynda sözleýiş dilini ösdürmek suratlar arkaly
tanyşdyrmaga uly üns berilýär. Bu bolsa diňe ir çagalaryň ünsüni kitaba
gönükdirmegi gazanmaga ýardam bermän, olaryň okuwa bolan
gyzyklanmasynyň, aň-düşünjesiniň ösmegine kitaba bolan söýgüsiniň
artmagyna hem ýardam berýär. Suratlar, oýlanyşykly pikirlenmäge
degişli ýumuşlar, gyzykly oýunlara çaganyň diňe logiki pikirlenmesini
ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň döredijilikli göz öňüne
getirmesini ünsüni bir ýere jemläp bilmek ukybyny kemala getirer.
Sapaklaryň gyzykly ýumuşdyr oýunlar arkaly geçilmegi az
wagtyň içinde köp maglumatlaryň özleşdirilmegine kömek edýär. Çaga
bilen ýekelikde işlemek olaryň özbaşdak işläp bilmek mümkinçiligini
ösdürse, toparlar boýunça işlemek birek-birege bolan hoşmeýilli
dostlukly garaýşy ösdürýär.
Sözleýiş dilini ösdürmekde kompýuter, interaktiw tagatany
ulanyp öwredilmegi çaga üçin has-da gyzyklydyr we özüne çekijidir.
Şonuň üçin-de okuw kitabynyň maglumatlary esasynda slaýdlary,
öwrediji kompýuter oýunlarynda taýýarlanmak we olary sapakda
ulanmak maksada laýykdyr.
Çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş topary üçin sözleýiş dilini
ösdürmek okuw maksatnamasy esasynda taýýarlanan “Mekdebe çenli
ýaşly çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek usulyýeti” kitabynyň esasy
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
4
maksady çagalaryň sözleýşini aňly-düşünjeli özleşdirmeklerine ýardam
etmekdir, olary mekdep okuwyna taýýarlamakdyr.
Okuw kitabynda türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplaryndan,
awtoryň goşgudyr, hekaýalaryndan we gazet-žurnallardan peýdalanyldy.
Dostları ilə paylaş: |