Ýatjak wagtym jyňňyrdanda telefon.
Oňat dynç almaga arzuw edýänin
Duýdurardy her gün, dostum Garahan.
Doglan günüm oglumdan öň gutlardy,
Myhmanlary garşylardy men bolup.
Şu ýagdaýda esli salym ýaşadyk,
Aýdylşy dek, bir jan-u-ten bolup.
Bir gün bolsa, ýatmazymdan öňünçä
Öňki ýaly seslenmedi telefon.
Men welin, hut şol gün dosta mätäçdim,
Hawa, men mätäçdim saňa, Garahan!
Ine, şeýdip näçe ýylyň dostlugy
Ýüzüň sowup geçdi gitdi duşumdan.
Indi-indi hasap edip otursam,
Edil şol gün, aýrylypdym işimden...
Hyjyw bar gursakda, hyýal bar başda
Hyjyw bar gursakda,
Hyýal bar başda,
Adama näme zat gerekmiş başga?
Bir gadak ýigrenç,
Bir çuwal söýgi,
Ep-eslije şatlyk, sähelçe gaýgy.
Oňşup bilmese-de bir-biri bilen,
Artygrak Çyn gerek,
Kertigräk ýalan.
Tapylsa dost bilen wepaly nöker,
Duşmanyň öz-özi alnyňdan çykar.
Özüňe düşünýän söwer ýar gerek,
Şan-şöhrat hökman däl, namys-ar gerek.
Dost-ýarlaryň bilen hasap bolmaly,
Ýuka nebis, galyň ynsap bolmaly.
Bolmaly, ýene-de bir zat bolmaly,
Kalbyň açyk, ruhuň azat bolmaly.
Özüňki bolmaly pikiriň, kelläň,
Azajyk akylam bolaýsa kem däl.
Ýatdan çykan zat barmyka, bagyşla,
Ýene näme gerek bulardan başga?
Gowulyk, gowulyk, gowulyk gerek,
Hem-de bir azajyk şowlulyk gerek.
Şertler
Sen maňa düşünmek isleýän bolsa,
Onda ilki öz-özüňi derňäp gör,
Özüňden özgäni görmän geçme-de,
Il üçinem bir salymjyk eňräp gör.
Maňa düşünjegiň çynlakaý bolsa,
Agraldyber egniňdäki ýüküňi.
Käte-käte garşy gidip özüňe,
Özgä uzat öz iýmeli hakyňy.
Almagam-a ýaman närse däl welin,
Bermegiň-de lezzet bar, ynanaý.
Bu dünýäde täsin zatlar bolýandyr,
Bir gezejik bereniňe begenäý.
Sen maňa düşünmek isleýän bolsaň,
Gara-ha gara diý, aga-da ak diý.
Ikisiniň ýerin çalşyr diýseler,
Meniň bir ýüzüm bar, ikisi ýok diý.
Ýeňil günde guwdurama, hekgerme,
Agyr günde egin gysma, müzzerme.
Ejize-de, asgyna-da ýüz beräý, —
Bir özüňden ökdelere ýüz berme.
Beýge galdygyňça pes tut päliňi,
Aýlaw-hile näme gerek — çaga bol.
Duşman duşmandygny gizläp duranok,
Heran-haçan dost sumakdan ägä bol.
Aldamag-a aýyp zadam görlenok,
Dönüklik etseler — şony aýyp gör.
Özüňi oda ur diýmäýin welin,
Gerek bolar, mahal-mahal köýüp gör.
Hawa, maňa düşünjegiň çyn bolsa,
Ynsabyňy barja zatdan gymmat gör.
Gözel ýerler kändir welin dünýäde,
Göbek ganyň daman ýerin jennet gör.
Şo şertleri berjaý edip biläýseň,
Maňa az-kem düşünmegiň mümkindir.
Görşüň ýaly, juda geň-taň adam men,
Hawa, men tetellä düşünmek kyndyr.
Dürdäneler dünýäsine çakylyk
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Bu jahanda diýilmedik zadam ýok.
Arman, bu eýýamda sözüň manysyn
Tirip, çirtip bilýän kän bir adam ýok.
Hasanaklap, nirä barýaň, eý adam,
Alnyň, ýoluň açyk bolsun, hoş gördük.
Salam bersem, näme diýip geň görýäň,
Gözüň aç, gursagyňy boş gördük.
Ömri gäwüş bilen geçirer ýaly
Durmuş beýle bimany däl, görýän men.
Bu dünýäde parasada gol bermän,
Nädip ýaşap bolýanyna haýran men.
Diýýärler: Gudraty güýçliniň özi
Ýalançyny ýaradypdyr söz bilen.
Sözüň gudratyny diňe duýmaly,
Ol gudraty görüp bolmaz göz bilen.
Ol dünýä-de ugradýarlar söz bilen,
Başga hiç zat sözüň ornun tutanok.
Kölegäni kowup barýan eý, bende,
Näme üçin şuňa aklyň ýetenok?!
Kiseler garypka, kalby baý eden
Goşgulara, gazallara gurban men.
Bu jahanda Pyragyny tanaman,
Nädip ýaşap bolýanyna haýran men.
Sözden ýasalypdyr beýik kitaplar,
Men olarda gudrat gördüm, güýç gördüm.
...Garnyň-a golus-a doludyr welin,
Eziz adam, göwnüňi-hä aç gördüm.
Ah, nähili şypakerdem bu Dünýe
Ah, nähili şypakerdem bu Dünýe.
Ýekeje bir ýeser ýeri — soňy puç.
Ykbal aýyrmasyn bizi gülmekden,
Arman, aglamalam bolýar ir-u-giç.
Sallançakda ýatyr suw ýaly çaga,
Onda entek ne gurbat bar, ne-de güýç.
Ýadaw ene hüwdüleýär, üwreýär,
Olam saňa hossar bolar ir-u-giç.
Garnyň doklugydy uly arzuwym,
Doýa garna iýip bilmän gezdim aç.
Dilgir bolma — üç arzuwyň bar bolsa,
Birden biri hasyl bolar ir-u-giç.
Ýaşap ýörüs bir-birekden ýaşyryn.
Günä edýäris-de, ökünemzok hiç.
Ýöne hatyrjem bol:galplygyň üçin
Öz-özüňi ýigrenersiň ir-u-giç.
Bu dünýe şeýle giň, şeýle ümmülmez,
Seret, onda ne gyra bar, ne-de uç.
Ýöne ol darala-darala, seni
Ýeke garyş ýerde gizlär ir-u-giç.
Seniň giň goýnuňa sygmadyk dünýäň
Ine, ahyr senden şeýdip ala öç.
Bu — ajydyr.
Emma ýalňyz adalat
Hut şundadyr.
Düşünersiň ir-u-giç.
Ömür
Biz çagadyk, gum içinde
Ýaşalardy oba bolup.
Seret, anha, Daşlyň oýy
Ýatyr indi çäge bolup.
Başdan indi agyr ykbal,
Dalap geçdi gara şemal.
Eziz uýam Annajemal,
Penaladyň Käbe bolup.
Ömür maňa düşdi gymmat,
Özüň çaga, ýüküň mähnet.
Üstesine gara töhmet
Igledipdi ige bolup.
Dilimde Hak içsem, iýsem
Gabardamok, näme diýsem.
Gören görgim dur henizem,
Maňlaýymda joýa bolup.
Hawa, kän zat gördi gözüm,
Ýüregimde ýokdur dözüm.
Goý, eşdilsin her bir sözüm
Şükür! bolup, Toba! bolup.
Hernä geçdi-gitdi bary,
Alkyşlaýan Biribary.
Dik başymda — gyşyň gary,
Göwnüm gülýär çaga bolup.
Eý, dost-ýarlar, eý, gardaşlar,
Aman bolsun karz başlar.
Alkyş alyň — ak alkyşlar,
Geler bir gün miwe bolup.
Göz ýetirip barýan barha:
Biz köpçülik, Taňry tenha.
Şükür, ýaşap ýörün, ynha,
Berdinazar aga bolup.
Ham-hyýal
Sen bu ýalançyny juda çyn tutduň,
Olam maýmyn bolup oýnady seni.
Owadan-owadan allary bilen
Guduratdy seni, güýmedi seni.
Hawa, sen dünýäni gaty çyn tutduň,
Gujakladym, gysymladym öýütdiň.
Ugrunda selpediň, hallanlar atdyň,
Ol welin, sylaýyn diýmedi seni.
Dünýä saňa gözün gypdy gyz bolup,
Aklyň aldy durşy bilen näz bolup.
Aşyk bolduň, guduradyň ýaz bolup,
Emma görüp dursuň, söýmedi seni.
Diýseler Bu dünýä panydyr pany,
Sen ondan çykarjak bolmadyň many.
Ýalançynyň çig süýt emen myhmany,
Aňryň ne palçykdan eýledi seni?
Hawa, bu dünýäni tutmakçydyň sen,
Entek kän zatlary etmekçidiň sen.
Utulmakçy däldiň, utmakçydyň seni,
Görýäň, beýtmäge goýmady seni.
Ýadawlyk
Agras oý-pikirler ýadatdy halys,
Huma dönen kelle boşaşsyn biraz,
Soňsuz hysyrdydan daljygan ýürek,
Demini dürsesin, köşeşsin biraz.
Gümra bolduň soňy gelmez işlere,
Ýatsaňam goýanok girip düýşlere.
Gaçyp gitjek gümany ýok hiç ýere,
Iş-pişe gapyda garaşsyn biraz.
Gursakda galypdyr görnäçe düwün,
Kömege çagyrýan şeýtanyň suwun.
Bolgusyz gep bilen çişirlen göwün
Öýkesini ýazyp, ýaraşsyn biraz.
Adam pakyr çig süýt emipdir, arman,
Gezip ýör kemini özünden görmän.
Mydam özge bilen göreşip ýörmän
Öz-özi bilenem göreşsin biraz.
Hüw-hak! diýip ýören derwişler deýin,
Başym alyp ýaşyl ýaýla gideýin.
Yz çalyp, aw aňtap seýran edeýin,
Gök ýylak saçymy daraşsyn biraz.
Depämde düýrügen çygly bulutlar
Gözlerin ýaşartsyn gülüp-gülüpler.
Berdinazar aga çaga boluplar,
Guba depelere dyrmaşsyn biraz.
Sermest bolup gelen bahar aýynda,
Ömrüň giç öýleden öten çagynda.
Ýetimsiräp galan Daşlyň oýunda
Tenha özi bilen gürleşsin biraz.
...Ine, gök gübürdäp atýar haýbatyn,
Depe bilen düzi saýgarmak çetin.
Goý, ýagşyň astynda galyp gözýetim,
Asman bilen Zemin birleşsin biraz.
Daglar
Düşegiň Ýer bolsa, üçegiň Asman,
Diwary daşlardan örülen daglar.
Gaý-tupana başyn egmän, sarsman
Kerem-keramata öwrülen daglar.
Göwsi doly ýol-ýodadan, öwrümden,
Atylan ok geçip bilmez böwründen.
Gyşyň gazabyndan, günüň howrundan
Saçy ak, sagrysy çalaran daglar,
Jülgeleri bardyr bakjaly-barly,
Etegi ýagyşly, depesi garly.
Heran-haçan görseň başy humarly,
Gerşinde bulutlar düýrügen, daglar.
Gatlaklary gatlaklara dyrmaşan,
Çal dumany gowaklara ornaşan,
Depesinde aç arslanlar arlaşan,
Başy asman bilen birigen daglar.
Gün düşende jülgeleriň düýbüne
Arkan ýat-da, birazajyk meýmire.
Ýüzläp derde melhem bolan mumyýa
Gözümden ýaş bolup syrygan daglar.
Agyr uka batan derelerinde
Gyşyň gara güýji oýananynda.
Güne ýanan ýylçyr gaýalarynda
Nije ýowuz ýeller sygyran daglar.
Haka sygnyp ýola düşseň ir bilen,
Sataşarsyň gaplaň bilen şir bilen.
At başyny çekip, howatyr bilen
Çola zawlaryna girilen daglar
Gözel jülgeleriň lezzeti bilen,
Gerimi, göwrümi, gudraty bilen.
Howalasy bilen, haýbaty bilen
Bizi belentlige çagyran daglar.
Pespäl
Üýtgeşik bir zat gerek däl,
Bagda guşlar saýrap dursa,
Ilden-ile barýan ýollar,
Çar tarapa ýaýrap dursa.
Keramat bar, gyzyl kölde,
Alamat bar, ýylçyr buzda.
Bolýar bize gyşda, ýazda
Howa sowap, maýlap dursa.
Utulmasaň söwdalarda,
Suw bol bolsa howdanlarda.
Bolýar, ala meýdanlarda,
Alma, narlap gülläp dursa.
Halal bolsa bu giň ojak
Ýeri, başga näme diýjek?
Goç ýigitler ýalňyşmanjyk
Ýary seçip-saýlap dursa.
Gumry gonsa üçegiňde,
Nanyň bolsa saçagyňda.
Kemiň näme, gujagyňda
Agtyjagyň oýnap dursa.
Ýok zatlara başyň goşma,
Näme gerek mundan başga?!
Ylham atly täsin çeşme
Ýetmiş ýaşda gaýnap dursa.
Alkyşlaly iýlen duzy,
Bu arzuwyň ýokdur yzy.
Besdir, bize Allaň özi
Käte nazar aýlap dursa.
Bedew ata tarypnama
Aslyma guwanýan seni göremde,
Onsoň nädip, saňa haýwan diýeýin.
Buýsanjyňdan ynsan alsyn görelde,
Onsoň nädip, saňa haýwan diýeýin.
Toýnakda ot, gerşinde-de şemal bar.
Duruşynda üýtgeşik bir kemal bar.
Bize bakýan gözleriňde sowal bar,
Nädip onsoň, saňa haýwan diýeýin.
Söweş güni agyp düşsem eýerden,
Aglap dursuň, gidip bilmän o ýerden.
Ýallaryň ýüpekden, endamyň zerden,
Nädip onsoň, saňa haýwan diýeýin.
Ýüreklere ýakyn, gözlere ýyly,
Sypamaz sagryňy del kişiň eli.
Şöhradyň — perzendi, namysyň — guly,
Ýeri, nädip, saňa haýwan diýeýin.
Synlap durmak gör, nähili ýakymly,
Danalar dek salyhatly, akylly.
Ölseň jaýlanarsyň ynsan şekilli,
Nädip onsoň, saňa haýwan diýeýin.
Ýat illerde nala çekýäň ýerlemän,
Wasp etmek kyn, akly juda durlaman.
Goýaly mundan artyk gürlemän
Ýeri, nädip, saňa haýwan diýeýin!
Terbiýe sapagy
Diýleni etseňiz, öwretmek menden,
Watany söýmeli jan bilen tenden.
Atany, enäni kem görmän ondan,
Iýeniň-içeniň halal bolmaly.
Adamy bolsaň-da haýsy eýýamyň,
Ýalan däl-de, dogry bolsun diýýäniň.
Ýarym! diýip ömürboýy söýýäniň
Üç-dört däl-de, birje aýal bolmaly.
Niýeti-päliňi ýagşy tutmaly,
Ir turmaly, gijirägem ýatmaly.
Bu dünýäden senem bir gün gitmeli,
Bu hakykat başdan aýan bolmaly.
Sogap gazan, günä bolsa hasap et,
Ynsabyňa bermelisiň hasabat.
Gerçekleriň gursagynda sahawat,
Amanat başynda hyýal bolmaly.
Erbet işdir kişä kesek oklamak,
Däp bolmaly — iýlen duzy haklamak.
Näçe kyn bolsa-da, çaga saklamak
Nesil öndürmeli — dowam bolmaly.
Ömri öýkeletme — geçirme nalap,
Durmuşa çykaňda çykmaly halap.
Ýene bir zat: tapylmasa kileläp,
Bir gadak utanjyň-haýaň bolmaly.
Özüň bileňokmy — diňle bileni,
Yhlas eýle — işiň bolsun ileri.
Häzirlikçe berjaý ediň şulary,
Soňun görmek üçin aman bolmaly...
Geçileni gaýtalamak
Kim akylly saýsa özün,
Onda kän bir akyl ýokdur.
Aglamadyk adam ýokdur,
Aýdylmadyk nakyl ýokdur.
Gül açylmaz ýaz bolmasa,
Nädip oňjak näz bolmasa.
Bir çümmüjek duz bolmasa,
Hiç tagamda ýokum ýokdur.
Yşyk gözläp, galyp tümde,
Kän zat gördüm bu ömrümde.
Her ýylpyldap ýanýan şemde,
Ýagty bardyr —
Ýalkym ýokdur.
Tüweleme, dälsiň çaga,
Alym bolduň, bolduň aga.
Öz-özüňi tanamaga
welin, hergiz çakyň ýokdur.
Baýlyk ýygnap assa-assa,
At-owazyň arşa ýetse,
Aýnamagyn — taňry tutsa,
Öz zadyňa erkiň ýokdur.
Ýene bir zat bize aýdyň,
Eger, molla bolup adyň,
Diňlenmese diýen zadyň,
Şondan ajy höküm ýokdur.
Agla — aldap alan bolsaň,
Eňre — ýasda gülen bolsaň.
Bu ýalança gelen bolsaň —
Gitmezlige hakyň ýokdur.
Oýlanmaga itergi
Uzunly gün uklap ýatan meýdanlar,
Jana gelýär ýazyň ýagyşlaryndan.
Heder edip, gaça duruň adamlar,
Bigünä bendäniň gargyşlaryndan.
Göwne degmäň, bihuda gep aýytmaň,
Söz ýarasy bitýän däldir, unutmaň.
Ýalňyşlygam boş gidýändir öýütmäň,
Adam sapak alsa ýalňyşlaryndan.
Ýürek gyýlyp, ýokuş degse-de näler,
Ýamanlyk undular, ýagşylyk galar.
Eli, kalby sahawatly ynsanlar,
Bähre tapýar alan alkyşlaryndan.
Adam käte öz-özüňe duşmandyr,
Dogry ýola saljak diňe puşmandyr.
Ýigidiň kalbyna uçgun düşýändir,
Güldesse gyzlaryň göreçlerinden.
Gün ýaşar, ýaşan Gün ýene-de dogar,
Ýerden göterlen bug ýene-de ýagar.
Şahyr geň-taňlygy alandyr, meger,
Beýwan çölleriň derwüşlerinden.
Gürrüň
Gürrüňe çagyrýan ýakyny, daşy,
Boş görmäň, ýürekden çykýan alkyşy.
Umydyňy elden berme, eý kişi,
Garly gyşyň soňy ýaşyl ýaz bolar.
Doýulmaýan bu owadan dünýäde,
Haýranlar galýarsyň kä bolýan zada.
Soňuny saýmazdan berýärler wada,
Diýmek, öz sözünde durýan az bolar.
Bagty duýýaň söýeniňde, söýleňde,
Gülki, şatlyk mekan tutsun öýlerde.
Goly çyzgap göreş tutsaň toýlarda,
Güýç görkezjek bir çukanak dyz bolar.
Ýyllara duwlanyp bekeýär beýni,
Daglary göterýär baýyrlaň egni.
Ine, aý-günleriň edýänje oýny:
Gök garpyzyň içi gyzyl köz bolar.
Eziz adam, abat bolsun üçegiň,
Bagty çüwsün, başgaň bagtyn açanyň.
Görüp dursaň naz-nygmatly saçagyň,
Baş hümmeti bir çümmüjek duz bolar.
Janyň sag, başyňda akyl-huş bolsa,
Garrylyk nämemiş, göwnüň ýaş bolsa.
Kalby darykdyrýan çytyk gaş bolsa,
Göwünleri nurlandyrýan näz bolar.
Parhy ýokdur, begmi ýa garyp bende,
Bergili biz bir-biregiň öňünde.
Unutmaň doganlar, ahyr soňunda
Biz pakyrdan galjak öçmez yz bolar.
Dünýe hakda dünýewi goşgy
Guwduraman, gaýyp ýörmän howada,
Käte geçmişi-de salmaly ýada.
Sähralary söküp paý-u-pyýada
Çykypdyk şol gadym oraçalardan.
Bu dünýe geňlikden-taňlykdan doly,
Adamlaryň ala niýeti-päli.
Adalatam az-kem ýylgyrar ýaly,
A:gy aman saklaň garajalardan.
Ýatamda, turamda dileýän Hakdan:
Gora ak jereni şar-gara okdan.
Danalary halas ediň samsykdan,
Kesiň bikemaly, derejelerden.
Seret, hon-ha ýalan jort atýar çyna,
Bäs gelmek juda kyn, galpyň güýjüne.
Arlap duran arslan — janyň ujy-la,
Gorkýan, ýylan dilli ýaranjaňlardan.
Eý, Taňrym, görene göz bolupdyryn:
Gör, kim bilen ýüzbe-ýüz bolupdyryn —
Men bu ýalançyda bez bolupdyryn
Çem gelen göräldä eýerjeňlerden.
Ak garly gyş geldi, geçdi gök ýazym.
Şükür, boş gitmedi çeken azabym.
Erkek duşman bilen oňşaryn özüm,
Daş et, dost saýylýan çüpejelerden.
Portret
...Dik depede Asman, aşakda-da Ýer.
Arasynda bir perişde ýüzüp ýör.
Bir görseňem, derwüşlere goşulyp,
Uç-gyraksyz beýewanda gezip ýör.
Bolşy geň galdyrýar gören adamy,
Pygambermi ýa ýönekeý adammy?
Al-asmandan ine ýagşyzadamy —
Meger, boljak ahwalaty syzyp ýör.
Deminde ah, ädiminde hatar bar,
Gör, jahanda, näçe bela-beter bar.
Eýsem, ony nämäň yşky göterýär,
Nädip beýle jepalara dözüp ýör.
Gör, nämeler perwaz urýar başynda,
Kämilligiň nurun gördüm keşbinde.
Bir baksaňam, söwer ýaryň yşkynda,
Däli-porhan bolup daglar gazyp ýör.
Bir görseň keramat, bir görseň sada,
Aňk boldum gözüme görünýär zada.
Bir seretsem, bu ganatly pyýada,
Magtymguly bolup goşgy ýazyp ýör.
Ýylmanmadyk beýitler
Kem-kemden daralyp barýar örüler...
Janyňy saklap dur derman-däriler.
Hakydaňa gelýär-allanireler —
Ýatlamaga zat bar, yza garasaň.
Ýaşamak her näçe bolsa-da gowy,
Garrylyk diýlen zat adama ýagy.
Baş ýaýkaýaň, uzadaňda aýagy,
Şokurt, şokurt edýän dyza garasaň.
Näçe ýokuş degse-de bu mertebä,
Ejizlemek bolmaz: erkek-erkeg-ä...
Soň bilemok.
Şükür, ýöne enteg-ä
Damarlar dartylýar gyza garasaň...
Tebigat biz bilen oýnaýar oýun.
Maňlaýy sypalan ýaş çaga deýin,
Ýene-de guwdurap başlaýar göwün,
Sowuk gyş sowlansoň, ýaza garasaň.
Seýran edip ata-babaň ýurduna,
Çoýunyp otyrkaň ojar oduna.
Ömür!
Ömür!
Ömür düşýär ýadyňa,
Küle dönüp barýan köze garasaň.
Wagt hiç zady bir ýerinde durzanok.
Gynanjym bar, nalyşym ýok, nalam ýok.
Ýetmiş ýaşyň ýedi ýylça görnenok,
Durmuş atly şahandaza garasaň.
Arzuw
Adam pakyra — deňlik,
Aňy-düşünjä — çuňluk,
Ýalan aglana — ýumruk,
Çyn agalana — çöje ber.
Arzuw — entek ykbal däl,
Ekipjik iý, ekmän däl.
Doka hödür hökman däl,
Aşyň bolsa, aja ber.
Ellerime — hereket,
Ýüregime — kanagat,
Bu Zemine — bereket
Asmana-da — damja ber.
Sabyr bolmaz söýgüde,
Agram bolmaz öwgüde.
Garyndaşsyz ýigide,
Iň bolmanda ba:ja ber.
A:t berip ozal atla,
Zadam berilýär zatla.
Baýrak berseň gaýratla —
Birin — Ogultäje ber.
Syr açmak
Ak çägäni sary ýaga deňedim,
Beýwany ýaşyl baga deňedim.
Sebäbi, şeýleräk meniň senedim,
Şahyra aýratyn synçylyk gerek.
Çybykda äpet bir tudy görmeli,
Tüssäniň içinden ody görmeli.
Adamda iň gowy zady görmeli,
Munuň üçin bolsa inçelik gerek.
Gamaşyk howada Güni görmeli,
Tikeniň içinde güli görmeli.
Kiçijik zady-da uly görmeli,
Kalbynda mydama nowçalyk gerek.
Doglupsyň birneme geňlenmek üçin,
Gor gerek işleriň oň bolmak üçin.
Gözli çeşme ýaly çuň bolmak üçin,
Ýanyp köýmek gerek, kynçylyk gerek.
Isle oňlaň, isleseňiz oňlamaň,
Ýöne şygrymyzy pallap diňlemäň.
Şerap süzülende, ony geňlemäň,
Bize-de kämahal ynjalyk gerek.
Adam berlipdir bu dünýäň yşky,
Owadan gyzlardan doludyr goşgy...
Şahyr näme özgelerden kemmişmi —
Oňa-da birneme kemçilik gerek.
Sadalyk
Meniň sadalagym şundan ybarat:
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün.
Bir ministr salanynda ymarat,
Özümiňki ýaly begenip ýörün.
Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý,
Uzyn dilimde däl, kalbymda Hudaý.
Büdrämde golumdan tutsa bir gedaý,
Monça bolup, şoňa söýenip ýörün.
Gaýtargy tamam ýok öwenim üçin,
Deňdiriň ýa:t üçin, doganym üçin.
Bir bendäň göwnüne degenim üçin.
Soňra ýyllarboýy uýalyp ýörün.
Baý däldigim üçin çekemok arman,
Eý, eziz Alla jan, adyňa gurban!
Ýene, Ýene diýip hars urup ýörmän,
Berlenje döwlete guwanyp ýörün.
Başyna goýbermän arzuw-hyýaly,
Belent derejede pes tutup päli.
Geçen asyrlaryň adamy ýaly,
Ynsaba, rysgala daýanyp ýörün.
Şeýle ýörelgämden sowlan pilläm ýok,
Kim kelläň bar diýýär, kimem kelläň ýok.
Sagadyň dili dek ziňkildemäm ýok,
Wagtyndajyk ýatyp, oýanyp ýörün.
Menem adam, perişde däl, elbetde,
Mümkin... günädenem duramok çetde.
Türkmenistan atly täsin döwletde
Şükür hormatlanyp, aýalyp ýörün.
Perzent
7-nji dekabr, 1969 ýyl.
Dünýä geldiň...
Dünýäm giňedi gitdi.
Şowhunly şähere öwrüldi öýüm.
Bir adam ömrüniň orta çäginde
Daglaryň deňine galkyndy boýum.
Men uçup bardymmy seniň ýanyňa?
Ýa seniň ýanyňa bardymmy ýöräp?
Muny duýmandyryn. Bilýärin ýöne —
Özüm çaga boldum ýüzüňe garap.
Melewşe maňlaýyň, garaluw gözleň,
Ak gundagyň, ak halatly enekäň...
Bagtymda bar eken bulary görmek,
Bolup bilmez mundan güýçli tenekar.
Seniň tebigatyň şeýleräk, türkmen —
Hamraksyň perzende gezek gelende.
Toýuň toýa meňzeş, ýasyňam ýasa,
Eý, ynsanperwerlik ýaşa, sen ýaşa!
Ýüregi ýaz ýaly açyk gelinler.
Sözleri duz ýaly bälçik gelinler.
Toý saçakly, toý tabakly gelinler.
Goltuklary ak bäbekli gelinler.
Naşyja gyzlaryn wasp ede-ede,
Eýýäm ejeň bilen bolýarlar guda.
Dostları ilə paylaş: |