Bir yza öwrüldik
Köpçülikleýin.
1992 — 1993 ýyl.
Maglumat
Arzuwyna ýeten ony täzelär,
Arzuw süýji, ondan doýar öýütme.
Näme berseň, näçe berseň azdyr ol,
Besdir, indi boldy diýer öýütme.
Adam bar — adam bar, elbetde, görýän,
Gördükçe-de oňa galýaryn haýran,
Ene süýdi bilen süňňüne ornan,
Köneje gylygyn goýar öýütme.
Entek döwran sürýärkä bu dünýäde,
O dünýäni salar diýmegin ýada.
Hol çetdäki ala gözli pyýada
Haram tapsa, halal iýer öýütme.
Aýdylan nakyllar oňa ýokmandyr,
Seret ahyr, bu nähili ahwaldyr:
Uýma diýseň, uýaýmagy ahmaldyr.
Uýaý şoňa diýseň uýar öýütme.
Özi üçin perwanadyr, perwana,
Berseň alar, milti ýokdur bermäge.
Bähbidi bolmasa, her bir barýana,
Saçak ýazar, towuk soýar öýütme.
Oka gelmez, ökdeländir öwrüme,
Gargyşym ýok, bolsun işi ugruna,
Allaň özi dürtäýmese böwrüne.
Öz kemini özi düýşe öýütme.
Baý adam
Hawa, dostlar, men ýene-de gürrüňin
Edýän häzir dünýäde ýok bendäniň.
Şeýle-dä bu, garaz, ölüm diýen zat,
Başynda bar uly-kiçi hemmäniň.
Göze görnüp duran adamam däldi,
Olam ekin-dikin bilen meşguldy:
Ýöne kalby jomart, dili şirindi,
Aýaz ata bu babatda meşhurdy.
Güzerany ýetde-gütde bolsa-da,
Eger duş gelmezdi zeýrenen wagty.
Aýaly-da edil özi ýalydy,
(Ykbal az eçilýär bu seýrek bagty!)
Adyňy tutanda pylan jan diýip,
Sen monça bolarsyň,
Ýüregiň ýylar.
Ol gurply öýlerden hiç zat dilemez,
Gurply öýler onuň özünden dilär.
Näme haýyş etseň — bitdigi biläý,
Ýok diýen sözüni eşitmersiň hiç.
Ili goldap geldi hoş sözi bilen,
Ömrüniň iň soňky demine deňiç.
Hawa, dostlar, bu bir gahrymanlyk däl.
Ýöne men mydama ýatlaýan ony.
Ol gidensoň oba juda çolaryp,
Boşady galaýdy şo kişiň orny.
Bize bir giň göwün beren Biribar
Bize bir giň göwün beren Biribar,
Şol göwni gülmekden binesip etme.
Bilip bolmaz — bu çarkandak ýollarda
Büdresek, galmakdan binesip etme.
Dinden çykarmawer dine geleni,
Sandan çykarmawer sana geleni.
Enäň göwresinde jana geleni
Bu dünýä gelmekden binesip etme.
Gaýmakly süýt kimin säheriň çagy
Ýukajyk çal ümür örtende dagy.
Guşlar dil açanda, oýadyp bagy,
Sag-aman turmakdan binesip etme.
Bahar gelip yşkyňa yşk goşanda,
Çagajyklar oýnap ýörkä daşarda.
Gyzmaç çal bulutlar gylyçlaşanda
Çapaklar çalmakdan binesip etme.
Keremlisiň, öz bendäňe ynsap et,
Senden gorkmadykdan sora hasabat.
Mümkin bolsa, köpbilmişden halas et,
Bilimden — bilmekden binesip etme.
Gaçyrmawer egne göterenimi,
Tapmaga ýardam et ýitirenimi.
Adam diýip dünýä getireniňi
Soň adam bolmakdan binesip etme.
Goçak bolup gelen gezsin ownaman,
Hiç kime ýaş berilmändir sanaman,
Soňky haýyş: azap bermän, gynaman,
Ýeňiljek ölmekden binesip etme.
Bäbejigiň başujunda
Biz-ä arzuw edeli,
Senem kemiş-kemiş bol.
Ýagty dünýä getiren
Ene-ata bagyş bol.
Ters gelmesin täleýiň,
Dost bolsun dost saýanyň.
Aýazly gün ak öýüň
Depesinde güneş bol.
Ojagyňa wepaly,
Eziz enä sapaly,
Bu ak öýüň suhany —
Öz ataňa meňzeş bol.
Ýitije bol —
Çöňňe däl,
Är bol — ýöne dogma däl.
Patyrraky çabga däl —
Siňňin ýagýan ýagyş bol.
Aglatma hem aglama,
Ýanýoldaşdan aldanma.
Seýran et giň äleme,
Dünýä bilen tanyş bol.
Atyň çyksyn ýaryşda,
Ýeňilmäsiň durmuşda.
Ile-güne garyş-da —
Gyra bolma, jümmüş bol.
Ýol agyrdyr, azaşma,
Samsyk bilen sanaşma.
Bedasyla ýanaşma,
Begler bilen ýoldaş bol.
Ýatsyn bäbek, ýaýnasyn,
Alla nazar aýlasyn.
Şahalary ýaýrasyn —
Hatar gura, tirkeş bol.
Perzentlik aýdymy
Ak süýt beren käbäm enem,
Ýokdur meni sen dek söýen.
Bagra basyp balam diýen
Dilleriňden aýlanaýyn.
Hamsygyplar wagtal-wagtal,
Meň ugrumda hallan atan.
Sallançagmyň bagyn tutan
Elleriňden aýlanaýyn.
Uzak gije şöwür çeken,
Uklamanlar daňa çykan.
Doglan günüm döşe dakan
Gülleriňden aýlanaýyn.
Dogduk depäm diýip söýlen,
Baharlar gök kürte geýnen.
Meniň üçin dünýä inen
Çölleriňden aýlanaýyn.
Baryn beren, ýogum beren,
Ak guş bolup göwsün geren.
Bu dünýäde ömür süren
Ýyllaryňdan aýlanaýyn.
Dünýewi pelsepe
Saparmyrat aga Çary oglunyň ýagty ýadygärligine
Garybyň öýünden çykmaz lälikler,
Barlynyň işidir urdumşalyklar.
Ynsanyň gözüni gapýan baýlyjklar
Ýeriň üstünden däl —
Astyndan çykar.
Döşe kakyp, men-mendirin diýenler,
Ahyry takdyra boýun egerler.
Dadylmadyk şirin-şirin tagamlar
Bagtyň çüwse, seniň rysgyňdan çykar.
Gelen geçer,
Geçen gelmez dolanyp,
Ene ýapdan suwlar akar towlanyp.
Aý göz gypar bulutlara duwlanyp,
Günler ömri ölçäp asmandan çykar.
Taryhy titredip kän ynkylaplar,
Syýa däl, gan bilen ýazlypdyr baplar.
Gudratly goşgular, güýçli kitaplar
Ýürege ýaň salan sarsgyndan çykar.
Adam dünýä iner — bagt dilärler,
Takdyryny
Ak zatlara deňärler,
Paýhasly ogullar, pähimdar ärler
Hakyň nazar salan neslinden çykar.
Anha, bulut urgan kimin düýrüldi,
Gözýetim garalyp, asman agraldy,
Dereleri söküp giden arryldy,
Tlikiden çykaýmaz, arslan çykar.
Näme diýselerem, iň gelişýän zat:
Zenana — näziklik,
Erkege — gaýrat.
Adyň ile ýaýan şan bilen şöhrat
Al-asmandan inmez, kesbiňden çykar.
Hawa, o diýen bir husyt däl Durmuş,
Senem bir ýagşylyk etmäge çalyş.
Ýüz dürli suratdyr müň dürli nagyş
Baharyň jadyly paslyndan çykar.
Bähbit
Irkiräk döwürde goňşy obada
Bähbit atly täsin bir adam bardy.
Durmuşdaky bolýan ahwalatlaryň
Ählijesin ýagşylyga ýorýardy.
Mysal üçin, ýatyp turýaň — keýpiň ýok,
Sebäbi düýşüňde kesellänmişiň.
Bähbit aýdýar: düýş tersine ýorulýar,
Enşalla, dert görmez bu gara başyň.
Howur salgymlanyp töweregiňde,
Dünýe eräýjege meňzäp durandyr.
— Gyşam gyşa meňzär, Enşalla — diýip,
Bähbit muny ýagşylyga ýorandyr.
Näçe gündür, ýelden gözüň açylman,
Gözýetimi ümez baglap durandyr.
— Ýagjak ýagşyň alamaty bi diýip
Bähbit eýýäm ýagşylyga ýorandyr.
Obada bir bendäň kazasy dolup,
Hossarlary gözýaş edip durandyr.
— Gowy adam anna güni gidýändir —
— Diýip... onam ýagşylyga ýorandyr.
Ýeňil ýorgut bilen gaýgy-gussany
Egsip bilmejegiň elbetde, belli.
Ýöne welin, her niçikdir o sözler
Birazajyk tesellidi, teselli.
Diýýänine özi ynandymykan
Diýip, näme gerek müňkürlik etmek.
Hernä nesip etsin hemmämize-de
Ynanyp ýaşamak,
Ynanyp gitmek.
Artist
Bagty çüwýän pyýadalar bar ahyry...
Ol ömründe iki sagat Han boldy.
Soň-soň Han bolubam görlendir diýip
Bälçireýän gezekleri kän boldy.
Mahal-mahal uka batan çaglary
Hanlyk pursatlary girdi düýşüne.
Hem-de hoşal boldy keseden garap,
Özüni şol pursat alyp barşyna.
Hanlyga-ha başaraýjak ekenik
Diýen pikir ýene ýadyna düşdi.
Han sypaty bolmasa-da özüniň,
Süýji düýşde Hana juda meňzeşdi.
Puryjasy dolup ýogaldy bir gün,
Şundan öňki ömür öwrüldi düýşe.
Öldi welin, hatyrasym beýgeldi —
Beýle gadyr goýulmazdy hemişe.
Adamlar o bendäň çyn adyn tutman,
Pylan hanam gidiberd-ow diýdiler.
Ine, şonda ýatan kişiň ruhunyň
Muňa monça bolandygyn duýdular...
Ol diýerdi käte özün ýaňsylap,
Han bolarmy meniň ýaly sähneden.
Häzir welin, hiç zat diýip bilmedi,
Gysga hanlyk döwrem galdy sahnada.
Pudak Agajanow
Obaňyz Hatabyň alkymyndady,
Şol ýerden her ertir giderdiň işe.
Özgäniň geplejek gepin ýazýansyň,
Ýa bolmasa, ýygnakdasyň hemişe.
Ýogsam, şahyr bolup dünýä inipdiň,
Muny sen özüňem az-kem duýýardyň.
Edaraň kürsüsin ýigrenmeseň-de,
Şahyrlary, şygyrýeti söýýärdiň.
Käte-käte pyşyrdardyň içiňden
Ýaňy pyntyk ýaran tutlary synlap...
Ine, indi ýetmişiňden ätlediň,
Dostlaryň toýuňa geldiler sylap.
Ömür o diýen bir ýeňil bolmady,
Ýöne sen mynasyp geçirdiň ony.
Mahal-mahal ýatlaýarsyň geçeni.
Emma Hatap hany, Lýowuşkin hany?
Döwletli öýüň bar, düzüw durmuşyň,
Ýaňy ýetmiş — tüýs bir ýaşajak wagtyň.
Köp görmesin, aramyzda gez-de ýör,
Sen bahasyn bilýänsiň-le bu bagtyň.
Bile işleşen ýoldaşy.
Bir pikir et, adam ogly
Bir pikir et, adam ogly,
Bu zeminden näler geçdi.
Gylyjyndan ganlar daman
Zabun-zabun şalar geçdi.
Ýarym diýip, ýurdum diýip,
Ne ömürler gitdi köýüp.
Sahawatyn dünýä ýaýyp
Niçe Hatamtaýlar geçdi.
Porhan bolup dolup-daşyp
Bat alýandyr arkan gaýşyp.
Menzil-menzil ýollar aşyp,
Çeşme akdy, çaýlar geçdi.
Ýagşy güne dalaş edip,
Hakdan rysgal haýyş edip,
Nagra dartyp, nalyş edip,
Näçe ahy-waýlar geçdi.
Belent dagy depä öwren
Asyr geçdi kerwen-kerwen,
Gerçekleri dünýä beren
Şan-şöhratly aýlar geçdi.
Zemin, zemin — goja gassap,
Gidenlerde barmy hasap?..
Seret, birje goşgy ýasap.
Näçe pikir-oýlar geçdi.
Eger-de, ýaşlygym gaýdyp berilse
Eger-de ýaşlygym gaýdyp berilse,
Haýp giden wagty sypdyrmazdym men.
Gözlerin güldürip, gaşyn oýnadyp
Geçip barýan bagty sypdyrmazdym men.
Juda bir akylly boljak bolmazdym,
On ýedi ýaş näme etsin akyly!
Günä bilen, toba bilen ne işiň,
Ol ýaşyň öz kakuwy bar, kakuwy.
Beýle beter çyn tutmazdan dünýäni,
Baýdak edinmezdim ýarym ynanjy.
Aýlawsyz-hilesiz ýaşanym üçin
Gözlerime çyn göründi ýalançy.
O döwürler däli-porhan Jeýhunyň
Düňderlip, düňderlip akýan döwrüdi.
Jahyllaryň, juwanlaryň aw aňtap,
Agşam baga seýle çykýan döwrüdi...
Ah, o günler, ah, o günler, o günler —
Alyslarda salgym atýan erteki...
Ýel düşende aýagyňa oraşar
Ýuka şahy köýnekleriň etegi!
Ötdüň ýaşlyk!
Sen ne beýle tiz ötdüň,
Duýman durkam geçdiň duşumdan!
Hyrçy dişläp seni gözläp ýörün men
Suratlardan, hakydamdan, düýşümden.
Töre geçip oturmadyň arkaýyn,
Bolduň bize bäş günlük myhman.
Indi nädip oňýanyma haýran men
Gündiz guwduraman, gijeler ykman...
Aklym ýetmez — öz başymdan geçiren
Aý-ýyllaryň salgym boldy, düýş.boldy.
Akmak! —
On ýediňi küýseýärsiň sen —
Ogluň ýaşy eýýäm ýigrimi bäş boldy...
Rowaýat
Haýwanlaryň içinde kim bolsa uly
Ýylbaşy bolmaly diýlipdir weli —
Bardygny bildirip sygyr molapdyr.
Ýöne eýýäm onuň şahyna çykan
Syçan sypanjyrap murtun towlapdyr.
Il içinde gezip ýören gürrüň bu,
Bilemok, bu waka haçan bolupdyr.
Ýöne, garaz, hile bilen, al bilen
Ýylbaşy — ýeserje syçan bolupdyr.
Sadaka
Kim çagakam adym tutup enaýy,
Bir dem öz egninde göteren bolsa,
Ýa-da üwräp, ýatan sallançagymy
Täsin bir erteki otaran bolsa —
Alla ýalkasyn!
Dümewlän çaglarym ejem pakyryň
Hoş söz bilen göwnün awlan bendäni,
Hem-de käbäm käte süýtsüz galamda
Kim maňa uzadan bolsa emmäni —
Alla ýalkasyn!
Aýagyma tiken çümüp aglamda,
Kim başymy sypap diňdiren bolsa,
Kişä kesek atmak günädir diýip,
Kim çaga beýnime siňdiren bolsa —
Alla ýalkasyn!
Zalym 37 ýetim goýanda,
Kim meniň halyma gynanan bolsa,
Töhmetiň pidasy kakam pakyry
Kim halas etmäge synanan bolsa —
Alla ýalkasyn!
Bir jady duýgymy oýnap duransoň,
Öňünde baş egip epemde dyzy,
Ak gül ýaly näzik elleri bilen
Şarpyk çalyp, soňam näz eden gyzy —
Alla ýalkasyn!
...Ondan bäri diňe zamana däl-de,
Seretseň adamam üýtgän ekeni.
Hawa, maýmyn bolup gaşymda oýnap,
Soň ýanyndan ýylan bolup.çakany
Alla ýalkasyn!
Sebäbi ol meniň gözümi açdy,
Men aldanyp adamlary tanadym.
Şeýdip kem-kem bu ýalança düşündim,
Şeýdip kem-kem kämilleşdi senedim.
Gowular gutarsa — dünýä gutarar,
Dirikäler saklaň olaň sarpasyn.
Durmuşyň tagamny gaçyrman gelýän
Ajap adamlary, Alla ýalkasyn.
Perzentlik duýgusy
Hydyr gören bu çöllerde
Meniň göbek ganym bardyr.
Diýmek, diňe şu günüm däl,
Geçip giden düýnüm bardyr.
Pikir-zikrim saňa tabyn,
Tagzym, çölüm, ýene tagzym!
Gollaryňda aýak yzym
Depelerde synym bardyr.
Güýç synadym bilim barka,
Ojak näme — golum barka,
Şahyrana ilim barka,
Şükür, şöhrat-şanym bardyr.
Ýollaryň bar uzap gidýän,
Ot-çöpüň bar özi bitýän.
Adam däli adam edýän
Yslam atly dinim bardyr.
Serhetiňden geçseň bir gün
Yzlar seni bogun-bogun.
Taňrym diýip sygyndygym,
Ynsap atly Hanym bardyr.
Ak çägeler meniň urbam,
Watan!
Saňa başym gurban!
Goşgy bilen günüm görýän —
Iň bir halal nanym bardyr.
Dostlarym bar dumly-duşda,
Kimiň bilner irde-giçde.
Men adam men — däl perişde,
Günä etsem müýnüm bardyr.
Arkadagym — ene mekan.
On iki süňňüm sende bekän.
Barlygyňda iň ullakan —
Adam diýen çinim bardyr.
Laçyn
Öňbaýraga goýberildi alty at,
Ine, indi süýnüp gelýär bedewler.
Özleri-de bilmän galkynjaklaşýar,
Haýsynyň ozjagyn çen-çak edenler.
Bir ýaşuly o diýen bir tolgunman,
Käte-käte çala ýaýkap başyny,
Synlaýardy öňden gelýän atyn däl —
Iň yzdan gaýdanyň aýak urşuny.
Töweregiň jedeline goşulman,
Edýän oý-pikirin salyp içine,
Ylla, ol janawer eşidýän ýaly
Ýüzlenýärdi yzdan gelýän Laçyna.
— Ataň Ülker bolsa, eneň Meleguş,
Galmaly-ha dälsiň çaňa bulaşyp...
Otyr dürbüsini gözden aýyrman,
Özi bilen diňe özi gürleşip.
Atlar bolsa has göterlip gykuwa,
Göýä ýer gyratlap uçup barýardy.
Üzlem-saplam bolup gelýän bäş bedew
Laçyndan arany açyp barýardy.
Şo barmaşa çapyksuwar ýigdekçe
Laçynyň jylawyn gowşatdy birden.
Erki-ygtyýary özüne berlen
Laçyn misli, örkün üzüpdi ýerden.
Henize deň syryn saklan ýaşuly
Bir gobsunyp, syçrap turdy ýerinden.
Gykylygyň, galmagalyň astynda,
Laçyn bedew geçdi häzir serinden.
Jedeli köşeşen aýlawyň içi
Güwläp durdy adamlaryň deňzinden.
Zowladyp goýberdi hälki ýaşuly:
— Uç, Laçynym, aýlanaýyn omzuňdan!
Ilki süýnüp geçdi pellehanadan
Meşhur Meleguşuň, Ülkeriň nesli.
Ol ýaşuly buýsanç bilen dillendi:
Asly bar bedewiň, asly bar, asly!.
Ähli zat özgerer öz wagty bilen
Ähli zat özgerer öz wagty bilen,
Pyntyk gunça bolar, gunça gül bolar.
Çybyjak öwrüler äpet çynara,
Çöllük deňiz bolar, deňiz çöl bolar.
Dil-agyzsyz Wagtyň hökmi rowandyr,
Alla oňa dynç gününi bermändir.
Adamam ahyry Wagta gurbandyr,
Aýlana-aýlana aýlar ýyl bolar.
Bir deň zat: amanat hemmäň başy,
Adama, elbetde, adalat ýagşy.
Yzda goýup iň nurana alkyşy,
Boş kagyzdan gudrat dörär: pul bolar.
Pul özünde toplap bar keramaty,
Talaban ediner ähli ymmaty,
Daglary, daşlary ýarar haýbaty,
Men-men diýen ärler oňa gul bolar.
Akyly aňk eder bu bolýan zatlar,
Begzadaň ornuna geçer bezzatlar,
Iň bir ýakynyňa öwrüler ýatlar,
Oňa derek mähribanyň del bolar.
Ne gözel bolsa-da durmuşyň goýny,
Täze myhmanlara bermeli orny.
Wagtyň wagşyýana, iň gödek oýny:
Eziz adam, gözel ömrüň kül bolar.
Gökdepe galasy
Egninde göterip uzak ýyllary,
Eräpdir, eňräpdir, ýoýlupdyr gala.
Bu ýerde türkmeniň goç ogullary,
Ýurt diýip başyny goýupdyr, gala.
Atalar, agalar, eziz ogullar...
Ýalňyz bire baglanypdyr göwünler.
Gollarynda gylyç tutan gelinler,
Ömrüň baharynda köýüpdir, gala.
Köne diwar demimizi diňläp dur,
Göwnüme däl, ýeriň asty iňläp dur,
Kimler hamsygyp dur, kimler eňräp dur,
Gözýaş etmän gitmek aýypdyr, gala.
Ar-namysyň, müňläp gurbany ýatyr,
Babalaryň ähti-peýmany ýatyr.
Bu ýerde türkmeniň imany ýatyr —
Mukaddesiň gala, beýiksiň gala.
Ýetginjeklere ýüzlenme
Oglanlar, men size arzuw edýärin,
Nurana beýnidir sagdyn bir ýürek.
Täze ýüzýyllyk siziň işiňiz
Biziňkiden az-a bolmasa gerek.
Bu topragyň Watan diýen ady bar,
Ony dilden kän gaýtalap ýörmäň siz.
Oňa tagzym ediň, egip başyňyz,
Göze ýaş aýlansyn — aýyp görmäň siz.
Bu mukaddes zatlaň edýän oýnudyr,
Şeýle bolýar duýgy dyňzan pursady.
Dile agram salmak barha azalar,
Il ölçeg ediner diňe gursagy.
Ekin ekiň, mal köpeldiň, jaý salyň,
Hemmesi-de iliň-günüň geregi.
Emma hassa bakyşy dek tebibiň,
Eger-eger, gözden salmaň Ýüregi.
Hawa, siziňkidir indiki asyr,
Ýurdy, halky dolandyrjak sizsiňiz.
Agyr ýüke taýynlanyň, tijeniň,
Ýoluňyz ak,
Belent bolsun sussuňyz.
Türkmen döräp, ilki agzalan sözüň
Biri ynsap, biri halal bolupdyr.
Öýlenjek ýigitler hakdaky sowal
Halalmydyr? diýen sowal bolupdyr.
Anketada beýleräjik soraga
Jogap bermek kyn iş däldir, aňsatdyr.
Ýöne welin, ýakynyňy aldamak
Ýigitler aýyp zatdyr, geň zatdyr.
Il-gün bolsa Siziň ýakynyňyzdyr.
Olaryň öňünde etmäň ikilik.
Aslynda-da kämilleşýän adamzat
Ýaşap bilmez ýalan zada bukulyp.
Gözüň ýaşy ýaly arassa boluň,
Oklaw ýaly göni boluň, oglanlar.
Astynda atalar ýatan topragyň
Aýy boluň, Güni boluň, oglanlar.
Öz erkini ele aldy bu Watan
Belent tutuň Aý, ýyldyzly Baýdagyn.
Arzuw edýän: golaýlaşan asyrda
Hernä hasyl bolsun ähli aýdanym!
Maslahat
Kesek atyp arrygyňy gynama,
Häzir maňa degmez atan kesegiň.
Başga bir bendäni nyşana edin,
Gün bermeýän bolsa uçran keseliň.
Özüň görüp dursuň, keseg-ä däl-de,
Maňa häzir kän edenok gülle-de.
Hawa, gardaş, meni ýykmak tamaňy
Häzirlikçe zyňyp taşla kelleden.
Ynanaý, men senden gaty göremok,
Dogrujamdan gelsem, agyrýar nebsim.
Gijeler uklaman ýazýaň üstümden,
Ýok, gardaş, ýeňil däl seniňem kesbiň.
Hawa, gynansamam edil şu mahal,
Atýan kesekleriň özüňe deger.
Ýöne saňa bir maslahat bereýin,
Ýamanlaman ýaşap bilmeseň eger.
Az-kem sabyr eýle, birneme garaş,
Bir gün pelek çarhyn tersine öwrer.
Şonda başga ýana kesek atsaň-da,
Meniň maňlaýyma patylar durar.
Galanynam özüň pikir edip gör,
Ýöne biçeme-hä däldir aýdanym.
Hemme zat tersine tutup ugranda,
Arkaýyn bol, baryp özüm aýdaryn.
Tebigatyň goýnunda
Doguldygym depeleri nazarlap,
Göçgünli baharda çykdym seýrana.
Aladaňdan ýagýan ýagyşdan soňra,
Gök gözýetim galdyrýardy haýrana.
Suw degmedik ýüzün ýuwan ýylaklar
Dogan Güne lowurdaşýar enaýy.
Çöl gülleri güjeňleýär özlerin,
Käsi elwan öwsüp, käsi daraýy.
Ajyguýyň suwy şeýle bir dury,
Döräpdir ol, meger, gözüň ýaşyndan.
Men bu ýerde gözüm aýryp bilemok
Alaňlaryň gasyn-gasyn döşünden.
Gaýtarma dek bezenipdir Garagum,
Bolmajysyn bolup ýazyň başynda.
Bagry byjyklaýan bir gamgynlyk bar,
Naşyja guzulaň mäleýişinde.
Belent mawy asman ummana meňzeş,
Şol ummanda ak bulutlar ýüzüp ýör.
Hanha, irden işe çykýan alaka
Öz ýaşajak ýerzeminin gazyp ýör.
Ýerdir gögüň arasynda — boşlukda
Çöl bürgüdi keýp edipler gaýyp ýör.
Birden-birden al-asmana atylyp,
Bir seretseň, aşaklygna taýyp ýör.
Gün ýene-de ýuka bulda duwlandy.
Düşdi maňlaýyma azaşan damja.
Owadan jahanyň seýilgähi kän,
Ýöne hiç birisi ýok Garagumça.
Garagumy bahar pasly görmedik
Entek hiç bir gözelligi görmändir.
Ak çägesi sorup alar yzyňy,
Päk howasy satylmaýan dermandyr.
Oda goýlan tüňçe eýýäm pyňkyrýar,
Ýöne howlugamok — ýetsin gaýnamy.
Sagadymam ýatyp dogry edipdir,
Aşgabat däl —
Tebigatyň goýny bi.
Bellikler depderçesinden
Adam ogly, adam ogly,
Göwnüň herne bolsun ýyly.
Ak süýdem-ä süýtdür weli,
Ähli maza gaýmakdadyr.
Saýlap-seçip gözelleri,
Bardyr ýaýnap gezildigi!
Çyn söýginiň hezilligi
Şeýle şirin köýmekdedir.
Öz-özüňi tapla gaty,
Başarsaň, al garamaty.
Kämilligiň alamaty
Men bir samsyk diýmekdedir.
Oýlanyp gör, sen öňürti —
Bal almagyň bardyr derdi.
Şahyrlygyň başky şerti
Öwrenmek däl — duýmakdadyr.
Durmuş gurmak juda çetin,
Kän bir ýeke çapma atyň.
Ýok bolsa öz Hakykatyň,
Dostları ilə paylaş: |