Bir günem bir kişiň gaçyran pulum
Eýesine berjek bolupdym men-ä,
Senem berdirmediň bilimlisiräp,
Diýdiň:
Güýçden gaçdy, köneldi günä.
Beýle gedem dälsiň ahyr birmahal,
Bilýänsiň, jedelden-gaýrydan daşdyň.
Men öňden ýörärdim, senem yzymdan,
Nä ýüz bilen meniň öňüme düşdüň?!
Kelle oýlanýardy, şonuň üçinem,
Meger, ol birbada bermedi jogap,
Soň diýdi:
—Gör, men-ä harsurup ýörün,
Onuňam bar işi günädir sogap.
...Men käte dikelip, käte ýaplanyp,
Öz-özümi diňläp oturdym biraz.
Ymyzganjak boldum, ýöne bolmady —
Çep gursak sorkuldap berýärdi azar.
Gün
Dünýä döräli bäri
Ýagtyldyp dur dünýäni,
Ýyladyp dur dünýäni.
Dünýä bereket sepip,
Gülledip dur dünýäni.
Men Gündürin diýenok.
Güjeňlänok özüni.
Sylap talap edenok,
Çekdirenok näzini.
Adam öýkünip bilse,
Öýkünere nusga bar.
Diňlemäge dana bar,
Öwrenere ussa bar.
Süýt süýde meňzesin çagaň hakynda
Süýt süýde meňzesin çagaň hakynda,
Gaýmagyny ýalap, ýagy aýyrma;
Säher turup guwanaýyn ekine,
Gök maýsaň ýüzünden çygy aýyrma.
Danalara baş bolmasyn nadanlar,
Serpaý alsyn diňe ony ödänler,
Bilbiller saýrasyn aladaňdanlar —
Jahandan bu ajap çagy aýyrma.
Bulanmasyn obalaryň çeşmesi,
Ýazlar çyksyn, baglar gülläp başlasyn,
Ynsanyň kalbyna gyraw düşmesin,
Ýüreklerden mähir-çogy aýyrma.
Perzendi men göwni gülgün baharyň,
Ylaýym, boý alsyn sanjan nahalym,
Ata ýurdum — bu gadymy Ahalyň
Maňlaýyndan Köpetdagy aýyrma.
Gelmän näme, döwran — sowuljak bolsaň,
Minnetsiz doýrawer doýurjak bolsaň,
Garaz, aramyzdan aýyrjak bolsaň,
Garalary aýyr, agy aýyrma.
Özümiň kimdigim tanajak bolup
Özümiň kimdigim tanajak bolup,
Men taryhy guýy ýaly gazýaryn.
Galyň-galyň kitaplary agtaryp,
Başga-başga dünýälerde gezýärin.
Özümiň kimdigim tanajak bolup,
Öwrenýän atamy, agalarymy.
Özümiň kimdigim tanajak bolup
Synlaýan özümiň çagalarymy.
Tebigaty boýun egdirjek bolduk
Tebigaty boýun egdirjek bolduk,
Oňa boýun egmelikäk özümiz.
Indem gyşymyz kän gyşa meňzänok,
Kän bir ýaza meňzemeýär ýazymyz.
Men ony gabanýan, gabanylşy dek,
Bir buýsançly, bir owadan aýalyň.
Oňa kän göz baksa — howpurgaýaryn,
Käne el degirberse halamaýaryn.
Dagy näme, ynanman
Dagy näme, ynanman—
Ynanýaryn, elbetde:
Bir çümmüjek gowulyk
Bardyr iň bir erbetde.
Şol çümmüjek gowulugy
Görjek boluň, adamlar!
Ýene-de bir hakykat
Bardyr dünýe döräli:
Ak guşdanam tapmak bor
Bir çümmüjek garany.
Şol çümmügi görmänräk
Geçjek boluň, adamlar!
Işleriň gidişi hakda maglumat
Suwa aýak sokdum—
Ýüzäýmek galdy.
Ýaryşdaşym belli—
Ozaýmak galdy.
Bergi edip bildik—
Üzäýmek galdy.
Guýyň ýeri belli—
Gazaýmak galdy.
Buýruk bar. Diňe bir
Çozaýmak galdy.
Meselämiz taýyn—
Çözäýmek galdy.
Ýazyjy-ha bolduk—
Ýazaýmak galdy.
Garagumuň Luw ýyly (1928)
Ak çägäniň üstünde
Asman sepýär nuruny...
Ýazyň ortaky aýy,
Garagumuň Luw ýyly.
Ýerden çaňap göterilen
Ak ýagyşyň buguny
Synlap, çarwalar diýýär:
—Hoş gelipsiň, Luw ýyly!
Boz jerenli, börüli,
Ak takyrly, alaly
Giň sähra suwa düşýär
Garagumuň Luw ýyly.
Şeýdip beýik Çölüstan
Görke gelen mahaly,
Gök gübürdäp, depede
Gutlanynda säheri.
Ýerbendiň san-sajaksyz
Oýlarynyň birinde,
Çola obaň çetinde,
Gara öýüň töründe,
Doglanyňy duýduryp
Jägildediň gaýgyly...
Ýazyň ortaky aýy.
Garagumuň Luw ýyly.
Ömre minnetdarlyk
Ýigit çagy Ýigriminji asyryň
Bu owadan dünýä gelen badyma,
Üstümden sepipsiň baharyň nuryn,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ýüzlerine sylyp çarwa gelinler,
Aýyň nury ýaly bileklerinde
Hüwdüläp-hüwdüläp ukladypdyrlar.
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Gije ýagyş ýuwan gök ýylaklaryň
Tohum edip sepdim monjuklaryňy.
Gök baharyň gübürdisin diňledim,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ejemi horlaman süýtden aýryldym,
Kakamy ýadatman egninden düşdüm,
Dostlar bilen söhbet açdym, gülüşdim,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Guýulardan guýa göçüp ýaşadym,
Sähraň özi ýaly açyk ýaşadym.
Ine-gana gezdim diňlemän böwrüm,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ak adamy garalajak bolmadym,
Beýgeljek bolmadym ili peseldip.
Takdyr halas etdi beýle keselden,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Yssyda gaýnadym, aýazda boldum,
Aýakda boldum — agyzda boldum,
Ownuk gep-gürrüňden alysda boldum—
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Egnimiň üstünde gerip ganatyn,
Ak guşlaryň çawuş çakan halatyn,
Şindem ýatlap ýörün haýran galyplar,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Goşa ogul berdiň tüýs gerek wagty,
Kalbym kanagatly,
Içerim ýagty.
Sakgalym gojaňky,
Çagaňky göwnüm—
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Öz gözlerim bilen syn edýän Dünýä,
Özgäniň gözünden peýdalanamok.
Oýlanamok kişiň beýnisi bilen,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Meniň gerdenimde göteren ýüküm,
Gursagymda çöken azabym, jebrim...
Aý, hawa...
Geçeniň geçdigi bolsun,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Özünden soraýan:
—Be, senem barmyň?
Özüm jogap berýän:
—Hawa, sag-gurgun.
Diýmek, birneme zat görüpsiň eýýäm.
Bolubilýär.
Dowam ediber, Ömrüm!
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Damja dama-dama köle öwrülip,
Yzlar — ýoda,
Ýoda — ýola öwrülip,
Oglanlar gyz är-aýala öwrülip—
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Owazlar goşulyp öwrülýär saza,
Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza,
Ömür köne,
Emma ykballar täze —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Sen gyza bakýarsyň,
Gyz bolsa — saňa.
Ýöne entek söýgi diýlenok muňa,
Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Ýeli, suwy adam öwürýär güýje,
Ýaz — tohum sepilýä
Güýzem — netije —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl,
Durmuş näme?
Durmuş — jogap däl —
Sowal.
Günäň garşysyna döräpdir zowal —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Ýamana haý diýip,
Ýagşyny aýap,
Biz kemal tapýarys çeksek-de azap,
Bir zady ýumursa,
Bir zady ýasap —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman,
Kesel köpelensoň döräpdir Lukman.
Bizi howlukdyryp,
Özi howlukman —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Adam
Täzeçe bir many aldy köp zatlar,
Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy.
Bir ömürde meniň gören gudratym:
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Adam adama dost diýlen sözlere
Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi,
Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly,
Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy.
Dogry, şindem onuň şol öňki ady,
Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi.
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Ol juda kän zada akyl ýetirip,
Öz-özünden başga bir syry açdy...
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Baýaky aý, ýyllar sogup barşyna
Zamana täze bir akyma geçdi.
Bähbitlisi bolsun — aýdylyşy ýaly —
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Köneleriň aýdymy
Eliň-gözüň dert görmesin, ylaýym,
Öýüň abat bolsun, söýäň berk bolsun.
Ýylgyryp gez, ýykylmasyn raýyň,
Söýdügiň — çyn, ýigrendigiň galp bolsun.
Ak süýt emýän ak bäbegim — begenjim,
Guly bolma hergiz hazynaň-genjiň.
Pähim bilen paýhas bolsun ynanjyň,
Bilde kuwwat, goşaryňda gurp bolsun.
Çäkli ömrüň her gününi hasap et,
Her bir işe baş goş, ýöne ynsap et,
Eý, ezizim, ýüregiňde sahawat,
Gözüňde nur, elleriňde erk bolsun.
Ter ýylagy çowlanmasyn epgegiň,
Aýazlarda awamasyn kükregiň,
Kän jepalar çeken bu boz topragyň
Ýazyň elwan güllerine gark bolsun.
Gardaşyň gözüňden bolmasyn gaýyp,
Ak ýar duşsun mertebäňe ylaýyk,
Hanja kowsaň eňip ýören halaýyk
Taplansyn-da, bir buýsançly halk bolsun.
Könebiçim goşgular
Arzym hasyl bolarmy — ýok —
Kim bilip dur,
Belkäm, bolsun.
Ilki bilen diýjek zadym:
Ykbal seni ýalkan bolsun!
Diňe bahar däldir Durmuş,
Synar seni aýazly gyş,
Pese düşme, beýge dyrmaş,
Tutan şahaň mäkäm bolsun!
Bolsun dosta ygtybaryň,
Saýa salsyn eken bagyň.
Ejizlejek bolan çagyň
Daýanara arkaň bolsun!
Basjak ýerňe bakyp siňe,
Git, özüňi ýeňe-ýeňe,
Sen iliňe, iliň — saňa
Elmydama derkar bolsun!
Kem bolmasyn sahawadyň,
Ýaýrap gitsin şahalaryň.
Ahyr gözi ýumjak ýeriň
Şu göz açan ülkäň bolsun!
Güýz
Gum-gukluk bar, başga zat ýok,
Ak derekleň arasynda
Janly zatdan men ýeke-täk,
Ak derekleň arasynda.
Synlap durup, ylla, däli
Ýaprak basan inçe ýoly,
Gezmeleýär güýz şemaly,
Ak derekleň arasynda.
Dymýar ýoda... dymýar howa...
Ne guşlar bar, ne-de owaz.
Humar göwnüm urýar perwaz,
Ak derekleň arasynda.
Bakýan Köne ýola bakýan,
Biri geljek ýaly hökman,
Yz-yzyna çilim çekýän
Ak derekleň arasynda.
Ýatlamalar kalby gyýýar,
Ýürek aglamaga taýýar...
Agyr geçen ýaşlygym bar
Ak derekleň arasynda.
Bu ömrümde işim düşdi köplere
Bu ömrümde işim düşdi köplere.
Salam saldym,
Haýyş bilen ýüzlendim.
Adamlara bagly bolmadyk bolsam,
Belki, olaň gadyryn hem bilmezdim.
Adamlar!
Men Sizi alkyşlaýaryn,
Men Size badagly — mysal kerep.
Şatlygymy paýlaşmaga gerek siz,
Hesretim egsere has beter gerek.
Salamlaşýas köçelerde sataşyp,
El-eli gysanda, ýylaýar ýürek.
Ýola düşsem, ugratmaga gerek Siz,
Ýoldan sowa düşsem, has beter gerek.
Sarpasyn saklasyn adam adamyň,
Galany hiç, galan zatlar biderek.
Dirilikde daýanmaga gerek Siz.
Ölen günüm bolsa has beter gerek!
Ýönekeý hakykat
Bu eýýamda saňa beýik diýmezler
Dagyň depesine çykanyň bilen.
Ynanyň, şahyram bolup bolanok,
Diňe bir edebi lakamyň bilen.
Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy,
Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy.
Il-gün saňa bermez pälwan adyny,
Özüňden ejizi ýykanyň bilen.
Dag däl-dä — bolmasa, dag göwresem bar,
Bagşy däl-dä — ýogsam ýetik sesem bar,
Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý,
Guwdurap bihada bökeniň bilen.
Ullakan däl zady ulaldyp bolmaz,
Aýdan-günden bölüp ýyl edip bolmaz.
Il-günüň göwresin ýyladyp bolmaz,
Ýol üstünde tezek ýakanyň bilen.
Daş depäňe gaçar ýokaryk atsaň,
Yzyňa göz aýla, öňe-de gitseň.
Kerwenbaşy bolmaz ahyr her keseden,
Boýnuna näçe jaň dakanyň bilen.
Bir agsagyň ile bildermez süri,
Çopan çaşy bolsa — şol ýaman ýeri.
Şunça yhlas edip dökseňem deri —
Depizde zat bitmez ekeniň bilen.
Öwüt
Gelnim, saňa diýýän —
Gyzym, sen düşün.
Isleseň, ýaşynma,
Isleseň, ýaşyn.
Däbem däpdir welin.
Öz işiň bular.
Agzyň ýaşmaksyzam
Sylamak bolar.
Wepaly boljak bol,
Baran öýüňe.
Gussasyny çekiş,
Goşul toýuna.
Ol öý sowuk bolsa,
Ýylatjak bolgun.
Ol öý kiçi bolsa,
Ulaltjak bolgun.
Gelin diýen gelin
Bolsa akylly,
Tutuş öýe siňer
Onuň ýakymy.
Gelin diýen gelin
Bolanda haýýar,
Çagaň üsti bilen
Ärine gargar.
Sen hyzmatkär dälsiň,
Gaýyn hökümdar.
Gaýyn bimamlamy —
Geple, hakyň bar.
Abraý diýen zady
Aýagyn, gyzym.
Düşümli bolsun-da
Aýagyň, gyzym!
Göwnüm açýan gözel görnüş
Göwnüm açýan gözel görnüş
Dagdan-düzden aýrylmasyn.
Uly-kiçi edilýän iş
Antdan-sözden aýrylmasyn.
Binamyslyk eden ýerim,
Ýuwsun ony maňlaý derim.
Utanç bilen haýa-şerim,
Hernä ýüzden aýrylmasyn.
Nurlandyryp berlen bagty,
Aý-gün saçyp dursun ýagty.
Ata-ene aýny wagty,
Ogul-gyzdan aýrylmasyn.
Başymyzda — dünýäň işi,
Aýnatmaly akyl-huşy.
Ynsanlygyň mähek daşy —
Ynsap bizden aýrylmasyn.
Magtymguly
Näçe uzaklardan görenem bolsaň,
Bu günlere gözüň ýetäýdimikän?
Zada haýran galynmaýan asyrda
Saňa haýran galýar goşgyňy okan.
Beýik diýseň beýikdenem ýokarda,
Danadanam on esseräk dana sen,
Öz soragyň bilen sorag bereýin:
Aýt, bu zatlardan başga NÄME SEN?
Iki ýarym asyr ýaşan halyňa,
Şeýle döwrebap sen, şeýle täze sen,
Garaňky geçmişiň parlak ýyldyzy,
Zeminmiň sen, asmanmyň sen, NÄME SEN?
Entek-enteklerem soňuna çenli
Okalmadyk parasatly nama sen.
Muny bilýäs, hawa, muny bilýäris,
Zeminmiň sen, asmanmyň sen, NÄME SEN?
Öz diline eýe eden Ezizim,
Seni okap duýdum sözüň güýjüni.
Hasar bilen Sünt dagynyň üstünde
Görüpsiň sen dünýäniň dört künjüni.
Goşgularyň gudratyna meýmiräp,
Şeýleräjik bolandygyna ynanýan.
Agyr günde seni arka edinsem,
Aljyramda ýene saňa daýanýan.
Dag-u-derýalary dogran tebigat,
Sag bol, Pyragyny bagyşlanyňa.
Sag bol, şeýdip, bu gadymy topragy,
Bu buýsançly halky alkyşlanyňa!
Ýarymlar
Näme bolsa — doly bolsun,
Ýadadym men ýarym zatdan.
Ýarym salawmaleýkimden,
Ýarym gepden, ýarym antdan.
Ýarym salawmaleýkimden,
Ýarym gadyr, ýarym hormat...
Ýok, ýok! Ýa-ha gowy bolsun,
Goý, ýogsa-da bolsun erbet!
Içýakgynjy — aralygy,
Ne hamyrly, ne-de petir.
Bal bolmasa, awy bolsun,
Ýöne özi bolsun bitin.
Ynanjakmy! — ýarymçyk däl —
Durkum bilen ynanaýyn.
Ýarym dostly bolanymdan,
Bitin duşman gazanaýyn.
Ýarym gulluk, ýarym aýlyk...
Kimkä muny oýlap tapan?
Ýarym alym bolanymdan
Goý, bolaýyn doly çopan.
Ajygýaňmy — gyzyl aç bol,
Doýjakmy — doý doýan ýaly.
Ýarymdanam gep bolarmy,
Bitaý köwüş geýen ýaly.
Daş et, ykbal, gora ykbal
Meni ýarym bagşylykdan.
Bitinje bir ýamanlyk ber —
Geçdim ýarym ýagşylykdan!
Süýjüdenem, ajydanam
Bitin bolsun herne paýym,
Ömri-hä däl, ölümi-de
Ýarym etme, eý Hudaýym!
Kän arzuwlar hasyl bolýar ir-u-giç
Kän arzuwlar hasyl bolýar ir-u-giç,
Bu ýerde zerur zat yhlasdyr sabyr.
Ýaşlyga bakan barýar aý-günler,
Geler mundanam bir has gowy döwür,
Aman, muny ýa görerin, ýa görmen.
Geň görerler gökden düşen adam dek,
Kim berjaý etmese berlen wadany.
Şeýle döwür geler ynanýaryn men,
Gözläp tapmaly bor haramzadany.
Arman, muny ýa görerin, ýa görmen.
Diňe öz ýerine geçer bikemal,
Mynasyp ornunda oturar dana.
Adamlar bir sözli, bir ýüzli bolar,
Şeýle boljagyna ynanýan, ýöne...
Arman, muny ýa görerin, ýa görmen.
Belende pes diýmek, peslik saýylar,
Göriplik diýlen zat görüler aýyp.
Adam adamyny kiçiltjek bolmaz,
Meselem, pylany pylanmyş diýip,
Arman, muny ýa görner, ýa görmen.
Ýasama pul ýaly ret ediler,
Ýasama dostlukdyr ýalan sahawat.
Ynanýaryn: zibilhana taşlanar,
Külke gybat bilen pöwhe mahabat,
Arman, muny ýa görerin, ýa görmen.
Gyş düşer, ýaz çykar şindiki ýaly,
Ak patrak boluplar erikler güllär.
Muňa juda meňzäp duran çowlugym
Kän-kän eller degen kitabym ellär.
Arman, ony ýa görerin, ýa görmen.
Köçämizde düýnki doglan gyzjagaz
Köçämizden gelin bolup geçende,
Ynanýaryn, bet pällisi az bolar,
Kesesinden syn edýänleň içinde.
Arman, muny ýa görerin, ýa görmen.
Deňlik gowy,
Ýöne has-da gelşikli:
Erkek erkek bolsa,
Aýalam aýal.
Är deňine göterilip erkekler,
Özünden öňürti gyz-gelni aýar.
Arman, muny ýa görerin, ýa görmerin.
Göwher düşse düşer aýak astyna,
Ýöne, göze iler, ýatmaz ol ýerde.
Biten ýerinde-de güliň gadyry
Bu gün bilinmese, biliner erte,
Arman, muny ýa görerin, ýa görmen.
Işim ugruna däl diýip nalama
Işim ugruna däl diýip nalama
Ugruna bolsun-da diýip, tama et.
Nalamakdan peýda tapan adam ýok,
Goý, umydyň bersin saňa hemaýat.
Bagtlynyň gününe görüplik etme,
Hemmäň bagty çüwsün diýip, tama et.
Ýüzüňi ýagta tut,
Päliňi ýagşa,
Ak niýetiň bersin saňa hemaýat.
Biri saňa töhmet atsa — özüniň
Şol töhmete uçramagyn tama et.
Şondan başga zat isleme,
Bolany
Sen-ä sag bol,
Bolsun olam salamat.
Guzy dogdy
Guzy dogdy.
Ene goýun ynjaldy.
Bu ýerde hiç täzelik ýok, geňlik ýok.
Biz durmuşda gowy görýäs deňligi,
Ýöne tebigatda beýle deňlik ýok.
Guzy guzy ýaly,
Yraň atyp dur,
Gözleri gamaşýar sähraň gününe.
Ýöne welin, ýyldyrap dur endamy
Misli tylla sepilipdir tenine.
Ol, elbetde, göze ildi bada-bat,
Ol guza dikildi hemmeleň gözi.
Gijäň göze dürtme tümlüginde-de,
Lowurdap ýanyp dur üýtgeşik guzy.
Görjek bolup onuňky dek öwüşgin
Guzularyna göz aýlaýar eneler.
Garaňky ýatakda bolsa nur saçýar,
Ala-böle ýaradylan janawer.
Ine şonda gördi töwerek-daşdan
Özüne ýigrençli garaýan gözi.
Şeýdip göriplige sebäp bolanyn
Näbilsin bigünä, üýtgeşik guzy.
Enesi dogurdy, gökden gaçmady,
Ýok, bu ýerde üýtgeşik bir geňlik ýok.
Özgelerem indi şo boljak bolýar,
Ýöne nätjek tebigatda deňlik.
Hiç neneň däl adam
Sermest bahar gelip baglar güllände,
Men ondan soradym:
—Taplaryň niçik?
—Hiç neneň däl, ganymatdyr — diýdi ol.
Özge zat diýmedi açykdan-açyk.
Ot-ýalynly tomsuň tüp yssysynda
Men ondan soradym:
—Hallaryň niçik?
—Hiç neneň däl — diýip, jogap berdi ol.
Başga zat diýmedi açykdan-açyk.
Ýapraklar saralyp güýze düşen çagy
Men ondan soradym:
—Ýagdaýlar niçik?
—Hiç neneň däl — diýip, jogap berdi ol.
Ýöne pyşgyrmady açykdan-açyk.
Aýazly gyş geldi çarhlap dişini,
Men ondan soradym:
—Hal-ahwal niçik?
—Hiç neneň däl — diýip, jogap berdi ol.
Ýöne zat diýmedi açykdan-açyk.
Düşünip bilmedim hiç neneň däle,
Bu sözden çykaryp bilmedim many.
Ýöne dile geldi durdy bu sözler,
Ýada salan wagtym ýaňky bendäni.
Birden gürüm-jürüm boldy ol adam,
Yzynda ne gürrüň galdy, ne gybat.
Bir men käte öz içimi gepledýän:
Niredekä hiç neneň däl, ganymat?
Kerim şahyr
Kerim şahyr!
Bu gün altmyş ýaşyňy
Döwletli öýüňde bellemelidik.
Güýzüň bu agşamyn elmize alyp,
Gaşyňda oturup güllemelidik.
Başymyzy aşak salyp otyrys,
Aramyzda sen ýok,
Sen örän daşda.
Günämiz ýok ýere müýnürgeýäris,
Günämiz bar bolsa... onam bagyşla!
Günäkär dünýäde bigünälini
Tapmagam kynmyka diýýän aslynda.
Beletsiň-le nädip ýaşalýanlygyna,
Bu jepasy ýetik Ýeriň üstünde.
Özünden bir gez hem beýgelip bilmän,
Galýar adam diňe adamlygyna.
Ökünenok sanalgysy dolýança,
Juda aýyp ädimler ädenligine.
Mümkin, soňky demde ökünýändirem,
Mümkin ökünýändir. Ýöne welin giç.
Adam adamlardan gizlin ýaşaýar
Ömrüniň iň soňky demine deňiç.
Garaz, täze zat ýok öňki-öňkülik.
Şol ozalky heňňam,
Şol öňki akym.
Gözüň bilen görüp gidişiň ýaly, —
Gyt zat şindem ynsap,
Bol zadam akyl.
Sen telefon sesem ýeter ýerde däl,
Dostum!
Kerim dostum!
Sen iňňän daşda.
Bizden göwne alan zadyň bar bolsa,
Taňrynyň haky, üçin, şony bagyşla!
Öňler öýsüzlikden özelenerdiň
(Gurbanýaz Daşgynow)
Öňler öýsüzlikden özelenerdiň,
Şükür, indi tünegiň bar, tünegiň.
Indi lezzeti-de ap-aýrydyr-la,
Gök çaýyň başynda edýän pinegiň.
Aratjanyň bolsa palaw bişirer
Künjiniň ýagyny gazyň oduna.
Bir ýanyňda ogluň, birinde gyzyň,
Beýle döwlet düşüpmidi ýadyňa?
Ýalançyda başga näme kemiň bar —
Ýöne iňňirdejek bolýaň-la ballym?
Türkmeniň sözüniň gadryny bilýän
Nowruz gary ýaly arassa dilim!
Durmuşyň şindiki dolulygynda
Durmuşdan nalamak külli günädir.
Sebäbi, bu zeýrenjiňe degmeýän
Soňy pakja bäş günlüjek dünýädir:
Saňa göwni ýetmeýänleň köpüsi
Özüňem bilýänsiň, özüňden pesdir.
Ýetimligi ýeňip, hossar çykaňsoň,
Dostları ilə paylaş: |