ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00
Köp halklaryň medeniýetinde alkogol içgileriň kadaly kabul edilmeginiň däp bolup galmagy,
onuň täsiri bilen bedeniň zäherlenmesiniň has ýygy düş gelmeginiň sebäbi bolup durýandyr. Bu
zäherlenmäniň saglyga ýaramaz täsir edip, ençeme dowamly gaýraüzülmelere getirip bilme
howpy, oňa mahsus bolan alamatlary anyklamaga we ilkinji kömegiň berliş usullaryny bilmäge
bolan talaby ýüze çykarýandyr.
Derman senagaty alkogol zäherlenmesiniň bejergisi üçin netijeli bolup biljek dermanlaryň dürli
görnüşini öndürýär. Ýöne zerur bolan wagtynda olaryň elýeterli bolmazlygy hem mümkindir.
Şonuň üçin, elýeterli serişdelerden we usullardan peýdalanyp, öý şertlerinde ilkinji kömegiň
berlişini bilmek wajypdyr.
Alkogol zäherlenmesine mahsus bolan alamatlar
Alkogol zäjerlendiriji möçberde kabul edilenden soň, narkotik serişdesi höküminde döredýän
keýpliligi düýma duýgusy çalt gecýär we zäherlenmäniň netijeleri ýüze çykyp başlaýar. Onuň
birinji tapgyry şu aşakdaky alamatlar bilen kegitlenilýär:
► Ele ýelmeşýän der;
► Adamyň ýüzüniň we gözüniň gyzarmagy;
► Gaýtarmak;
► Arterial we kelle gan basyşynyň ýokarlanmagy.
1 / 5
ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00
Ýarawsyzyň ýagdaýy barha beterleşip:
♦ Dem alşyn bozulmagy zerarly göz göreji giňelýär;
♦ Kislorod yetmezçiliginiň alamaty höküminde dodaklaryň gögermegi ýüze çykýar;
♦ Damar urgusy ýokarlanyp başlaýar;
♦ Gan basyşy peselýär;
♦ Ýüregiň işleýşiniň bozulmalary ýüze çykyp başlaýar;
♦ Gaýtarma netijesinde iýmit galyndylaryň dem alyş ýollaryna düşmegi sebäpli, köplenç
bogulma ýüze çykýp biler.
Dem alyşyň durmagy we ýüregiň işiniň bozulmagy zerarly, ölüm ýagdaýy ýüze çykyp
biler.
Ilkinji kömegiň berliş aýratynlyklary
Lukmanlar gelmezden öň, alkogol bilen žaherlenen adamyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek
maksady bilen, ilkinji kömege degişli edilýän ähli çäreleri geçirmek zerurdyr:
► Ilkinji zerur geçirmeli çäre – alkogolyň gana düşmegini duruzmakdyr. Onuň üçin adamyň
gaýtarmagyny gazanmalydyr. Bu maksat üçin kaliý permanganatynyň erginini (margansowka)
ulanyp bolar. Birnjiden, margansowka ergini aşgazanyň nemli bardasyna berkidiji täsirini ýetirse,
2 / 5
ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00
ikinjiden, ol gaýtarmak refleksini ýüze çykarýandyr.
► Alkogolyň galyndysyny aýyrmaga enterosorbentler, meselem, işjeňleşdirilen kömrüň
ulanylmagy kömek edip biler. Kömür beden agramynyň her 10 kg-na 1000 mg. mukdarda
berilýär. Öýdäki derman gutuda saklanmaga maslahat berilýän polifepan ýa-da polisorb has
hem netijeli täsir edýär.
► Aşgazan arassalanylandan son, 20-30 gram mukdarda natriniň sulfatyny kabul etmek hem
peýdaly bolup biler.
► Näsaga duz garylan suwy içmeklik maslahat berilýär. (1 litr suwa 4-6 çay çemçesi
möçberde duz goşmaly).
► Alkogol zäherlenmesiniň ýeňil görnüşlerinde kelle agyryny gowşadýan agyrsyzlandyryjy
serişdelerden peýdalanyp bejergi bermek bolýar.
(parasetamoldan peýdalanmak
gadagan!)
► Bedende madda çalşygyny güýçlendirmek üçin askorbin, limon ýa-da ýantar turşusyndan
peýdalanylýar. Bu dermanlar, esasanda ýantar turşusy alkogol zäherlenmesiniň alamatlaryny
çalt aýyrýandyr.
► Alkogol zäherlenmesi netijesinde üşütmäniň ýüze çykmagy sebäpli, syrkawy ýylatmak üçin
gerekli bolan çäreleri görmek zerurdyr. Onuň üçin syrkawy gyzgyn zada dolamaklykdan we
grelkanyň (içi suwly rezin haltajyk) kömegi arkaly ýylatmakdan peýdalanylýar.
► Dem alyşy we ýüregiň kadaly işini ýola goýmaklyk üçin zäherlenen adama içgileri beriň:
goýy demlenen narpyz goşulan çaý ýa-da kofe, minerallaşdyrylan suw. Içgiler zeper ýeten
adamyň bedeninde toplanan zäherleri çalt çykarmaga kömek eder.
Ýokarda häsiýetlendirilip geçilen howply ýagdaýdan başga-da, baýramçylyk günleriniň
3 / 5
ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00
şagalaňly oturlyşyklaryndan soň, alkogol içgileriniň ýaramaz täsirini (halk arasynda bu ýagdaý
"pohmelýe"
diýip atlandyrylýar) başdan geçirmeýän ýok bolsa gerek. Bu ýagdaý spirtiň suwsuzlandyryjy
täsiri bilen ýüze çykyp, ý
ü
rek bulanma, kellagyrylar, başyň aýlanmagy ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. Bu
ýagdaý bilen göreşmekligiň köp usullaryny maslahat berip bolar:
♦ Gowy ukyňy alyp turma – iň peýdaly usullaryň biridir. Ukydan turup, gyzgyn suwly duş kabul
ediň we köpräk suw içiň. Nahar iýmäge, ylaýtada, gyzgyn çorbalary we gaýnatmalary kabul
etmäge çalşyň.
♦ Köplere oýandyryjy içgiler bolan kofe, goýy demlenen gara çaý, koka-kola içgisini içme
ýaramly bolup biler. Şonuň ýaly-da, arassa bal bilen pyrtykalyň, tomatyň şiresini garma,
duzlanan hyýar, yogurt, gatyk içme bu alamatlardan dynmaga kömek edip bilýändir.
♦ Biraz duz sepip ter pomidory iýiň.
♦ Bir çig ýumurtgany gowy edip garyň we oňa 1 çaý çemçe sirke, duz, burç goşup bir gezekde
içiň.
♦ Derman serişdelerinden, bu maksat üçin ýörite niýetlenen Alko-Zeltser, Antipohmelin,
Alko-Prim serişdelerini kabul edip bolar. Bu alamatlardan dynmaga eredilýän aspirin, sitramon
serişdeleri hem netijeli kömek edip bilýändir. Şagalaňly gijeden soň, kömrüň 6-8 gerdejigini,
no-şpanyň 2 we aspiriniň 1 gerdejigini kabul etme size alkogolyň täsirinden dynmaga kömek
eder. Bu maksat üçin Askofen, Kofisil-Plýus serişdeleri hem ulanylýandyr.
♦ Agyzdan gelýän ysy aýyrmak üçin B6 witamininiň 2 ampulasyny ýarym stakan suwa garyp
birden içmelidir.
Alkogolyň ýaramaz täsirini azaltmak we onuň bilen zäherlenme alamatlaryndan dynmak üçin
birnäçe usullary sanap geçip bolar:
4 / 5
ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00
► Öň bellenişi ýaly, kömrüň gerdejikleri alkogoly sorup alyp, onuň gana düşmeginiň öňüni
alýarlar. Aragyň birinji bulguruny kabul etmezden 10-15 minut öň onuň 2-4 gerdejigini kabul
ediň. Soňra her 1 sagatdan 2 gerdejigi kabul ediň. Almagel serişdesi hem edil şeýle täsirli bolup,
ony alkogoly içmezden 15 minut öň, 2-3 çemçeden kabul etme maslahat berilýär. Bu mukdary
her ýarym sagatdan içseňiz, siz asla serhoşlyk ýagdaýa uçuramaýarsyňyz.
► Alkogol içgileri içmezden öň süýdüň 1 stakanyny kabul ediň.
► Içgileri kabul etmezden ýarym-bir sagat öň ýarmaly, greçkaly, süleli bulamaklary iýseňiz, siz
asla-da serhoş bolmarsyňyz.
Alkogol içgileriniň bedene ýetirýän ýaramaz täsirinden dynmagyň dürli usullary elýeterli
bolsa-da, olary kabul etmekden saklanmagyň ýa-da belli bir çäkliligi saklamagyň möhümdigini
belläsimiz gelýär.
5 / 5
Dostları ilə paylaş: |