Annaberdi Agabaýewiň ömri we döredijiligi
(1938)
Terjimehal maglumatlar. Türkmen edebiýaynda özüni zehinli şahyr, terjimeçi, kämil edebiýatçy hem publisist, tejribeli dramaturg hem žurnalist hökmünde tanadan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Annaberdi Agabaýew Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dogulýar. Ol Aşgabadyň 20-nji orta mekdebi tamamlaýar.
Şahyr Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ol uniwersitetde okaýan döwründe öz goşgulary bilen metbugatda çykyş edip başlaýar, habarlardyr makalalar ýazmagyny dowam etdirýär.
Okuwyny tamamlap, „Komsomoles Turkmenistana― gazetinde ilki edebi işgär, soňra baş redaktor wezipelerinde işleýär. Şondan soň „Ýaş kommunist― gazetiniň baş redaktorlygyna bellenilýär.
A.Agabaýew dürli ýyllarda Moskwada Bütinsoýuz Ýaşlar guramasynyň Merkezi Komitetinde, „Literaturnaýa gazetanyň― redaksiýasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde zähmet çekýär, Türkmenistanyň Telewideniýe we radio-gepleşikler baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň baslygy, Daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen medepi aragatnaşygy amala aşyrýan „Watan― jemgyýetiniň başlygy, „Türkmen dünýäsi― gazetiniň baş redaktory ýaly ýolbaşçy wezipelerde işleýär.
Häzir A. Agabaýew «Türkmenistan» gazetiniň bölüm müdiri.
A. Agabaýewe şahyrana eserleri üçin Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda goýlan «Bir görlen tanyş» pýesasy üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berildi.
A. Agabaýew «Galkynyş» ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medailary bilen sylaglandy. OI «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly atlara mynasyp boldy.
Döredijilik häsiýetnamasy. A.Agabaýewiň ilkinji goşgusy 1958-nji ýylda metbugatda çap edilýär. Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda ol döwrüň sesine ses goşýan, umumy adamzat meselelermi gozgaýan, hyjuw dyňzap duran goşgulary bilen şygryýet muşdaklaryna giňden tanalýar.
...Sowulyň bombalar, sowulyň niller,
Äleme ýaň salyp, toý ediň iller!
Dogjak çaga hakda ýüwürdip hyýal,
Ýer ýüzünden barýar göwreli aýal!
Sahyryň «Göwreli eneler» goşgusyndan alnan bu setirler geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryrıda ýaş poeziýarnyzyň ösüşiniň mysaly hökmünde dilden-dile geçdi. Bu setirlerdäki ynsanperwerlik, parahatçylyk, watansöýüjilik pilkirleri şahyryň beýleki köp şygyrlaryna-da mahsus alamatlardyr.
A.Agabaýewiň ilkinji goşgular ýygyndysy „Epgek― ady bilen 1969-njy ýylda neşir edilýär. Soňra şahyryň «Oswensim owazlary», «Sorag alamaty», “Jahankeşde», «Günleriň bir güni», «Çalsana, bagy», «Söz bilen göz», “Durmuşyň durnalary», «Mizan», «Türkmen derwezesi» goşgular we poemalar kitaplary, «Saýlanan eserleri» okyjylara gowuşýar.
A.Agabaýew poemalarynda adamzat taryhynyň, döwrüň iň wajyp meselelerine ýüzlenýär. Şahyryň «Oswensim owazlary» poemasy 1964-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edildi. Bu şol döwür üçin edebi hadysa boldy.
Seýil edip giň jahanyň ýüzüni,
Müňläp-müňläp harabany gördüm men.
Sol harabaň keseklerniň hersinde
Dyňzap duran gara gany gördüm men...
Adamlar gezip ýör ganyň üstünde,
Şäherler gurup ýör ganyň üstünde.
Tikip ýör, egrip ýör ganyň üstünde,
Söýüp ýör, dogrup ýör ganyň üstünde.
Iýip ýör, içip ýör ganyň üstünde,
Ýüzüp ýör, uçup ýör ganyň üstünde...
Ikinji jahan urşy döwründe faşistler tarapyndan Polşada bina edilen Oswensim konslagerinde millionlarça adamlaryň zalymlyk bilen jezalandyrylyşy, krematoriýalarda gaz bilen zäherlenilip, ýakylyp öldürilişi, külüniň dökün üçin ekin meýdanlaryna alnyp gidilişi, ýakylmazyndan öň olaryň saçlarynyň, egin-eşikleriniň senagat önümçiligi üçin alnyşy, olaryň alnyp gidilip ýetişilmedikleriniň häzirki wagtda muzeý eksponaty hökmünde şol ýerde aýratyn ammarlarda saklanylyşy barada gürrüň berýän bu poemany okanyňda iniň tikenekleýär. Faşizmiň adamzada getiren betbagtçylyklary özüniň ähli elhençligi bilen göz öňünde ör-boýuna galýar.
Poemanyň beýan edilişi hem özboluşly. Onuň «Saçlar gürleýär» bölüminde konslageriň ammarlaryndaky saçlary (meleje, humaý, ak saçlary) gepledip, öz pikirlerini olaryň üsti bilen berýär:
Meleje saç:
Ejem meni akja gulply legende
Pöwhülledip her gün sawa düşirdi.
Köçä çyksak, göz deger diýp gabanyp,
Ýaglyk ýapyp, al-arwahdan ýasyrdy.
Uzak gije gujagynda ýatyryp,
Sypalardy,
tow bererdi,
oýnardy.
Ertir turup, mekdebime gidemde,
Darap-darap, atyr sepip gaýbärdi...
Humaý saç:
Deňze girip, tolkun içre ýaýylsam,
Ýoldan geçen durup-durup garardy.
Suwdan çyksam, aýal bary üýşüşip,
-Özüňkimi şu saç? -diýip sorardy...
Ak saç:
Institutda studentlem galdy meň,
Kitaplarym hem depderlem galdy meň.
Işlenmedik formulalam galdy meň,
Neresselem, görgülilem galdy meň...
Şahyr eserde «Böwenjik» türkmen halk ertekismden döredijilikli peýdalanýar. Poemanyň «Peç ýakýanlaň aýdymy» bölümi şeýle setirler bilen balanýar:
-Haýl Gitler! -Haýl!
Biz -Ezraýyl!
Ýetmiş ýaşan babany ýakdyk,
Düýn doglan çagany ýakdyk,
Men diýen ärleri ýakdyk,
Ol näzenin-hüýrleri ýakdyk,
Seni ýakmak nämemiş?!
Londonly şofýory ýakdyk,
Krakowly montýory ýakdyk,
Afinaly jahyly ýakdyk,
Aşgabatly şahyry ýakdyk,
Puşkini, Tagory ýakdyk,
Müňläp gelen wagony ýakdyk,
Seni ýakmak nämemiş? !
A.Agabaýewiň eserleri okyjylardan okumyş lygy talap edýär. Sebäbi şahyryň eserlerinde köpler üçin öň görlüp-eşidilmedik ýa-da görlüp-eşidilse-de, ol hakda onçakly ujyply zat bilinmeýän aňlatmalar, düşünjeler, ýer-ýurt, şäher, adam atlary, sözler örän köp gabat gelýär. Hatda dünýäniň haýsydyr bir künj eginde bolup gelen geň-taňlyklar, ylmy açyşlar, arheologik tapyndylar hakda maglumatlardyr formulalar hem bar.
Gördüm Napoleonyň täji-tagtyny,
Içdim Çud kölüniň ajy suwuny.
Çüýräp giden pilçelere syn edip,
Tanadym seljuklaň aýsuluwyny.
Sökdüm Isgenderiň söken çöllerin,
Müňläp leşgerlerin çeken çöllerm.
Gezdim Çingizhanyň geien ýerlerm,
Geldim müň bir hanyň gezen ýerlerm.
ýa-da:
Hem ele hek alyp şol juwanlara
Düşündirsem Eýnşteýniň işlerin..
Şahyryň «Oswensim owazlary» poemasyndan alnan bu setirleri okanyňda, ine, şu zeýilli birtopar sowallar ýüze çykýar. Eger-de okyjy näçe okumyş, giň gözýetimli bolsa, sowallar şonça azalýar, emma okyjynyň bilim-düşünjesi näçe çäkli bolsa, ol sowallar şonça-da köpelýär.
«Oswensim owazlary» antifaşistik poemasy şahyryň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. Poema türkmen metbugatynda çykansoň, kän wagt geçmänkä, rus diline terjime edilýär we Bütinsoýuz radiosynda eşitdirilýär. Soňra Moskwada çykýan «Smena» žurnalynda çap edilýär hem-de žurnalyň baýragyna mynasyp bolýar. Bu poemanyň şeýle abraý getirmegi şahyryň şol temadan «Hatyn daşlary», «Salaspils», «Ýeňşe siňen ýigit hakynda ballada» we beýleki birnäçe eserlerini döretmegine badalga boldy. Şahyryň bu eserleri okyjyda faşizme, urşa garşy gahar-gazap duýgusyny oýarsa, «Arşnama», «Birinji maý deklarasiýasy», «Kontinentara poema», «Prezident Reýgana açyk hat» we beýleki birnäçe poemalary parahat durmuşa, agzybirlige, raýdaşlyga, adalatlylyga çagyryş äheňmde ýazylyp, uruş temasyndan öňki ýazan eserleriniň özboluşly dowamy bolup ýaňlanýar.
Uruş we parahatçylyk meselesi A.Agabaýewiň tutuş döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr özüniň irki goşgularydyr poemalarynda-da, soňky döwürde döreden eserlerinde-de bu tema öwran-öwran ýüzlenýär. Ýöne ol bu meselä hemişe şol bir äheňde däl-de, her gezek täzeçe ýüzlenýär, her gezek oňa şol eseriň ýazylan döwrüniň ruhuny çaýýar. Meselem, şahyryň bu temadan döreden «Abyl we Kabyl ýa-da agzybirlik dogasy» poemasy beýan edilişi, manysy taýdan onuň altmyşynjy -ýetmişmji ýyllarda ýazan antifaşistik poemalaryna meňzemeýär.
Şahyryň owgan urşy barada ýazan «Eýmenç seda» esermde şeýle setirler bar:
Boldum Watan permanyna wepaly,
Netlenen işleriň wysaly boldum.
Sibire ekilen gowaça ýaly
Men uly ýalňyşyň mysaly boldum.
Bu setirler diňe urşa nälet okamak däl, eýsem onuň we durmuşdaky şoňa meňzeş beýleki käbir ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagynyň sebäpleri baradaky düýpli o ýlanmalardyr. Şahyryň altmyşynjy ýyllarda döreden «Sorag alamaty», segseninji ýyllarda döreden «Mekge menzili» poemalary-da şeýle düýpli oýlanmalaryň önümidir. Bu eserleriň birmjisinde Nesiminiň, ikinjismde Magtymgulynyň pelsepewi obrazynyň üsti bilen döwür, dünýä, jemgyýet, adamzat, adalat ýaly düşünjeler dogrusynda töwerekleým pikir ýöredilýär.
Annaberdi Agabaýewiň diňe makalalarynda däl, eýsem onuň şahyrana eserlerinde-de publisistik äheň belent ýaňlanýar. Ol döredijiliginiň irki ýyllaryndan başlap publisistikada galamyny hemişe ezberlik bilen işledip gelen şahyr. Onuň döwrüň sesine ses goşýan, möhüm meseleleri beletlik bilen gozgaýan çeper publisistikasy edebiýatyň bu žanrynyň döwrebap ösüşine goşant boldy. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, baky Bitaraplygyny, türkmen halkynyň täze durmuşyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri uly joşgun bilen wasp edýän şahyrlaryň biridir. Ol Garaşsyz döwletimizde ýa-da dünýäniň haýsydyr bir ýerinde türkmen döwletme, türkmen halkyna dahylly bolup geçýän her bir esasy waka gyzgyny sowamanka ýa-ha goşgy bilen, ýa-da publisistik makala bilen seslenýär. Şahyryň dürli ýyllarda döreden «Türkmenem», «Türkmen mukamy», «Türkmenistan hakynda aýdym», «Täze ýol bilen», «Pariž elleşigi», «BMG-niň baýdaklary», «Ruhy orkestr», «Meniň ýurdum bitarap» we beýleki onlarça goşgulary publisistik eserlerdir.
Şahyr Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň müň günlük senesi mynasybetli «Müň gün» poemasyny ýazdy.
Ol 15-e golaý kitap çykaryp, ýurdumyzyň, şeýle hem GDA döwletleriniň teatrlarynda goýlan ýigrimä ýakyn pýesa ýazdy. Şahyryň ýazan drama eserleri ýurdumyzyıi teatrlarynda goýuldy. Drama eserleriniň birnäçesi «Hindiguş hekaýatlary» ady bilen özbaşdak kitap edilip, okyjylara ýetirildi.
A.Agabaýew dürli ýyllarda Wengriýa, Rumyniýa, Polşa, Liwan, Müsür, Mongoliýa, Yrak, Eýran, Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hindistan, Fransiýa, Päkistan, Saud Arabystany ýaly ençeme ýurtlara, öňki SSSR-iň dürli künjeklerine syýahat etdi. Şahyr bu syýahatlarynyň netijesinde “Ýaraly köçeler», «Mawy Dunaý», «Bagdat ogrusy», “Kliň-liň», “Pariž elleşigi» we beýleki birnäçe goşgularyny, goşgular toplumlaryny, poemalaryny döretdi.
Türkmen kompozitorlary şahyryň goşgularynyň ençemesine saz ýazdylar. Olardan «Tara degse Mylly agaň elleri», «Çalsana, bagşy!», «Älemgoşar», «Meniňki bolsun» ýaly goşgulary aýdyma öwrüldi.
A. Agabaýewiň şahyrana eserleri, esasan, türkmen dilinde, käte rus dilinde dünýä inýär. Ol edebi, tankydy, publisistik makalalaryny türkmen dilindäki neşir üçin türkmençe, rus dilmdäki neşir üçin rusça ýazýar.
A. Agabaýew galamdaş dosty Gurbannazary ýatlap, «Bu daglar», «Dostumyň ýadygärligme», «Nury bilen Gurbannazar», «Kenarsyz köçe» goşgularyny ýazdy. G. Ezizowyň «Güýz» goşgular we poemalar ýygyndysyny çapa taýýarlamaga gatnaşdy, «Serpaý», «Serdarym» kitaplaryny çapa taýýarlady. Seýle hem ol «Ezizowyň emri bilen» kitabyny ýazdy. Ýatlama-publisistik äheňde ýazylan bu itapda G. Ezizowyň ömri, döredijiligi, dostlary, gatnaşyk eden adamlary, edebi garaýyşlary, içki dünýäsi, belent adamkärçiligi barada beletlik bilen söhbet açylýar.
A. Agabaýew S. Ýesenin, G. Weselkow, M. Isakowskiý, Ý. Smelýakow, S. Mihalkow, Ý.Ýewtuşenko ýaly meşhur rus şahyrlarynyň, tatar şahyry M. Jeliliň, awar şahyry R. Gamzatowyň, moldawan şahyry G. Wieruwyň we beýleki halklaryň şahyrlarynyň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi. Şahyryň eserleri rus, moldawan, latyş, täjik dillerinde özbaşdak kitap görnüşinde çap bolup çykdy, azerbaýjan, ukrain, belarus, litwa, gazak, özbek, gyrgyz, çeçen, türk, iňlis, fransuz, ispan, nemes we beýleki halklaryň dillerine terjime edildi.
Dostları ilə paylaş: |