Döredijilik häsiýetnamasy. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy institutyň talybyka „Bahar güli― ady bilen 1963-nji ýylda Aşgabatda neşir edilýär.
Şahyr döredijilik ýolunyň ilkinji ýyllaryndan başlap, şirewüntli şygyrlary, otlukly oçerkleri, maňyzly makalalary bilen okyjylar syrgynynyň söýgüsini gazanýar. Dogduk Diýara, ata ojagydyr ene gujagyna, belent adamkärçilige, erkana zähmete söýgi duýgusyny kemala getirip, köpçüligi ahlak arassalygydyr ruhy päklige çagyrýar. Geljegine umyt beslenýän duýgusy datly, sözi siňňinden hyruçly şahyr hökmünde il hatyralamasyny gazanyp ugraýar.
I.Nuryýewiň «Bahar güli» (1963), «Gündogarly» (1967), «Dokuzyň biri» (1969), «Ýyllar meniň basgançagym» (1970), «Ответ звезды» (1971), «Halasgär» (1975), «Спасибо за соль» (1976), «.Şygyr okap bereýinmi?» (1977), «Ertekiler dünýäsme syýahat» (1977), «Omrümiň bir ýyly» (1979), «Seniň aýdymlaryň» (1979), «Saňa minnetdar» (1980), «Стихи» (1980), «Gadamlaryň owazy» (1983), «Säherim meniň» (1984), «Ýüzbe-ýüz» (1985), «Çapyksuwar» (1988) ýaly ýygyndylary şahyra bakylygy bagyşlap, ony nesildeşleriniň hakyky hemrasyna öwürdi.
Şahyryň çuňňur pikirlenýän, aladaçyl hem duýguçyl liriki gahrymany bar. Şol gahrymany durmuş gatnaşyklarynyň her bir tarapy, adamlaryň ahlak keşpleri, jemgyýetdäki özgerişler juda ýiti täsir edýär.
Şahyryň „Bazara gidemok ençe ýyl bäri― diýip başlanýan goşgusynda liriki gahrymany bazardaky peýdakeýleriň, käbir ýalançy-aldawçy adamlaryň edýän hereketleri ynjalykdan gaçyrýar. Şahyr şol peýdakeşleri ýazgarmak bilen olaryň hakyky keşbini jemgyýetiň ahlak gatnaşyklarynyň fonunda açyp görkezipdir. Adamlaryň birek-birek bilen edýän gatnaşyklarynda hile-pirimiň bolmagy, birek-birege ynamyň gaçmagy bilen şahyryň liriki gahrymany düýbünden ylalaşyp bilenok.
Liriki dahryman halallygy, zähmete bolan söýgini durmuşda фdam bolup ýaşamagyň esasy manysyna öwürýär. Joşgunly hem hysyrdyly zähmet, liriki gahrymanyň pikiriçe, ýaşaýşyň dowam edip durşuny, zamananyň ýürek urgusyny alamatlandyrýar.
Şahyr „Täjikertikler― şygrynda Mary ilinde ady belli ussalaryň çekýän asylly zähmetini şahyrana duýguçyllyk bilen wasp edýär:
Zaryň... Zaryň... Zaryň...
Täji Kertikler
«Dil bitirdi» ýene ýekedabana:
«Daň atdy,
Daň atdy, adamlar, turuň,
Sylyň ýüzüňize Gün dogýar, alla» .
Zaryň... Zaryň... Zaryň...
Posly demire
Jan berlip, ýüzüne çekilýän nagşy,
Ukudan oýanyp her gün ir bile,
Gözi gidip, synlar gadym Mülkbagşy.
Täji Kertikleriň çekýän zähmeti diňe bir obada çekilýän zähmetiň ajaýyp nusgasyna öwrülmän, umumylykda alnanda ol tutuş adamzady halallykda ýaşadýan, durmuşyň dowamlylygyna itergi berýän mukaddes güýç bolan ynsan zähmetiniň simwolyna öwrülýär:
Örüp Mülkbagşynyň kiçisi-ulsy
Güneşi ýüzüne sylýarlar, görüň!
Urup dur,
Urup dur obanyň pulsy:
Zaryň... Zaryň... Zaryň...
Şahyryň liriki gahrymany türkmençiligiň derejesinde pikirlenip, umumy adamzada mahsus ideýalary öňe sürmegi başardy.
I.Nuryýewiň eserleri rus, iňlis, fransuz, bolgar dillerine terjime edildi.