TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň işgäri Nargül Baýramowanyň makalasy esasynda taýýarlandy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýazmyrat Mämmediýew 1930-njy ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dünýä inýär. Ol 1944-nji ýylda obanyň ýediýyllyk mekdebini tamamlap, şol mekdepde mugallym ýetmezçiligi zerarly başlangyç synplary okadýar.
Ol 1949-njy ýylda Marynyň mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlaýar. 1950-nji ýyldan ýediýyllyk mekdepde okuw müdiri bolup işe başlaýar. Ol 1950-nji ýylda Magtymguly adyndaky Turkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girip, 1956-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar.
Gullukdan dolanyp gelensoň, ýene-de oba mekdebinde mugallym, direktor wezipelerinde işleýär. 1964-nji ýylda Turkmen döwlet uniwersitetiniň aspirantıırasyna okuwa girýär. 1967-nji ýyldan uniwersitetde mugallym bolup işe başlaýar. 1970-nji ýylda taryh ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar.
Ýazmyrat Mämmediýewde ýaşlyk ýyllaryndan başlap, çeper edebiýata çuňňur söýgi döreýär. Ol eline düşen çeper eserleri ürç edip okaýar. Soňundan onuň özi-de çeper döredijilige meýil edip ugraýar.
Ýazyjynyň döredijilik ýoly ellinji ýyllaryň ortalaryndan başlaýar. Şu ýyllarda onuň ilkinji ýazan oçerkdir hekaýalary metbugat sahypalarynda peýda bolup ugraýar. Onuň altmyşynjy ýyllaryň başynda çap edilen, Garagum kanalynyň gurluşykçylaryna bagyşlanan «Prorab» atly oçerki awtoryň geljegine uly ynam döredýär.
Ý.Mämmediýew romana girişmezinden öň, «Ene ýüreginiň gürsüldisi», «Ter güller hakda ballada» ýaly powestlerini ýazdy.
Ol 1964-nji ýylda «Ene toprak» atly watançylyk ruhuna beslenen romanyny ýazyp gutarýar. Respublikan edebi bäsleşikde baýraga mynasyp bolan bu eser 1967-nji ýylda çap edilýär. Ata Watana, ene topraga bolan belent söýgi ideýasyny açyp görkezýän bu roman okyjylaryň söýgüli eserleriniň birine öwrülýär. Ol Moskwada rus dilinde-de neşir edilýär.
Ýazyjynyň «Ene toprak» romanynda XX asyryň ýigriminji ýyllarynda türkmen halkynyň basdan geciren ýeňil bolmadyk durmusy hakda söhbet acylýar. Romanda ýaşlaryň birek-birege, mukaddes Watana bolan söýgüleri, arzuw-islegleri, öz maksatlaryna ýetmek üçin edýän aladalary, alyp baran göreşleri, täsirli, özüne cekiji, dartgynly wakalardyr hadysalaryň üsti bilen çeper beýan edilýär.
«Ene toprak» romanynyň esasy gahrymanlary Kerimdir Zybagözel hem dürli pikirdäki adamlar bilen ýakyn gatnasykda bolup, şeýle gapma-garşylyklara gabat gelýärler.
Bähram, Atanyýaz, Nyýazguly, Haltäc ýaly adamlar öz bähbitlerini arap, Kerimiňdir Zybagözeliň päk söýgülerine päsgel berseler, Merdan, Batyr, Baba aga, Çary ýaly adamlar hemişe olara kömek etmäge calysýarlar. Wagtyň geçmegi bilen Kerimiňdir Zybagözeliň ýüzbe-ýüz bolýan wakalary kimiň-kimdigini mese-mälim aýan edýär.
Bet niýetli adamlaryň Kerimdir Zybagözeliň öňünde keserdip goýýan kynçylyklary ýaşlaryň päk söýgülerini sähelçe-de gowşatmaýar.
«Ene toprak» romanynda ene topraga, Wataha bolan söýgi, ýaşlaryň birek-birege bolan söýgüsi bilen utgaşyklylykda örän ceper, özüne çekiji, ynandyryjy yzarlanylýar.
Kerim kämahallar öz söýgiülisi Zybagözel ücin ýurduny-da terk etmäge taýýar bolýar. Watanyň mukaddesligine, ezizligine Kerimem gowy düsünýär. Watan onuň diliniň senasyna, köňlüniň aýdymyna öwrülýär. Esasan-da cagalygyny, ýaşlygyny copancylyk bilen badaşdyran Kerimiň gözlerine çöl diýseň yssy görünýär. Çöl onuň mähriban Watanynyň bir bölegi.
Zybagözeliň mal-garasyny alyp, ýurdy terk etmekçi bolan kakasy Atanyýaz bilen gitmeli boljakdygy ikuçsuz. Bu barada Kerim kän oýlanýar.
Romanyň ahyrynda dost1arynyň kömegi bilen hem-de niçeme jebir-sütemlerden soň Keyim öz Zybagözeline gowuşýar.
Ýazyjynyň „Ene toprak‖ romanynda päk söýgi üçin göreşmek, ene topragyňy söýmek ýaly ideýalar orta atylýar. Bu eser ýaslara söýgi, ahlak, watançylyk terbiýesini hermekde örän gymmatlydyr.
Ýazyjy geçmiş döwrüň wakalaryna Watan, watançylyk meselelerine bagyşlap, üç powest döredýär. Olar 1973-nji ýylda «Ene ýüreginiň gürsüldisi» ady bilen neşir edilýär. Kitabyň adyny göterýän powest hakyky durmuşda bolup geçen wakalara esaslanýar. Ýazyjy eseriň baş gahrymany, geçmişde külpet baryny başyndan geçiren merdana türkmen zenany Gynnanyň obrazyny, durmuşa garaýşyny ösüşde, özgerişde suratlandyrmaga ýykgyn edýär. Ol ilki döwürlerde Nöker baýyň zulumyndan ölüp dynjak bolýar. Emma kem-kemden bu pikirinden el çekýär. Ýaşaýyş üçin, durmuş üçin göreşmegiň zerurlygyna goz ýetirýär. Şeýlelikde, Gynna durmuşa, ýaşaýşa aňly-düşunjeli çemeleşýän, oýlanýan, pikirlenýän, ähli zatdan, çylşyrymly ýagdaýdan çykalga gözleýän gahryman hökmünde göz öňüňde janlanýar.
Ýazmyrat Mämmediýew ýygynda ýerleşdirilen «Ýygyrtlara siňen syrlar» atly powestinde folkloryň däplerinden döredijilikli peýdalanýar. Bu eser sýužetiniň gyzyklylygy, sadalygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Powest folklor eserlerine biçak ýakyn. Çerkezdir Atanyň uly ýylan bilen edýän söweşleri hakda Oguljan ejäniň beryän gürrüňleri hem bu pikirimizi doly tassyklaýar. Emma awtor wakalary suratlandyranda, halk döredijiliginiň çeperçılik tärleriniň çygryndan çykýar. Ol folkloryň däplerini täze, real hakykata bap gelip duran çeper hakykat döretmek üçin peýdalanýar.
Bu powestde ýönekeý, zähmetkeş adamlaryň raýdaşlygy, biri-birine mähremliligi täsirli görkezilýär. Zalym Köpek baý Çerkezi göni ölüme, ýylanyň agzyna iberjek bolýar. Emma ýönekeý adamlar Çerkezin arkasynda durýar. Powestiň gymmaty ýönekeý adamlaryň biri-birine ruhy taýdan yakynlygyny ynandyryjy açyp görkezýänliginde jemlenýär. Ýazyjynyň «Atamyň haja gidişi» atly powestinde Sapargulynyň obadaşlaryny töweregine toplap, galtamanlara garşy edýän göreşleri täsirli görkezilýär. Şol göreşde Sapargulynyň hem onun obadaşlarynyň arly-namyslylyk häsiýetleri gowy açylyp görkezilýär.
Ýazmyrat Mämmediýewiň «Çynar boý alýar» romany Watan ogullarynyň kämil, hakyky şahsyýet derejesine galmak temasyna bagyşlanýar. Şu eser äz döwrüriiň edebýatynda ýörite bu meselä bagyşlanylyp ýazylan eke-täk eserdir.
Romanyň adynyň simwoliki manysy bar. «Çynar boý alýar» diýmegiň manysy sportuň ösüp ugrandygyny aňladýar.
Romanda sport öz-özlügindäki zat däl-de, ol uly ahlak, sosial meseleleriň ýumagyny çözlemäge, tutuş halky, milleti tolgundyrýan probemany gozgamaga hyzmat etdirilýär.
Eseriň gahrymany Arslan has giň, masştablaýyn pikir edýär. Oi oba bedenterbiýe mugallymy boup gelmek bilen, öz iş salyşýan obýektne laýyklykda, umuman, türkmen hakynda, türkmen milletiniň ykbaly hakynda oýlanýar.
Umuman, Y.Mämmediýew eserlerinde Watanyny, halkyny özboluşly millet derejesine ýokary götermek meselesine aýratyn uly üns berýär.
„Şapak― atly iki kitapdan ybarat bolan roman Yazmyrat Mämmediýewiň esasy eseri. Onuň birinji kitaby 1980-nji ýylda, ikinji kitahy 1991-nji ýylda döredildi. Bu roman ýazyjynyň juda köp çorba sowadan eseri. Ol ägirt uly taryhy maglumatlary jikme-jik öwrenmek esasynda dünýä inen roman.
«Şapak» romany tutuşlyyna anyk taryhy maglumatiary, taryhy wakalary çeper suratlandyrýan, tutuşlygyna taryhy maglumatlardan binýady bolan monumental eser. Onda anyk taryhy maglumatlaryň esasynda milli bitewülik, halkyň özbaşdaklyk, erkiniik ugrundaky aýgytly göreşe aýaga galşy çeper suratlandyrylýar.
Roman köp gahrymanly bolup, onda halkyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň keşbi şekiliendirilýär.
«Alp Arslanyň dünýä inmegi» dïýïp atlandyrylan romany ýazyjynyň täze romanydyr. Ol şu tema bilen baglanyşykly birnäçe hekaýalary hem döredip okyjylara hödürledi.